Ï Türkmenistanyň Prezidenti Buýruglara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruglara gol çekdi

view-icon 1637
Bilim babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda baglaşylan Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 19-njy aprelinde çykaran 12973-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine 2016—2017-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda çykaran 7501-nji buýrugy bilen tassyklanan, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryndan daşary:

Owganystan Yslam Respublikasynyň 30 raýatyny tölegsiz esasda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna bir ýyllyk dil öwreniş okuwlaryna;

2015—2016-njy okuw ýylynda bir ýyllyk dil öwreniş okuwlaryny tamamlan Owganystan Yslam Respublikasynyň 26 raýatyny, şol sanda:

10 raýatyny Halkara nebit we gaz uniwersitetine;

5 raýatyny Türkmen oba hojalyk institutyna;

10 raýatyny Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna;

1 raýatyny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna tölegsiz esasda okuwa kabul etmäge ygtyýar berildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň” birinji tapgyrynyň – Atamyrat—Ymamnazar (Türkmenistan)—Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) böleginiň hem-de Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň Ymamnazar gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan we ugradýan terminalyň açylyş dabaralarynyň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen degişli topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Bu topara açylyş dabaralarynyň Meýilnamasyny işläp taýýarlamak hem-de açylyş dabaralaryny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleri kesgitlemek hem-de olar boýunça jogapkär ýolbaşçylary bellemek tabşyryldy.