Hormatly halkara maslahata gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda makullanan hem-de rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna bagyşlanan «Hukuk döwletiniň berkarar bolmagy: milli tejribe we dünýä ösüşi» ady bilen halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Çünki Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan öz ösüşinde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we ata-babalarymyzyň miras goýan taryhy tejribesine daýanmak bilen, döwlet berkararlygynyň hukuk esaslaryny yzygiderli kämilleşdirýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeler, döwleti we jemgyýeti okgunly ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň hukuk esaslaryny özünde berkidýän Konstitusiýamyzyň kadalaryny ylmy taýdan seljermek hemmetaraplaýyn öňe barýan berkarar döwletimiziň döwrebap hukuk binýadyny kemala getirmek üçin zerurdyr.
Sizi şeýle möhüm ähmiýetli halkara maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Hormatly myhmanlar we maslahata gatnaşyjylar!
Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde Türkmenistanda döwletiň ähli syýasy, ykdysady, medeni-durmuş serişdeleri, guramaçylyk we hukuk esaslary bitewülikde bir maksada — türkmen halkynyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, hemmetaraplaýyn goraglylygyny üpjün etmäge, şahsyýetiň kämilleşmegini höweslendirmäge gönükdirilendir. Demokratiýany ösdürmek, raýat jemgyýetini pugtalandyrmak, syýasy-hukuk özgertmelerini çuňlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler ýurdumyzda syýasy durnuklylygyň, jemgyýetçilik asudalygynyň we agzybirliginiň kanunçylyk esaslarynyň berkidilmegini göz öňünde tutýar.
Kanunyň hemmeler üçin deňligi we hökmürowanlygy hukuk döwletinde esasy ýörelge bolup durýar. Jemgyýetde şu düşünjäni pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlerde halkymyzyň döredijilik mümkinçiliklerine we syýasy-jemgyýetçilik güýçlerine aýratyn orun berilýär. Bular bolsa biziň öňe tarap ynamly hereket etmegimizi kepillendirýän şertleriň biridir.
Eziz watandaşlar!
Hormatly myhmanlar!
Geçirilen konstitusion özgertmeleriň aýratyn ähmiýeti hökmünde Konstitusiýamyzyň ýurdumyzda parahatçylykly ösüşiň, kämilligiň, döredijiligiň we öňe sürülýän başlangyçlaryň hukuk esasy bolup durýandygyny bellemek isleýärin. Türkmen halky Garaşsyzlygyň 25 ýyllyk şöhratly ösüşiniň dowamynda döwlet berkararlygyny üpjün etmegiň esasy hereketlendiriji güýji hem-de kepili bolup çykyş edip gelýär. Şoňa görä-de, ählumumy ösüşiň şertlerinde döwletliligiň milli tejribesiniň durmuş taýdan ykrar edilen şeýle esaslary ylmy taýdan öwrenilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Garaşsyz hem-de Bitarap döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýar. Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden Türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüji, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary hem-de içeri syýasatynyň mizemez ýörelgelerini ençeme gezek yglan etdik. Diňe syýasy durnuklylyk, ylalaşykly ýaşaýyş we özara bähbitli hyzmatdaşlyk uly ösüşlere ýetirýär hem-de nesilleriň ygtybarly geljegini üpjün edýär. Bu bolsa Garaşsyz döwletimiziň konstitusion özgertmeleri amala aşyrmak bilen, täze belentliklere tarap ynamly öňe gitmegine mümkinçilik berýär.
«Hukuk döwletiniň berkarar bolmagy: milli tejribe we dünýä ösüşi» atly halkara maslahatyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we ynsanperwer syýasatyny dünýä ýaýmakda ýene-de bir möhüm waka boljakdygyna ynanýaryn.
Size berk jan saglyk we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow