Ï Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara

view-icon 990
Mähriban çagalar!
Eziz körpeler!


Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda eziz Watanymyz, mähriban halkymyz mukaddes Garaşsyzlygyň şanly 25 ýyllyk baýramyna uly üstünlikler, ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Ýurdumyzda zehinli çagalaryň arasynda her ýyl geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda geçirilýän joşgunly çykyşlar şanly Garaşsyzlygymyzyň toý dabaralaryna aýratyn öwüşgin berýär. Siziň hemmäňizi bu ajaýyp aýdym-saz baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Bagtyýarlyk döwrümiziň saýrak bilbilleri!

Häzirki döwürde Berkarar döwletimizde ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy, döredijilik we zehin başarnyklarynyň kämilleşmegi üçin ähli şertler döredildi. Bu babatda ýaş nesillerimiziň döredijilik ylhamyny özünde jemleýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň geçirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Bu döredijilik bäsleşiginiň esasy maksady zehinli, giň gözýetimli, maksada okgunly, watansöýüji nesli kemala getirmekden, bagtyýar çagalarymyzyň döredijilik we zehin başarnyklaryny ösdürmekden, ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmekden, milli medeniýetimiziň köp öwüşginli we gymmatly däplerini dowam etdirmekden ybaratdyr. Berkarar döwletimiziň ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan häzirki döwründe «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän hem-de sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň, döredijilik merkezlerinde tälim alýan zehinli çagalaryň — milli sungatymyzyň ýaş höwesjeňleriniň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, täsirli we joşgunly çykyşlara baý aýdym-saz baýramyna öwrüldi.

Mähriban çagalar!

Siziň şirin owazly aýdym-saz, tans çykyşlaryňyz ýaş nesillerimiziň eziz Watanymyza, mähriban halkymyza buýsanjynyň, wepalylygynyň aýdyň beýany bolup, belent ýaňlanýar. Siziň berkararlygymyzy, bagtyýarlygymyzy wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlaryňyz ähli ösüşlerimiziň esasy bolan ruhy galkynyşymyzy kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Çagalaryň kalbynda sungata söýgini terbiýelemekde, täze zehinleri ýüze çykarmakda hem-de ösdürmekde bu aýdym-saz bäsleşigine uly orun degişlidir.

Siziň merdana ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine eýerip, milli medeniýetimize, çuň many-mazmunly aýdym-saz sungatymyza bolan söýgiňiz, yhlasyňyz bilen agzybirligi, dostlugy, ynsanperwerligi we bagtyýarlygymyzy wasp edip, eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterjekdigiňize ynanýaryn!

Mähriban çagalar! Eziz körpeler!

Mukaddes Garaşsyzlygyň ýetip gelýän şanly 25 ýyllyk baýramy hem-de bu baýrama bagyşlanyp geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» döredijilik bäsleşigi bilen sizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size okuwda, döredijilik äleminde täze üstünlikleri arzuw edýärin!

Siziň ajaýyp aýdym-sazlaryňyz, şadyýan gülküleriňiz, goý, hemişe belent ýaňlansyn!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow