Ï Konstitusiýanyň täze rejelenen görnüşi Türkmen döwletiniň demokratiki özgertmelere ygrarlydygyny kanuny taýdan tassyklady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Konstitusiýanyň täze rejelenen görnüşi Türkmen döwletiniň demokratiki özgertmelere ygrarlydygyny kanuny taýdan tassyklady

view-icon 6273
Baş Kanunyň täze redaksiýasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garaşsyzlyk döwründe gazanylanlary berkitmäge we demokratik institutlary ösdürmäge, adamyň we raýatyň konstitusion hukugyny we azatlygyny Türkmen döwletiniň iň ýokary gymmatlygy hökmünde üpjün etmäge, durnukly ykdysady ösüşi saklamaga we biziň ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen strategiki ugry we syýasy erki öz beýanyny tapýar. Mundan hem başga, konstitusiýanyň täze kadalary Türkmenistanyň şu geçen döwürde BMG-niň esasy konwensiýalarynyň ýene-de birnäçesine goşulandygyny nazara almak bilen ýazylandyr. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasyna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň manysyny we häsiýetini kesgitledi. Ol täze maddalaryň 24-nji öz içine alýar, maddalaryň dördüsinde hereket edýän kadalar täze redaksiýada öz beýanyny tapýar, maddalaryň 107-ne üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Üýtgetmeler Baş Kanunyň girişinden başlap, her bir bölüminde diýen ýaly bolup geçdi. Onda Türkmenistanyň pederlerimiziň agzybirlikde, parahatçylykda we ylalaşykda ýaşamak baradaky wesýetlerine eýerip, umumyadamzat gymmatlyklaryna ygrarlydygyny beýan etmek bilen, dünýä jemgyýetçiliginiň bir bölegi bolup durýandygy nygtalýar.

Konstitusiýanyň düzgünnamalarynyň arasynda döwletiň we jemgyýetiň esasy ugurlaryny berkidýän kadalar kesgitleýji orny eýeleýärler. Baş Kanunyň özbaşdak maddasynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan 1995-nji ýylda we 2015-nji ýylda ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýeti berkidilýär. Hemişelik bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň öňe gidýän ösüşiniň binýady, halkara syýasy, durmuş-ykdysady we medeni giňişliginde ösýän täsirini ýetirýän faktor bolup durýar.

Türkmenistanyň Baş Kanunynyň täze redaksiýasy “Döwlet – adam üçündir!” diýen döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny giňden beýan edýär. Milletiň baştutanynyň umumy ykrar edilen halkara ugurlarynda adamyň hukuk ulgamynda alyp barýan syýasatyny berkitmek bilen, Baş Kanunda “adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet guramalarynyň esasy wezipesi bolup durýandygy”, “Türkmenistanyň her bir adamy durmuş taýdan goraglylygynyň kepili bolup durýandygy” we “döwletiň adamyň we jemgyýetiň bähbidine ykysady işleriň sazlaşmagyny amala aşyrýandygyny, halkyň abadançylygy üçin durnukly ösüşi üpjün edýändigini” kesgitlenýär.

Döwlet gurluşyny berkitmek we demokratiki ýörelgeleri ösdürmek – bu Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ýene-de bir strategiki ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň kadalarynda öz beýanyny tapýar. Bu babatda kanunyň başda durýandygyny, ýerli öz-özüňi dolandyryşyň ugurlaryny, syýasy garaýyşlaryň we köp partiýalygyň plýuralizimini, şeýle hem raýat jemgyýetiniň ösüşini kepil geçýändigini tassyklaýan täze maddalaryny belläp geçmek bolar. Syýasy partiýalaryň dini guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we beýleki gurluşlaryň ideologiýasy raýatlar üçin hökmany ýagdaý bolup bilmez.

Konstitusiýanyň täze redaksiýasynda adamyň we raýatyň esasy hukuklary we erkinligi umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda ep esli giňeldilendir. Hususan-da, günäsizligini ýuridiki taýdan dogry hasaplamak, pikir we söz azatlygyna hukuk, şahsy el degirmesizligi, şahsy we maşgala syryny gorap saklamak kesgitlendi. Adamyň şahsy durmuşy barada onyň ylalaşygy bolmasa maglumatlary ýygnamak, saklamak, peýdalanmagy we ýaýratmagy gadagan etmek kesgitlendi. Her bir adam namysyny we mertebesini goramaga, ýuridiki kömegi almaga we adalatlylygy amala aşyrmaga gatnaşmaga hukugy bardyr.

Türkmenistanyň konstitusion ösüşiniň taryhyda ilkinji sapar Adam hukugy boýunça ygtyýar edilen wekiliň instituty girizilýär.

Baş Kanun döwlet maşgala, enelik we atalyk goraglylygyny kepil geçýär, ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ene-atasyz çagalara, weteranlara goşmaça goldawlary we ýeňillikleri berýär, Ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny amala aşyrmak, sazlaşykly ösmekleri üçin şertleri döredýär.

“Ýerli öz-özüňi dolandyryş” bölümindäki täze kadalar demokratiýalaşdyrmak babatda düýpli ähmiýete eýedir. Hususan-da, Geňeşlikler (wekilçilikli guramalar) indi özlerini degişli çäklerde salgytlary kesgitlemäge, olara degişli eýeçiligi dolandyrmaga hukuklary bardyr.

Täze redaksiýada durnukly ykdysadyýeti höweslendirmek maksady bilen, ilkinji sapar “Ykdysadyýet we maliýe-kredit ulgamy” girizildi. Onda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, telekeçiligi sylaglamak we goldamak, kiçi we orta täjirçiligi ösdürmek ýaly ugurlar berkidilendir. Türkmenistanda bütewi, býujet-maliýe, salgyt, pul we karz bermek syýasaty geçirilýär.

Ýurduň Konstitusiýasynyň täze redaksiýasynyň kabul edilmegi Türkmen döwletiniň ösüşinde ýokary hilli täze tapgyry alamatlandyrýar, onuň durmuşynyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmek we jemgyýetçilik aňynda özara jogapkärçiligi ýokarlandyrmak üçin hukuk mümkinçiliklerini giňeldýär.