Ï Hepdäniň wakalary: berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hepdäniň wakalary: berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap

view-icon 1584
Oktýabr aýynyň başlanmagy bilen, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Taryh ölçegleri boýunça uzak bolmadyk döwrüň içinde biziň ýurdumyz dünýä syýasy giňişliginde ykdysady taýdan okgunly ösýän we durmuş abadançylygyna eýe bolan, deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açyk döwlet hökmünde mynasyp orun aldy. Muňa geçen hepdäniň wakalary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň şanly senesi mynasybetli görülýän taýýarlyk hem-de bu senä gabatlanylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen täze desgalardaky işleriň ýagdaýy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçen hepdäniň başynda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň gün tertibine girizilen esasy meseleler boldy. Maslahatyň barşynda şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy, ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleriň ilkinji nobatdaky meselelerine, paýtagtymyzyň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipelere garaldy.

Mälim bolşy ýaly, uzakmöhletli geljegi nazara almak bilen, Aşgabady toplumlaýyn ösdürmek meseleleri hemişe milli Liderimiziň üns merkezinde durýar. Şunda innowasion tehnologiýalaryň hem-de ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy türkmen paýtagtyny, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmakda esasy ugurlar bolup durýar.

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta bölegini abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de güýjenmesi 220/110/35/10 kW bolan “Dagly” iri transformator bekedinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz bekediň enjamlaşdyrylyşy hem-de Aşgabadyň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça taslamalar bilen tanşyp, öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň we ýokary netijeli enjamlaryň ölçeglerine gabat gelýän tejribäniň ulanylmagyny ýurdumyzyň energetikleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri hökmünde görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ertesi güni paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda şäheriň zeýkeş- aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň barşyna baha berip, bu ugurlara aýratyn üns berdi.

Milli Liderimiz ýerasty suwlary arassalaýjy beketde oturdylan enjamlar (KOS-300 meýdançasy) we abzallaryň işleýiş usullary bilen tanşyp, bu ýere duzly galyndy suwlary ýygnamak, arassalamak hem-de oba hojalyk ekinlerini suwarmakda gaýtadan peýdalanmak barada görkezme berdi.

Bu toplumda şeýle işleriň ýerine ýetirilmegine 20 — 24 sagat sarp edilýär. Şondan soňra synag seljermeleriniň görkezişi ýaly, suwuň ekerançylykda ulanmak üçin ýaramlydygy kesgitlenilýär. Gyrmançadan ekologiýa taýdan arassa dökünler bolan gaty bölekler taýýarlanylýar. Olaryň esasynda düzümi baýlaşdyrylan suwy taýýarlap, oba hojalyk ekinlerini we bag-seýilgäh zolaklaryny suwarmak, bu suwlary çägeli topragyň hilini gowulandyrmak üçin hem, mallar we guşlar üçin belok – witaminli iýmleri taýýarlamak üçin hem peýdalanyp bolar.

Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara içerki bazar üçin, şeýle hem eksport üçin şunuň ýaly dökünleriň önümçiliginiň ýola goýulmagyny üpjün etmek barada görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz suwy arassalamak, süýjetmek boýunça täzeçil usullary işläp düzmek we ylmy barlaglary geçirmek üçin hünärmenleri hem-de ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça tabşyryk berdi.

Ýurdumyzda alnyp barylýan şähergurluşyk işiniň esasy maksadynyň adamyň ýaşaýan künjeginiň abadançylygyna, onuň saglygynyň gorap saklanmagyna, durmuşyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam bermegini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleriň esasy maksady hökmünde kesgitleýär.

Milli Liderimiz iri kottejler toplumy bina edilýän Çoganly ýaşaýyş toplumyna tarap ýoluny dowam edip, Garagum çölüniň bir künjeginde saklandy. Tebigata we onuň ekoulgamlaryna aýawly çemeleşmegiň möhümdigini nygtap, döwlet Baştutanymyz ony goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak meselelerine ylmy çemeleşmeleriň zerurdygyny belledi. Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz uzynlygy 564 kilometre deň bolan häzirki zaman ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanynyň ugry boýunça syýahatçylar üçin kempingleri gurmak, olara elin otda taýýarlanylan milli tagamlary, dermanlyk ösümliklerden demlenen çaýy hödürlemek, çöller dünýäsine aralaşmak, halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin şertleriň döredilmelidigi barada görkezme berdi.

Döwlet Baştutanymyz hususy kärhanalar tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan 895 maşgala niýetlenen kottej şäheriniň gurluşygynyň barşy we hili bilen tanşyp, durmuş düzümleriniň işiniň sazlaşykly guralmagyna ünsi çekdi we bu işleriň ählisiniň halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belledi.

29-njy sentýabrda Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerlerde sebiti durmuş we senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, birnäçe iri desgalarda, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem türkmen-owgan serhediniň golaýynda ýerleşýän “Ymamnazar” gümrük nokadyna baryp, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň türkmen bölegindäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Häzirki wagtda bu ýerde bellenen möhletlere laýyklykda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynda bina edilýän desgalardaky işleriň — Türkmenabat — Farap awtomobil we demir ýol köprüleriniň gurluşygynyň barşy bilen tanşyp, bu ýerde işleriň talabalaýyk alnyp barylmaýandygy bilen baglylykda potratçylara nägilelik bildirip, degişli ýolbaşçylara gurluşyk işleriniň hilini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Olaryň hili ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidir.

Döwlet Baştutanymyzyň Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň üstaşyr-ulag we logistik mümkinçiliklerini amala aşyrmak babatda bu strategik ähmiýetli iri taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine uly üns bermegiň möhümdigini belledi. Biziň ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerleşmegi netijesinde Ýewraziýa we transkontinental ýük akymlarynyň agramly bölegini öz üstünden geçirip biler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Günorta — Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna türkmen “mawy ýangyjynyň” uzakmöhletleýin iberilmegini amala aşyryljak TOPH gaz geçirijisiniň hem-de Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda bina edilýän Garlykdaky duz käninde kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine hem-de öňümizdäki möhüm çärelere taýýarlyk görlüşine garaldy.

Mejlisde milli parlament tarapyndan taýýarlanylýan kanunçylyk namalary, ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine gatnaşmagynyň jemleri hakynda habar berildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda elektron senagatynda täze bilelikdäki kärhanalary döretmek bilen bagly, ýer üçin tölegi hasaplamagy kämilleşdirmek, nebitgaz pudagyny häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek, 2016 — 2017-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine daşary ýurtlardan talyplary okuwa kabul etmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi. Obasenagat toplumyndaky işleriň, şol sanda möwsümleýin oba hojalyk çäreleriniň barşy, şu ýylyň 8-nji oktýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryna taýýarlyk, Aşgabadyň gurluşyk desgalaryndaky işleriň ýagdaýy we paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak işleriniň barşy baradaky meselelere garaldy.

Hasabatlarda Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 12-nji mejlisiniň netijeleri, Türkmenistanyň gazananlarynyň sergisine görülýän taýýarlyk, şanly Garaşsyzlyk baýramyna gabatlanyp geçiriljek beýleki çäreler barada habar berildi.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Karara gol çekdi. Onda döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň Türkmenistanyň çäklerinde aýratyn möhüm senagat desgalaryndan we binalaryndan beýleki desgalary we binalary gurmak, olaryň durkuny täzelemek barada daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli taraplary bilen baglaşýan şertnamalarynda göz öňünde tutulan işleriň (materiallaryň we enjamlaryň bahalaryny hasaba almazdan) azyndan 80 göteriminiň ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan amala aşyrylmalydygy bellenildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek baradaky Karara gol çekdi.

Synymyzy dowam etmek bilen geçen hepdede ýurdumyzyň Mejlisinde Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Piter Martin Teşden ynanç hatynyň kabul edilendigini bellemelidiris.

Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlaryny guramaçylykly geçirmek, şeýle hem käbir saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlaryny saýlamak boýunça saýlawlaryň barşy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika bölümi, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan bilelikde guralan sebit maslahatynyň işiniň barşynda halkara söwdanyň statistika ulgamyny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdede Aşgabatda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2016” atly X halkara sergisi we onuň çäklerinde ylmy maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Söwda-senagat edarasy gurady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça her ýylda geçirilýän we ýurdumyzyň sazlaşykly ösýän senagatynyň ösen derejesini giňden beýan etmäge gönükdirilen iri pudaklaýyn çäre, şeýle hem bu ulgamda dünýäde iň täze işläp taýýarlamalary peýdalanmakda tejribe alyşmak üçin meýdança bolup durýar.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergi we onuň çäklerinde bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat geçirildi. Forumyň işine dünýäniň 22 ýurdundan wekiliýetler gatnaşdy. Türkmenistanda syýahatçylyk toplumynyň mümkinçilikleriniň esasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ägirt uly mümkinçiliklerini sergä gatnaşyjylaryň 68-sini birleşdiren sergi görkezýär. Sergi Türkmenistanyň we onuň sebitleriniň täsin syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, syýahatçylyk ulgamynyň we myhmansöýerligiň, dynç almagyň dürli görnüşlerini guramagyň, şeýle hem medeni aň-bilim hem-de ülkäni öwreniş işiniň täze meýilleri hakynda örän möhüm maglumatlary almaga mümkinçilik berdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinhaý welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Sinin şäherinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. Türkmenistanyň bu ýurtdaky ilçihanasy tarapyndan guralan köptaraply forum, esasan, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim syýasatynyň üstünliklerine bagyşlanyldy.

Sinin şäherinde geçirilen forumyň barşynda Hytaýyň Urumçy şäherinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Sindzýan welaýatynyň uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Sinhaý welaýatynyň Bilim departamentiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Sinin şäherindäki çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Söwda öýi açyldy, onda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilen harytlaryň giň görnüşleri hödürlenilýär. Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen Medeniýet günleriniň maksatnamasy wakalara baý boldy. Onuň barşynda Er-Riýadyň we Jiddanyň ýaşaýjylary türkmen halkynyň baý medeni mirasy, özboluşly däp-dessurlary, ýurdumyzyň sungatynyň ösüş meýilleri bilen tanyşdylar.

Medeniýet günlerine gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, türkmen-saud gatnaşyklary dostluk we özara düşünişmek ýagdaýyna esaslanýar hem-de hil taýdan täze derejä çykarylýar, muňa döwlet Baştutanymyzyň Saud Arabystanyna resmi saparynyň çäklerinde şu ýylyň maý aýynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri hem şaýatlyk edýär.

Geçen hepdede mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günleri Mekgä hem-de Medinä haj parzyny berjaý etmäge giden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza sag-aman dolanyp geldi.

Ildeşlerimiziň 188-si haj parzyny amala aşyrmak bilen, Muhammet pygamberiň aramgähine baryp gördüler.

1-nji oktýabrda ýurdumyzda Ýaşulularyň halkara güni giňden bellenilýär. Ýaşuly adamlara hormat goýmak, olaryň baý durmuş hem zähmet tejribesine daýanmak arkaly ýaş nesli watançylyk we ýokary ruhy-ahlak derejesinde terbiýelemek asylly däbe öwrüldi, ýaşuly nesil Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine hem işjeň gatnaşýar.

Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde her ýyl geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň uly konserti boldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýeňijileriň ählisine gymmat bahaly baýraklar hem-de bäsleşigiň ýeňijileriniň diplomlary gowşuryldy. Bu döredijilik bäsleşigine gatnaşan beýleki çagalar hem ünsden düşürilmedi. Olara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzdaky Sport-ulag merkezinde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynyň çäreleriniň jemlenmegine bagyşlanan dabarada başa-baş tutluşyk bilen meşgullanýan ýaş türgenleriň, şeýle hem welosipedçileriň görkezme çykyşlary geçirildi.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilen iri çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde we çagalar baglarynda, beýleki edaralarda çagalara ýol hereketini öwretmek boýunça dürli çäreler guraldy.

Balkan welaýatynyň çäkleri boýunça geçirilen atly ýörişe gatnaşyjylaryň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawyny Daşoguz welaýatynyň atly toparyna gowşurmak dabarasy geçen hepdäniň aýdyň wakalarynyň biri boldy. Duşuşyk “Altyn asyr” Türkmeniň kölüniň — Garagum çöllüginiň bagy-bossanlyga öwrülmegine hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň köp sanly ekologiýa meseleleriniň çözülmegine ýardam edýän ägirt uly tehniki desganyň kenarynda geçirildi.

Atly ýigitleriň duşuşygyna sungat ussatlarynyň hem-de höwesjeň artistleriň, belli bagşylaryň, folklor toparlarynyň konserti, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary aýratyn öwüşgin berdi. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi hem guraldy. Aýdym-sazly çykyşlarda milli däp-dessurlar, türkmen halkynyň şöhratly taryhy we häzirki wagtda gazanýan haýran galdyryjy üstünlikleri öz beýanyny tapdy.

Wýetnamyň Danang şäherinde dünýäniň 45 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen V Aziýa kenarýaka oýunlarynda türkmen topary kuraş göreşi, taýboksy, jiu-jitsu we sambo boýunça jemi 15 medala — altyn medallaryň ikisine, kümüş medallaryň dördüsine we bürünç medallaryň 9-syna mynasyp boldy. Sportuň bu görnüşleri geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şonuň üçin hem Wýetnamda geçirilen kenarýaka oýunlaryna toplumlaýyn yklym ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry hökmünde garamak bolar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygara laýyklykda, örän möhüm özgertmeleriň, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň gerimli çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli durmuş ugurly syýasat döwletimiziň garaşsyzlygynyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzyň täze taryhy döwrüň belent maksatlaryna tarap mundan beýläk-de okgunly hereketiniň rowaçlanmagyna ýardam berýär.