Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory, filosofiýa ylymlarynyň doktory, molekulýar immunologiýasynyň professory Anlong Sýuýdan hat gelip gowuşdy.
Ol jogap haty bolup, onda türkmen Liderine ady agzalan uniwersitetiň 60 ýyllygyna beren ünsi hem-de bu waka mynasybetli iberen Gutlag haty üçin hoşallyk sözleri beýan edilýär.
Ýeri gelende ýatlasak, 2014-nji ýylyň maýynda Hytaýa döwlet saparynyň barşynda Türkmenistanyň Baştutanyna Pekiniň adaty hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň hormatly professory ady dakyldy.
2016-njy ýylyň sentýabrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-de iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň biriniň döredilmeginiň 60 ýyllygy mynasybetli Gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz öz hatynda häzirki wagtda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki, medeni gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigini belledi.
Saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda lukmançylyga keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň täze usullaryny, gadymy lukmançylyk tejribesini we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda täze bilimleri özleşdirmek babatda özara gatnaşyklar giňelýär.
Milli Liderimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklary, hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň gadymy hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge çagyryp, öňdebaryjy ylmy usullary we tejribäni alyşmagyň örän peýdaly boljakdygyny belledi. Munuň özi biziň talyplarymyza we ýaş alymlarymyza ussatlygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan isleg barada aýdylanda, Pekiniň gadymy hytaý lukmançylyk uniwersitetinde türkmen talyplarynyň hem bilim alýandygyny bellemek gerek. Türkmen mugallymlary bolsa hytaý lukmançylygynyň nusgawy esaslaryny öwretmek babatda tejribe toplaýarlar. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn taslamalar üçin oňat başlangyç bolup hyzmat edýär, lukmançylyk barlaglary hem-de ylmy işgärleri we lukmanlary taýýarlamak babatda bilelikde işlemek üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Doktor Anlong Sýuýyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlag haty hytaýly we daşary ýurtly uçurymlaryň, mugallymlaryň, talyplaryň, Hytaý Halk Respublikasynyň we halkara hyzmatdaşlaryň lukmançylyk institutlarynyň wekilleriniň 3 müňden gowragynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary okuw mekdebiniň şanly toýunyň hormatyna guralan dabarada okaldy.
Bellenilişi ýaly, türkmen Lideriniň haty dabara gatnaşyjylarda çuňňur täsir döretdi, hususan-da, hatda agzalyp geçilen Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň gadymy hytaý lukmançylyk uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin meýilnamalary uly täsir galdyrdy.
“Şeýlelikde, biziň ýokary okuw mekdebimiziň üstünlikleri Siziň ägirt uly goldawyňyz netijesinde aýratyn mazmuna eýe boldy” diýlip, uniwersitetiň rektorynyň jogap hatynda aýdylýar. Ol ösüşiň täze tapgyrynda bu ýokary okuw mekdebiniň Türkmenistanyň lukmançylyk mekdebi bilen ýakyn gatnaşyklarynyň ösjekdigine, bu ugurda halkara gatnaşyklarynyň nusga alarlyk mysala öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Şunuň ýaly işler biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky işewür we ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin örän möhümdir. Strategik hyzmatdaşlygyň meýilnamalarynda Türkmenistanyň we Hytaýyň geljegi uly taslamalary we uly möçberli maksatnamalar bar. Işjeňleşýän türkmen-hytaý ýokary okuw mekdepleriň hyzmatdaşlygy olary iki halkyň bähbidine üstünlikli amala aşyrmagyň ygtybarly binýadyny goýýar. HHR-de ýakynda bolan wakalar munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar: geçen hepdede Sinin şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Sinhaý welaýatynyň bilim departamentiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Urumçi şäherinde bolsa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Sinszýan uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekmek dabaralary boldy.
Munuň özi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklarda gazanylan ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmäge ýardam eder.