Ï Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerine
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärlerine

view-icon 1014
Hormatly Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek, mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny, raýat jebisligini hem-de döwletimiziň ykdysady bähbidini goramak ugrunda alyp barýan jogapkärli gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 25 ýyllygynyň ähli halkymyz üçin mukaddes bolan Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy bilen utgaşyp gelýändigi has hem guwandyryjydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň sarsmaz binýady ýurdumyzyň howpsuzlygy, durnuklylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň, gülläp ösüşleriň ýurdy hökmünde uly abraýa eýedir.

Hormatly Watan goragçylary!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, merdana halkymyzyň asuda, abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem bu ugurda ýetilen belent sepgitler bizi has-da buýsandyrýar. Ýurdumyzda kabul edilen milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýakynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň biragyzdan kabul edilmegi biziň durmuşa geçirýän özgertmelerimiziň döwrebap kanunçylyk binýadyny kemala getirdi. Şeýle hem biz Esasy Kanunymyzda adamy goramagy, goldamagy we oňa hyzmat etmegi döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleri hökmünde kesgitledik. Türkmenistanyň Konstitusiýasy halkymyzyň abadançylygynyň, raýat jebisliginiň, döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynyň, ýurdumyzyň dünýäniň syýasy giňişliginde at-abraýynyň has-da belende galmagynyň ygtybarly kepilidir.

Biziň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatymyz ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar, goňşy we alysdaky ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän we durmuşa geçirilýän halkara energiýa geçiriji we ulag-üstaşyr taslamalary döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň geljekde has-da ýokarlanmagynyň aýdyň kepilidir. Şonuň ýaly-da, bu taslamalar tutuş sebitde durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmäge, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge gönükdirilendir. Bu babatda häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara demir ýoly, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, şeýle hem ýakynda dabaraly açylyp, ulanmaga berlen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Aşgabat Halkara howa menzili ýaly birnäçe iri desgalaryň ýurdumyz we sebitimiz üçin ähmiýeti örän uludyr.

Milli howpsuzlyk ministrliginiň merdana işgärleri!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň ähli ugurlarda gazanýan ajaýyp üstünliklerimiziň esasy özeni agzybirlik hem-de asudalyk bolup durýar. Şoňa görä-de, raýatlarymyzyň we jemgyýetimiziň howpsuzlygyny üpjün etmekde, döwletimiziň özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny, çäk bitewüligini, ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, dünýäde ählumumy wehimler bolan halkara terrorçylygy, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, ekstremizm ýaly hereketleriň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almakda siziň üstüňize aýratyn borç hem-de jogapkärçilik düşýär.

Bu wezipeleriň hötdesinden gelmek siziň syýasy, hünär we hukuk taýýarlygyňyza, hüşgärligiňize, häzirki zaman ylymlaryndan we tehnologiýalaryndan baş çykarmak ukybyňyza hem-de sagdyn durmuşyň kepili bolan sport bilen meşgullanmagyňyza baglydyr. Siz taryhda şöhratly yz goýan beýik ata-babalarymyzyň, merdana gerçeklerimiziň edermenligini, gaýduwsyzlygyny, watansöýüjiligini özüňize nusga edinip, eziz Watanymyz Türkmenistanyň, mähriban halkymyzyň röwşen we asuda durmuşynyň goragyny hemişe ygtybarly üpjün etmelisiňiz.

Berkarar Watanymyzyň edermen harby gullukçylary!

Biz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň öz gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmekleri, hünär we bilim derejelerini yzygiderli kämilleşdirmekleri, abadan durmuşda ýaşamaklary üçin ähli zerur şertleri döredýäris. Bu işleriň çäginde Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, şahsy düzümiň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça amala aşyrýan düýpli işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.

Hormatly Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň döredilmeginiň 25 ýyllyk baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow