Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýerine ýetirilişine, oba hojalyk işleriniň — güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygym möwsüminiň barşyna, şeýle hem bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryna hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegine taýýarlyk görlüşine garaldy.
Ilki bilen, wideoşekilli göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, obasenagat toplumyny ösdürmek, pagta ýygymynyň we güýzlük bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitde oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy barada habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz sebitiň obasenagat toplumynyň öňünde goýlan esasy wezipelere ünsi çekip, güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň, bu möhüm oba hojalyk möwsümleriniň depginlerini artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime aýry-aýry etraplarda işleriň haýal alnyp barylýandygyny, oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmeýändigini görkezdi. Hususan-da, Tejen, Sarahs, Kaka we Gökdepe etraplarynda bugdaý ekişiniň, şeýle hem Kaka we Ak bugdaý etraplarynda pagta ýygym möwsüminiň pes depginleriniň görkezijileri boýunça tankydy bellikler aýdyldy. Milli Liderimiz bu ýagdaýlary seljermegi hem-de meýdan işleriniň barşyny bökdeýän sebäpleri aradan aýyrmagy talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uly möçberli bagy-bossanlyga büremek möwsüminiň çäklerinde 8-nji oktýabrda geçirilmegi bellenen nobatdaky ählihalk ýowarynyň ähmiýeti barada aýdyp, degişli düzümleriň işini sazlaşykly utgaşdyrmak bilen ony geçirmegiň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýokary hil derejesine hem-de meýilnamasynyň takyk ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmaga, şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmäge degişli görkezmeleri berdi.
Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şol sanda oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Welaýatyň ýolbaşçysy şeýle hem welaýatda gurluşyk işleriniň, ilkinji nobatda, ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp hem-de ýurdumyzyň günbatar sebitinde güýzlük bugdaý ekişiniň geçirilişiniň meselelerine ünsi çekip, häkime Serdar etrabynda onuň depginleriniň pesdigini görkezdi. Milli Liderimiz sebitiň ýolbaşçysyna bu jogapkärli oba hojalyk möwsümini gerek derejede guramak boýunça tabşyryklary berip, sebitiň obasenagat toplumynda bar bolan maddy-enjamlaýyn serişdeleri has netijeli peýdalanmak üçin gyssagly çäreleri görmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz hepdäniň ahyrynda geçiriljek ählihalk ýowaryna hem ünsi çekip, onuň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine degişli görkezme berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylyp bina edilýän ähli desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegine ünsi çekip, şöhratly Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşyga Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow çagyryldy. Häkim demirgazyk sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk möwsümleriniň — güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygym möwsüminiň barşy, şeýle hem dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygynda işleriň ýagdaýy, beýik baýramçylyk — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatdaky işleriň ýagdaýyny seljerip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Muňa garamazdan, döwlet Baştutanymyz bu sebitde bugdaý ekişiniň pes depginleriniň göze ilýändigini, hususan-da, Saparmyrat Türkmenbaşy we S.A.Nyýazow adyndaky etraplarda bugdaý ekişiniň depgininiň pesdigini nygtap, demirgazyk sebitiň ýolbaşçysyna agrotehniki kadalara pugta laýyklykda bu etraplarda meýdan işleriniň depginlerini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Milli Liderimiz pagta ýygym möwsüminiň tertibiniň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň zerurdygy barada aýdyp, Ruhubelent we Gurbansoltan eje adyndaky etraplarynda bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň geçirilişiniň depginleriniň pesdigi boýunça düýpli nägilelik bildirdi hem-de welaýatyň häkiminden pagtany guramaçylykly ýygnap almak we ýetişdirilen ähli hasyly saklamak boýunça hemme zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde ählihalk ýowaryna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek baradaky meselä häkimiň ünsüni çekip, onuň geçiriljek ýerleriniň takyk kesgitlenilmelidigini we ekiljek nahallaryň ýerli howa-toprak ýagdaýyna laýyk gelmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky maksatnamanyň durmuşa geçirilişine degip geçip, şanly seneler mynasybetli ulanmaga tabşyryljak täze desgalaryň taýýarlyk derejesi bilen gyzyklandy hem-de gurluşyk işleriniň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Wideoşekilli iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewiň hasabat bermegi bilen dowam etdi. Häkim obasenagat ulgamynda işleriň ýagdaýy, pagta taýýarlamak baradaky döwlet buýurmasyny ýerine ýetirmek hem-de geljekki hasyl üçin güýzlük bugdaý ekişini geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegine taýýarlyk görlüşi, şanly sene mynasybetli ulanmaga tabşyryljak desgalarda gurluşyklaryň barşy barada habar aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, geljekki bugdaý hasylynyň ekiş möwsüminiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilişine gönüden-göni baglydygyny belledi hem-de bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmegiň bellenen möhletlerini yzygiderli berjaý etmegi talap etdi. Milli Liderimiz Döwletli, Birata we Garaşsyzlyk etraplarynda güýzlük bugdaý ekişiniň depginleriniň pesdigine nägilelik bildirip, häkime sebitdäki emele gelen bu ýagdaýy düzetmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ýolbaşçysyna pagta ýygym möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek hem-de oba hojalyk öndürijileriniň öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý etmekleri üçin bar bolan hemme güýçleri gönükdirmegi tabşyryp, Birata we Döwletli etraplarynda ýygym möwsüminiň görkezijileriniň pesdigine nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz pagtanyň milli baýlygymyzdygyny belläp, pagta ýygyjy kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň üznüksiz işledilmegini, şeýle hem ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny öz wagtynda ýygnamagy we onuň gerekli derejede saklanylmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan uly möçberli özgertmeleriň ileri tutulýan ugrunyň halkymyzyň abadançylygy baradaky alada bolup durýandygyny nygtap, sebitde bagy-bossanlyga büremek möwsümini guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz Garaşsyzlyk baýramçylygyna we onuň bilen baglanyşykly çärelere taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklanyp, häkime bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly iş maslahatyna Mary welaýatynyň häkimi B.Annargurbanow çagyryldy. Häkim sebitde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da, welaýatyň ýolbaşçysy sebitde gurluşyk işleriniň barşy, şol sanda şanly sene — ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan esasy oba hojalyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygym möwsüminiň depginlerini artdyrmagyň, ähli düzümleriň üznüksiz işini üpjün etmegiň zerurdygyny görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz etraplaryň birnäçesinde — Murgap, Wekilbazar we Mary etraplarynda bugdaý ekişiniň guramaçylygynyň pes derejededigini görkezip, bu işdäki kemçilikleri ýüze çykarmagy, ekerançylaryň we mehanizatorlaryň sazlaşykly zähmet çekmegi üçin degişli şertleri döretmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Wekilbazar, Murgap we Oguzhan etraplarynda pagta ýygymynyň depginleriniň pesdigini belledi hem-de bu agrotehniki möwsümiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz sebitiň ýolbaşçysyndan ähli oba hojalyk tehnikalaryna, olaryň saklanylyşyna hem-de netijeli ulanylyşyna berk gözegçiligi üpjün etmegi talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem öňde boljak bag ekmek boýunça ählihalk ýowarynyň, ýurdumyzyň ýakynlaşyp gelýän Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi babatda aýdyp, olara taýýarlyk görmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilowyň hasabaty diňlenildi. Häkim paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy, şol sanda täze ýaşaýyş jaýlarynyň we köprüleriň gurluşygynyň, ýollaryň durkunyň düýpli täzelenişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň baş şäheriniň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, ony mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak we ösdürmek, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipe bolup durýandygyny belledi. Paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň hiliniň we derejesiniň nusgalyk bolmalydygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz şäher düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni peýdalanmak bilen baglanyşykly hemme meseleleri üns merkezinde saklamagy talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda şanly seneler mynasybetli ulanmaga tabşyryljak desgalardaky işleri öz wagtynda tamamlamagy talap edip, şäherde düzgün-tertibiň, arassaçylygyň saklanylmagynyň zerurdygyny nygtady. Şu babatda türkmen paýtagty tutuş ýurdumyz üçin nusgalyk görelde bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ählihalk ýowarynyň hem-de oňa düýpli we hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň ähmiýetini nygtap, şunuň bilen baglylykda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz şeýle hem ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Hatyra gününe hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmek barada Aşgabat şäheriniň häkimine degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýakynlaşyp gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygy barada aýdyp, baýramçylyk dabaralaryny geçirmegiň ýokary derejesini üpjün etmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça hem-de döwlet Garaşsyzlygynyň şöhratly 25 ýyllyk şanly senesini garşylamaga taýýarlyk görýän eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen, öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.