Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny işe girizmäge bagyşlanan maslahat geçirdi.
Maslahata Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine bu möhüm ähmiýetli halkara desgany ulanmaga bermäge taýýarlyk görmek hem-de täze demir ýoluň birinji tapgyryny işe girizmek bilen bagly çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge jogap berýän topary döretmek meseleleri girizildi. Milli Liderimiz maslahatyň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowa söz berdi.
Wise-premýer Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň — Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) böleginiň gurluşygynyň alnyp barlyşy hem-de onuň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi hem-de bu çäräni ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça topary döretmek hakyndaky buýrugyň taslamasyny hödürledi.
Habar berlişi ýaly, demir ýoluň bu bölegindäki gurluşyk-gurnama işleri, şol sanda kömekçi düzümleýin desgalary gurmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Bu ýoluň iki köprüsiniň gurluşygynda demir gurnawlary ýygnamak işi güýçli depginde dowam edýär. Bu işleri oktýabr aýynyň ikinji ongünlüginde, şol desgalardaky esasy gurluşyk-gurnama işlerini bolsa aýyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. Munuň üçin zerur bolan serişdeler we enjamlar yzygiderli getirilýär.
Umuman, Atamyrat — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň esasy gurluşyk-gurnama işlerini 2016-njy ýylyň noýabr aýynyň birinji ongünlüginde tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny açmak boýunça dabaralaryň, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni-köpçülikleýin baýramçylyk çäreleriniň geçiriljek ýerindäki meýdançada taýýarlyk işleri geçirilip başlandy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ulag ulgamyny ösdürmek, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça gazanylan üstünlikler hem-de Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň ähmiýeti barada gürrüň berýän wideoşekilli ýazgylary taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Bu ýol biziň ýurdumyzyň, Owganystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň çäginden geçip, Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň çalt depginler bilen ösýän döwletlerine çykar.
Ýoluň işe girizilmegi bilen Owganystanda hem uly durmuş-ykdysady netijä garaşylýar. Çünki, transmilli demir ýol çekilýän ýerinde, kada bolşy ýaly, awtomobil ýoly, elektrik geçiriji ulgam, energiýa serişdeleri akdyrylýan turbageçirijiler hem gurulýar. Şeýle düzümiň döredilmegi netijesinde polat ýollaryň geçýän çäginiň keşbi düýpli özgerýär, olaryň ugrunda işçi şäherçeleri peýda bolýar, iri önümçilik desgalarynyň golaýynda şäherler gurulýar. Täze iş orunlarynyň müňlerçesi döredilýär, tutuş sebitleriň senagat taýdan ösüşi äşgär duýulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, Aziýa halkara demir ýol geçelgesiniň, ýagny Atamyrat - Ymamnazar — Akina böleginiň, şeýle hem “Ymamnazar” gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ugratmak boýunça terminalyň noýabr aýynda ulanmaga bermek dabarasynyň uly ähmiýetli wakadygyny belledi. Ol ýurdumyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň geçirilmegine gabat gelýär.
Garaşylyşy ýaly, bu çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana dürli ýurtlardan köp sanly myhmanlar hem-de halkara guramalaryň wekilleri geler. Biz öňümizdäki forumy geçirmek hem-de açylyş dabaralaryny ýokary derejede guramak üçin ähli zerur çäreleri görmelidiris diýip, milli Liderimiz nygtady we düzüminde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri bolan topary döretmek hakyndaky Buýruga gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty dowam edip, häzirki wagtda sebit we sebitara hyzmatdaşlygynyň düzümini ösdürmegiň giňişleýin nusgasynyň esasy hökmünde transmilli ulag geçelgelerini döretmegiň has möhüm we derwaýys wezipä öwrülýändigini aýtdy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek Türkmenistanyň daşarky hem-de içerki ykdysady bähbitlerine laýyk gelýär. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdylanda bolsa, olar durnuklydyr hem-de hemmelere mälimdir. Şol ugurlaryň hatarynda işjeň parahatçylyk döredijilik syýasatyny, Merkezi Aziýada goşulyşmak ýagdaýyny, Ýewropanyň we GDA-nyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy, beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary görkezmek bolar.
Geografiki ýerleşişi hem-de milli ykdysady bähbitleri babatda goňşy döwletlerimiz bir sebitiň çäginden çykýan hem-de yklymyň ýurtlarynyň ösüşiniň möhüm ýollaryny öz içine alýan Ýewraziýa goşulyşmagyna uly gyzyklanma bildirýärler. Ulag ulgamy bu babatda merkezi maksatlaýyn ulgamlaryň biri bolup durýar.
Bu barada halkara hyzmatdaşlygyny, durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanyp, 2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli halkara maslahatynda gürrüň edildi. Ulag meselesine bagyşlanyp geçiriljek ýene-de bir ýokary derejeli ählumumy maslahat bu möhüm mowzugyň dowamy bolar. Şol maslahat ýurdumyz hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bilelikde guralar. Şu ýylyň noýabrynda geçiriljek bu foruma dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly myhmanlar gatnaşar.
Durnukly ulag ulgamy boýunça ýokary derejeli ählumumy maslahatyň hut Aşgabatda geçirilmegi tötänden däldir, çünki biziň ýurdumyz Ýewraziýa yklymynyň esasy haryt-ulag ugurlarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen möhüm ulag-üstaşyr we kommunikasion merkez bolup durýar. Türkmenistan özara bähbitli ykdysady döwletara we sebitara gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ýükleriň hem-de ýolagçylaryň gatnawlarynyň üstaşyr geçirilmeginiň giňeldilmegine saldamly goşant goşýar. Bilermenler ulag düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli hem-de ägirt uly taslamalaryň biziň ýurdumyzy sebitde öňdäkileriň hataryna çykarandygyny belleýärler diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Geljek iri halkara we sebitleýin deňiz, derýa, awtomobil, demir ýol we howa merkezlerine çykmak arkaly ulag gatnawlarynyň utgaşykly ulgamy, olaryň her biriniň artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanmak bilen baglydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Oňat serişdeleri, anyk tehniki we hukuk syýasaty, özara gatnaşyklaryň ylalaşykly gurallaryny öz içine alýan giň möçberli, bitewi ulag ulgamy geosyýasy ýagdaýa täsir etmäge, onuň ykdysady ulgamlaryny ýurduň ösüşiniň milli strategiýalary bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny kesgitlemäge ukyplydyr. “Demirgazyk — Günorta” halkara geçelgesiniň möhüm ähmiýetli bölegi — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýoly munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda halkara ulag gatnawlarynda Aziýa halkara demir ýol geçelgesi möhüm ulgam bolmalydyr. Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýoly onuň esasy böleginiň biridir. Birinji tapgyrda bu taslamanyň demir ýoluň — Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 85 kilometre barabar bolan Atamyrat — Ymamnazar ýolunyň gurluşygy ýerine ýetirildi. Atamyrat — Ymamnazar — Akina polat ýolunyň umumy uzynlygy 88 kilometre deňdir. Ymamnazar (Türkmenistan) we Akina (Owganystan) serhetýaka nokatlarynyň arasyndaky böleginiň uzynlygy 3 kilometre barabardyr.
Şeýlelikde, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýoly Aziýa demir ýol geçelgesiniň nobatdaky “altyn halkasyna”, ol bolsa, öz nobatynda, ägirt uly iki yklymy — Ýewropany we Aziýany birleşdirýän ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler.
Strategiki hyzmatdaşlar we goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryň däp bolan ileri tutulýan ugurlaryndan başga-da, Türkmenistan häzirki wagtda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Pars aýlagynyň döwletleri bilen gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini içgin öwrenýär. Hakykatdan hem, bu sebit tutuş halkara gatnaşyklar ulgamy üçin uly ähmiýete eýedir. Bu ýerde dünýäniň köp meselelerini çözmäge täsir edýän şertler jemlenendir.
Biziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji we 66-njy hem-de 70-nji mejlislerinde, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň, ŞHG-niň sammitlerinde we beýleki ýokary derejeli forumlarda öňe süren halkara başlangyçlarymyz häzirki döwrüň täze ýagdaýlaryny hem-de talaplaryny nazara almak bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendir. Hususan-da, gürrüň BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak barada barýar. Şol maksatnamada Hazar we Gara deňizleriň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini öwrenmek göz öňünde tutulýar.
Biziň başyny başlan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Kararnama möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy gurallaryna öwrüldi. Türkmenistan bu wajyp ugurlardan çetde durman, özüniň çäginde yklymyň möhüm ulag merkezleriniň birini döredýär. Şunda ol ýurduň ykdysady we durmuş ösüşiniň durnuklylygyna, ýurdumyzyň harytlarynyň hem-de hyzmatlarynyň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna daýanýar. Munuň özi ýurdumyza dünýäniň senagatdan soňky düzüminde mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylaryň öňünde anyk wezipeleri goýup, ýurdumyzda geçiriljek bu halkara ähmiýetli çäreleri ýokary derejede guramak bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýer S.Satlykowa, demir ýol ulaglary ministri B.Annameredowa, aragatnaşyk ministri B.Öwezowa, awtomobil ulaglary ministri M.Aýdogdyýewe, «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň başlygy D.Saburowa täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralarynyň guramaçylyk-tehniki taýýarlygyny üpjün etmegi tabşyrdy. Munuň özi dabaraly çäreleriň geçiriljek ýerini abadanlaşdyrmak, olara gatnaşýan myhmanlary we halk köpçüligini gatnatmak üçin ýolagçy otlulary, uçarlar we dikuçarlar hem-de awtobuslar bilen doly we bökdençsiz üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr. Şeýle hem aragatnaşyk ulgamynyň işlerini ýokary derejede gurnamak hem-de olaryň işleýşine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.
Wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa, Daşary işler ministrligine geçirilýän bu çärelere daşary ýurtly myhmanlaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilleriniň öz wagtynda çagyrylmagyny we gatnaşmagyny üpjün etmek barada tabşyryk berildi. Myhmanlaryň ýaşajak ýerlerine, ulag hem-de saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjünçiligine aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi.
Wise-premýer Ş.Durdylyýewe, energetika ministri D.Rejepowa, gurluşyk we binagärlik ministri Ç.Ataýewe, jemagat hojalygy ministri M.Nurmämmedowa, «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň başlygy D.Amangeldiýewe baýramçylyk çäreleriniň inžener-tehniki üpjünçiligi , şol sanda dabaralaryň geçirilýän ýerinde elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi ygtybarly ýola goýmak tabşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Atamyrat — Ymamnazar ugry boýunça geçýän awtomobil ýollaryny düýpli abatlamagyň, bu ugurda hereket howpsuzlygyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady.
Milli Liderimiz wise-premýer S.Toýlyýewe, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa halkara çäreleriniň geçiriljek ýerlerinde arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişine berk gözegçilik etmegi, saglygy goraýyş nokatlaryny döretmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýer G.Mämmedowa, medeniýet ministri A.Garajaýewe täze desgalaryň açylyş dabaralary mynasybetli geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak hem-de ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek barada görkezme berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýewe, «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň başlygy M.Meredowa, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory B.Alimowa Ymamnazar gümrük nokadynda gurlan Nebit önümlerini kabul edýän, saklaýan we ugradýan terminalyň açylyş dabarasynyň meýilnamasyny işläp düzmek hem-de bu çärelere taýýarlyk işlerini talabalaýyk alyp barmak tabşyryldy.
Milli Liderimiz wise-premýer B.Hojamämmedowa, Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy M.Annadurdyýewe göz öňünde tutulan bu çäreler bilen bagly degişli tabşyryklary berdi.
Wise-premýer B.Atdaýewe, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri D.Orazmyradowa bu çäreleriň geçirilýän döwründe dabara gatnaşýan adamlara degişli hyzmatlary, iýmit bilen üpjünçiligini talabalaýyk guramak, beriljek toý sadakasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek barada tabşyryklar berildi.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarowa, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktory Ý.Annaýewe geçiriljek çäreler mynasybetli atly ýörişleri guramagy tabşyrdy.
Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine çäreleriň geçiriljek ýerlerinde ak öýleri gurnamak we medeni çäreleri ýokary derejede geçirmek babatda anyk görkezmeler berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp adamlaryň gatnaşjak çäresiniň geçiriljek çäginde abadanlaşdyrmak boýunça işleriň ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi amala aşyrmagy talap etdi.
Döwlet Baştutanymyz «Atamyrat — Ymamnazar — Akina» halkara demir ýolunyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň üstüne hem jogapkärli wezipeleriň düşýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Belent Serkerdebaşymyz Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýewe, milli howpsuzlyk ministri D.Baýramowa döwlet serhediniň hemişe talabalaýyk goralmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz içeri işler ministri I.Mulikowa «Ymamnazar» gözegçilik-geçiriş ýerinde jemgyýetçilik tertibini we howpsuzlygyny hemişe berk gözegçilikde saklamak üçin zerur çäreleri görmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýewe serhetden geçirilýän harytlaryň gümrük barlaglarynyň we gümrük taýdan resmileşdirilmeginiň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi ýola goýmak, ýurdumyza getirilmegi gadagan edilen harytlaryň gümrük serhedinden geçirilmeginiň öňüni almak boýunça netijeli işleri alyp barmak tabşyryldy.
Milli Liderimiz Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatowa, Döwlet migrasiýa gullugyna «Ymamnazar» gözegçilik-geçiriş ýerinden geçjek raýatlar babatda migrasiýa gözegçiligini we hasaba almak işini talabalaýyk ýola goýmak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerinden sebitleri we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz meseleleri, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan maksatnamalaýyn özgertmeler hem-de ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy barada gyzyklandy.
Welaýatlaryň häkimleri ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň depgini, hususan-da, güýzlük bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdiler.
Şunuň bilen birlikde, dürli maksatly desgalaryň gurluşygy, şanly seneler mynasybetli täze desgalary açmaga taýýarlyk görlüşi, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygyny mynasyp garşylamak boýunça geçirilýän işler hem-de baýramçylyk mynasybetli işlenip düzülen medeni maksatnama barada habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, öňümizdäki dabaralary guramaga hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň möhümdigini we şunuň bilen birlikde, gallaçylaryň hem-de pagtaçylaryň iş-aladalaryna üns bermegiň zerurdygyny belledi.
Milli Liderimiz bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymyny bellenen möhletlerde taýýarlamagyň wajypdygyny aýdyp, oba hojalyk toplumynyň ähli bölümleriniň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi talap etdi.
Hormatly Prezidentimiz zähmet üstünlikleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygyna iň gowy sowgat boljakdygyny aýdyp, baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Bu dabaralar ildeşlerimizde hem-de ýurdumyzyň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsir galdyrmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz baýramçylyk çäreleriniň many-mazmunynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň gazanýan üstünlikleriniň, eziz Watanymyzyň rowaçlygyň hem-de gülläp ösüş ýolunda gazananlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlara işlerinde üstünlikler, öňde goýlan wezipeleriň ählisini çalt we netijeli çözmegi arzuw etdi.