Ï Sentýabr — 2016: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sentýabr — 2016: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

view-icon 1647
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan giň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary bilen netijeli syýasy gepleşikleri hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Syn berilýän aýda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary hem-de abraýly halkara guramalar bilen geçiren dürli duşuşyklary, syýasy geňeşmeleri, işewür gepleşikleri we maslahatlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

1-nji sentýabrda Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň ulag, deňizçilik we aragatnaşyk ministri Ahmet Arslan bilen duşuşyk geçirildi. Ol Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi. Söhbetdeşligiň barşynda ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmekde aýratyn möhüm orun eýeleýän köptaraplaýyn ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegini nazara almak bilen, türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegi uly bolan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol günlerde Awstriýanyň paýtagty Wenada hökümetara türkmen-awstriýa bilelikdäki toparyň sekizinji mejlisi geçirildi. Onda ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşy, söwda, energetika we ekologiýa ulgamlarynda, gaýtadan işleýän senagatda, oba hojalygynda hem-de gurluşykda, saglygy goraýyş we derman senagatynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralan bilelikdäki işewürler maslahaty geçirildi. Onuň jemleri boýunça iki ýurduň telekeçileriniň arasynda azyk önümlerini öndürýän zawodlar üçin çig maly we enjamlary satyn almak hem-de getirmek, şeýle hem ulag hyzmatlaryny etmek boýunça şertnamalara gol çekildi.

Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygy, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk baradaky meselä degip geçmek bilen, sentýabryň ahyrynda Aşgabatda eýýäm üçünji gezek geçirilen Wena baly barada aýtman geçmek bolmaz. Şeýle hem şol günler Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Awstriýa-türkmen jemgyýeti tarapyndan Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda nusgawy sazlaryň konserti guraldy.

Sentýabryň birinji ongünlüginde Aşgabatda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň pudagara toparynyň mejlisi geçirildi. Hazarýaka döwletleriniň arasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň hem-de Hazar deňzinde ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak nobatdaky duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Bu resminamalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylyň sentýabrynda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň IV sammitinde beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Mejlisiň barşynda hemişelik hereket edýän Hazar Ykdysady Forumyny döretmek hakynda türkmen tarapynyň başlangyçlaryny has-da ilerletmäge aýratyn üns berildi. Bu forum Hazarýaka ýurtlarynyň hökümet we işewür toparlarynyň wekilleri üçin netijeli gepleşikler meýdançasyna öwrülip, dünýäniň işewürleri, abraýly halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam etmelidir.

6-njy sentýabrda DIM-de Lýuksemburgyň Beýik Gersoglygynyň daşary we ýewropa işleri ministri Žan Asselborn bilen duşuşyk geçirildi. Onuň bilen syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şol sanda halkara guramalarynyň çäklerinde ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Lýuksemburgyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawlary hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge taraplaryň ygrarlylygynyň subutnamasy bolup hyzmat etdi. Ýeri gelende ýatlasak, 2015-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, howa gatnawlary hakynda gazanylan degişli ylalaşyga laýyklykda, “Сargoluх” awiakompaniýasy Lýuksemburg — Türkmenbaşy ugry boýunça hepdede 8 gatnawy amala aşyrýardy. Şu ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, her hepdede amala aşyrylýan gatnawlaryň sany 10-a ýetirildi. Ýakynda bu kompaniýanyň ýük gatnawlary tertipnamasyna türkmen paýtagty hem goşuldy.

Sentýabryň başynda Mejlisde Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruslan Bolboçandan ynanç hatyny kabul etmek dabarasy boldy. Ilçiniň belleýşi ýaly, öz ýurdunyň Hökümeti tutuş dünýä bileleşiginiň goldawyna hem-de ykrarnamasyna eýe bolan oňyn daşary syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen dostlukly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak we giňeltmek ugruna ygrarly bolup galýar. Moldowa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde, ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň birnäçesinde we Senagatçylar hem-de telekeçiler birleşmesinde kabul edildi.

7-nji sentýabrda daşary syýasat edarasynda “Türkmenistan — Ysraýyl” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Ýoel Razwozowyň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen Ysraýyl Döwletiniň Knessetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem myhman Mejlisde we Sport baradaky döwlet komitetinde duşuşyklary geçirdi.

Şol günler DIM-de ÝHHG-niň Türkmenistandaky merkeziniň goldaw bermeginde Owganystan boýunça Stambul prosesiniň çäklerinde “Sebitleýin düzümler” (RI-СBM) ynamy berkitmegiň Ölçegleri boýunça Sebitleýin tehniki toparyň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar şu ýyllaryň içinde goňşy ýurdy durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge uly goldaw berýän Türkmenistanyň örän uly ornuny bellediler. Türkmen döwleti iri taslamalaryň başyny başlap, olary durmuşa geçirýär. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan —Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşyklary bar.

SPEKA girýän ýurtlarda üstaşyr ýük gatnawyny amatlaşdyrmakdan başlap, ulag düzümini ösdürmäge çenli möhüm meseleler 7—8-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin (SPEKA) Durnukly ulag, üstaşyr geçirmek we özara baglylyk boýunça iş toparynyň 21-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa SPEKA-nyň agza ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň (BMG ÝYT) hem-de Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we durmuş toparynyň (ESKATO) wekilleri gatnaşdylar. Pikir alyşmagyň barşynda taraplar ulag kommunikasiýalary babatda möhüm wezipeleri çözmäge bir bitewi çemeleşmäni we strategik nazaryň umumylygyny görkezdiler. Şeýle hem ýol-ulag statistikasy we ýol howpsuzlygynyň statistikasy boýunça maslahat geçirildi.

Geçen aýda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň statistika gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň şu ýyl Türkmenistan tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Geňeşiniň 55-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine GDA ýurtlarynyň milli statistika gulluklarynyň, Arkalaşygyň Döwletara statistika komitetiniň, halkara guramalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň çäklerinde oba hojalygynda usulyýet we düzüm barlaglaryny geçirmek meseleleri boýunça tejribe alyşmak üçin maslahat geçirildi. Maslahat BMG-niň Oba hojalyk we azyk boýunça guramasy bilen bilelikde guraldy.

“Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly maslahat ýurdumyzyň energetika pudagynyň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi, täze taslamalaryň tanyşdyrylyşy, ýurdumyzyň kärhanalarynyň hem-de köp sanly daşary ýurt kompaniýalarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitlemek barada habarlary almak üçin giň mümkinçilikleri döretdi. Işi 10-njy sentýabrda tamamlanan iri halkara maslahatyna 126 eksponent, şol sanda ABŞ-dan, Russiýadan, Ýaponiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Türkiýeden, Eýrandan we beýleki ýurtlardan kompaniýalaryň 52-si gatnaşdy.

ÝHHG tarapyndan guralan ýörite okuw maslahatyna onlaýn-serişdelerini dolandyrmaga jogapkär işgärleriň hem-de Mejlisden maglumat tehnologiýalary boýunça hünärmenleriň, hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, esasy ministrlikleriň we maliýe edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Beýik Britaniýadan we Ukrainadan çagyrylan halkara bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilen üç günlük okuwyň esasy ünsi onlaýn-serişdeleriň iş ýörelgelerine gönükdirildi. Olar häzir döwlet edaralarynyň we raýatlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has elýeterli hem-de netijeli usuly hökmünde ykrar edildi. Geçirilen tejribe okuwlarynda olara gatnaşyjylar web-saýtlary dolandyrmagyň düzgünlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hünärmenleriniň her ýyl geçirilýän Moskwa kitap sergisiniň çäklerinde XIII “Kitap sungaty” atly halkara bäsleşigine gatnaşmagy geçen aýyň ajaýyp wakasyna öwrüldi. Bu gezek bäsleşigiň toparyna GDA-nyň ýedi ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan has gyzykly neşir taslamalarynyň 58-si hödürlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitarap Türkmenistan” atly kitaby “Gran-pri” baş baýragyna mynasyp boldy. “Paýhas çeşmesi” kitabynda jemlenen we tertipleşdirilen halk nakyllarynyň we atalar sözleriniň ýygyndysy “Arkalaşyk” diýen ugur boýunça ýeňijiniň diplomyna mynasyp boldy. “Meniň Watanym Bitarap” diýen ösüp gelýän nesillere niýetlenen neşir “Çagalar we ýetginjekler üçin kitap” diýen ugur boýunça, “Merwiň orta asyrlar döwrüniň kitaphanalary we olary esaslandyryjylar” diýen ylmy-köpçülikleýin iş “Medeniýetleriň gatnaşygy” diýen ugur boýunça ýeňijileriň hataryna girdi. “Ylym we innowasiýa” diýen ugur boýunça bolsa Marynyň täsin çeperçilik mekdebine bagyşlanan “Gadymy Merwiň şekillerdäki rowaýaty” atly kitap bäsleşigiň diplomyna mynasyp boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly täze işiniň neşir edilmeginiň jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döredendigini bellemek gerek. Bu eserde halkymyzyň iň söýgüli bagşylarynyň biri bolan beýik türkmen sazandasy Şükür bagşy barada döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bilen özara utgaşdyrylyp beýan edilýän, Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň öňýanynda çapdan çykan bu neşir milli Liderimiziň ähli watandaşlarymyza ajaýyp sowgadydyr. Onuň tanyşdyryş dabarasy sentýabryň ikinji ýarymynda paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde geçirildi.

21—23-nji sentýabrda Aşgabatda «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň halkara kitap sergi-ýarmarkasy hem-de ylmy maslahat geçirildi. Oňa dünýäniň 19 ýurdundan, şol sanda ABŞ-dan, Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Polşadan, Albaniýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Pakistandan we beýleki ýurtlardan eksponentler gatnaşdylar. Forumda ýurdumyzda neşir edilýän edebiýatlar we beýleki neşir önümleri, türkmen ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň döredijiligi bilen daşary ýurtly myhmanlary tanyşdyrmak, duşuşyklary geçirmek we tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikler döredildi.

Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda GDA-nyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Halklaryň gadymy mirasyny goramakda we wagyz etmekde kitaplaryň orny” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň alymlary, kitaphana işiniň hünärmenleri, Arkalaşygyň ýurtlaryndan wekiller gatnaşdy.

14-nji sentýabrda Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň taryhyna nobatdaky şanly sahypany ýazan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçirildi. Eziz Watanymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilen umumymilli maslahat möhüm taryhy waka — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegine beslendi. Onuň işlenip taýýarlanylmagy syýasy ulgamy has-da kämilleşdirmäge, döwletimizi we jemgyýetimizi tapgyrlaýyn demokratiýalaşdyrmaga gönükdirilen konstitusion özgertmäniň dowamyna öwrüldi.

16-njy sentýabrda “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan guralan sebit maslahatyna gatnaşyjylar halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny amala aşyrmakda gazanylan üstünlikler barada bellediler. Merkezi Aziýa ýurtlaryndan, Moldowadan we Gruziýadan degişli edaralaryň hünärmenleri migrasiýa ulgamynda, hususan-da, bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar üçin şertleri döretmekde Türkmenistanyň toplan tejribesi bilen bagly synlar bilen tanyşdyryldy.

Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata gabatlanyp geçirilen media forum sentýabr aýynyň möhüm wakasy boldy. Oňa esasy halkara guramalaryň hem-de düzümleriň, şol sanda BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş toparynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Halkara deňiz guramasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de wekillerini, halkara habarlar agentlikleriniň hem-de teleradioýaýlymlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar öňde boljak ählumumy maslahatyň gün tertibini, birnäçe guramaçylyk we teswirnamalar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Media forumda ikitaraplaýyn duşuşyklar, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hem-de Azerbaýjanyň “Trend” halkara habarlar agentliginiň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Onda habarlar aragatnaşyklary babatda hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.

Şol gün Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata bagyşlanan BMG-niň talyp modeli — 1-nji talyp nusgasyndaky forumy geçirildi. BMG-niň modeli talyplaryň Birleşen Milletler Guramasynyň edaralarynyň işini ýerine ýetirýän pursatlaryny janlandyrýar. Ýaşlar forumyna ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary çagyryldy.

Sentýabr aýynyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Warşawada geçirilen adamzat ösüşine bagyşlanan borçnamalaryň berjaý edilişine garamak boýunça ÝHHG-niň iki hepdelik maslahatyna gatnaşdy. Bu maslahat adam hukuklary boýunça Ýewropada iri maslahatdyr. Ýurdumyzyň wekiliýeti ynsanperwer ulgamynda borçnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly işler boýunça geçirilen pikir alyşmalaryň çäklerinde soňky wagtda geçirilen işleriň esasy netijelerini beýan etdi. Aýratyn ähmiýetli şol işleriň hatarynda adam hukuklary, gender deňligi we adam söwdasyna garşy hereket etmek babatda Hereketleriň milli meýilnamasynyň kabul edilmegi bar.

DIM-de Tatarystan Respublikasynyň senagat we söwda ministriniň birinji orunbasary Ruslan Kabirow bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda Türkmenistan bilen Russiýa Federasyýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri bellenip geçildi.

Aziýanyň sport žurnalistleriniň gününe hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny mahabatlandyrmaga bagyşlanyp, Aşgabatda geçirilen halkara sport media forumynyň geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýer ýüzüniň döwletleriniň arasyndaky dostlukly syýasy, ykdysady, medeni we maglumat aragatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna hyzmat etdi. Bu çäre sportuň üsti bilen, Türkmenistany bütin dünýä tanatmaga çalşylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýola goýlan netijeli aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy, Aziýa oýunlaryna taýýarlanmak boýunça görülýän çäreleriň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň duşuşygynyň esasy meseleleri boldy.

Media forumyň çäklerinde 22-nji sentýabrda “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda sport çärelerini beýan etmekde uly goşant goşan daşary ýurtlaryň iň oňat ussat žurnalistlerine Aziýa sport metbugaty birleşigi tarapyndan döredilen hormatly sylaglar gowşuryldy.

Aşgabatda bolan günlerinde foruma gatnaşyjylar — daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýurdumyzyň üstünlikleri, halkara sport hereketine goşulyşýan türkmen sportunyň toplumlaýyn ösdürilmegi boýunça görülýän çäreler bilen ýakyndan tanyşdylar. Aziada — 2017-niň — Olimpiýa şäherjiginiň baş meýdançasynyň desgalary myhmanlarda uly täsir döretdi. Bu ýerde türgenler görkezme çykyşlary bilen V Aziýa oýunlarynyň sport maksatnamasyndaky sportuň görnüşlerini görkezdiler.

16-njy sentýabrda bu ýerde 18 ýaşa çenli bolan ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça halkara synag ýaryşynyň badalga alandygy bellärliklidir. Oňa Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Ukrainadan, Gazagystandan, Täjigistandan, Gyrgyz Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan türgenleriň 100-e golaýy gatnaşdy. Bu halkara ýaryşyň kubogyny Türkmenistanyň ýygyndysy eýeledi. Ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşy hem umumytoparlaýyn hasapda türkmenistanlylaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň topary medallaryň 44-sini — 15 altyn, 13 kümüş we 16 bürünç medaly eýeledi. Daşary ýurtly hünärmenleriň belleýşi ýaly, Aşgabadyň üsti ýapyk sport desgalary diňe bir Aziýadaky däl, eýsem, dünýädäki şunuň ýaly iň oňat sport toplumlaryndan asla kem däldir.

Türgenleriň we tälimçileriň uly hyzmatlarynyň hem-de üstünlikleriniň ählumumy ykrar edilmegi döwletimiziň olary halkara derejede hünärine ussat edip taýýarlamaga uly üns, hemmetaraplaýyn goldaw berýändiginiň subutnamasydyr. Ine, şu ýylyň sentýabrynda halkara “Ussat” (VII dan) we Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýew ITF taekwondonyň ýörite ordenine — tapawutlandyryşyň iň ýokary nyşanyna mynasyp boldy. Bu orden söweş sungatyny ösdürmäge aýratyn goşant üçin gowşurylýar. Ordeniň gowşurylyş dabarasy Andriýa şäherinde (Italiýa) geçirilen ýetginjekleriň we ulularyň arasyndaky dünýä çempionatynyň çäklerinde bolup geçdi. Hut A.Atabaýewiň 1991-nji ýylda taekwondonyň Türkmenistandaky ilkinji sport bölümini esaslandyryjy bolandygyny ýatlap geçmek ýerliklidir. Şu ýylyň iýul aýynda bolsa meşhur ildeşimiz, yklymyň Aziýa böleginde görnükli hünärmen we gözükdiriji ITF taekwondonyň Tokio şäherindäki (Ýaponiýa) sport mekdepleriniň 5-sinde tälimçilik okuw maslahatlaryň 5-sini geçirdi. Şolarda ol halypaçylyk işleriniň tejribesini paýlaşdy hem-de halkara sport derejesinde öňdäki orunlary eýeleýän koreý söweş sungatynyň türkmen mekdebiniň üstünlikleri barada gürrüň berdi.

Sport ulgamyndaky ýeňişler baradaky gürrüňi dowam edip, geçen aýda türkmenistanlylaryň pälwanlarymyzy hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyny dabaraly ýagdaýda hormatlandygyny belläp geçeliň, olar Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Yssyk kölüň kenarynda dünýäniň 62 ýurdundan 1 müňe golaý türgeni bir ýere jemlän çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlaryna gatnaşdylar. Ozal habar berlişi ýaly, bu uly ýaryşlarda ildeşlerimiz sportuň göreş görnüşleriniň dördüsinde—milli türkmen göreşinde, alyş guşakly göreşinde, gazak we gyrgyz göreşinde üstünlikli çykyş etdiler hem-de medallaryň 23-sine—15 altyn, 2 kümüş we 6 bürünç medala mynasyp boldular.

Milli ýygyndymyz Danang şäherinde (Wýetnam) geçirilen V Aziýa kenarýaka oýunlarynda hem üstünlik gazandylar. Biziň türgenlerimiz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlarda medallara mynasyp boldular.

Jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň möhüm wakalaryna dolanyp gelip, 20-nji sentýabrda DIM-de Aziýanyň Ösüş bankynyň wekiliýeti bilen duşuşygyň geçirilendigini bellemek gerek. Bu wekiliýet bankyň prezidenti jenap Nakao Takehikonyň ýolbaşçylygynda Aşgabada geldi. Duşuşygyň çäklerinde, Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş bankynyň hyzmatdaşlyk etmeginiň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alyşmalar boldy. Sebitiň iri maliýe düzüminiň wekiliýeti mundan beýläk-de bilelikde işlemäge taýýardygyny nygtap, deňhukuklylyk we özara ynanyşmak esasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklara kanagatlanma bildirdi.

22—23-nji sentýabrda Astrahanda ikinji Hazar media forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň agzalary maglumat syýasaty, internet-žurnalistikasy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, media-işewürlik hem-de häzirki zaman tehnologiýalary peýdalanmak ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak baradaky meselelere degişli “tegelek stollara” hem gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň işine gatnaşmagy geçen aýyň esasy wakalarynyň biri boldy. Şonda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlary, dünýä we sebit ähmiýetli möhüm meseleler boýunça biziň döwletimiziň ileri tutýan ýörelgeleri beýan edildi. Ählumumy forumda Türkmenistanyň Durnukly ösüşiň maksatlarynyň ählumumy görkezijileri milli derejede resmi taýdan kabul eden ilkinji döwletleriň biri bolandygy yglan edildi. Şol görkezijiler durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet maksatnamalary düzülende we ýerine ýetirilende peýdalanylar.

23-nji sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasynda 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda oňlanylan taryhy “Pariž ylalaşygyna” Türkmenistan tarapyndan gol çekildi. Bu möhüm resminama goşulmagy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmeginde dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkär we ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde ýurdumyzyň abraýyny aýdyň tassyklaýar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Nýu-Ýorka bolan iş saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti duşuşyklaryň tapgyryny, şol sanda BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun we onuň orunbasarlary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň başlygy Piter Tomson hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, Terrorçylyga garşy komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Žan-Pol Laborde bilen duşuşyklary geçirdi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň wekiliýeti birnäçe döwletleriň daşary işler ministrleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi hem-de “Türkmenistan—ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyklary geçirdi. Iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň we Indoneziýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn geňeşmeler boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bilelikdäki çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzyň BMG-niň aýry-aýry düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändiginden habar berýär. Halkara söwdanyň statistikasyny kämilleşdirmek Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika bölümi, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti we BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan guralan sebitleýin okuw maslahatynyň esasy meselesi boldy. Oňa BMG-niň Statistika bölüminiň, Eýranyň, Hytaýyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň statistika gulluklarynyň wekilleri, Gazagystanyň hem-de Hindistanyň ykdysadyýet we söwda boýunça döwlet düzümleriniň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.

23-nji sentýabrda Mejlisde Täze Zelandiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ian Hillden ynanç haty kabul edildi. Parlamentde we DIM-de geçirilen duşuşyklaryň barşynda myhmana ýurdumyzyň yzygiderli ykdysady ösüşine, durmuş ulgamyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen esasy milli hem-de halkara taslamalar we maksatnamalar barada habar berildi.

26—27-nji sentýabrda Tähranda konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky 12-nji mejlisi geçirildi. Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy bilen tanşyp, konsullyk meseleleriniň hukuk ugurlary, serhet barlagy, gümrük bölümlerini netijeli dolandyrmagy ýola goýmak meselelerinde özara hereket etmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

27-nji sentýabrda Bernde türkmen-şweýsar syýasy geňeşmeleri geçirildi. Onuň barşynda syýasy we söwda-ykdysady ulgama aýratyn üns bermek bilen, özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Hususan-da, taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň giň ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanmalaryny beýan edip, Aşgabatda 2017-nji ýylda türkmen-şweýsar işewürler forumyny geçirmegiň zerurdygyny hem-de ýola goýlan gatnaşyklaryň ösdürilmegini ulgamlaşdyrmak we goldamak üçin hakyky iş guraly bolup biljek Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyny döretmegiň wajypdygyny bellediler. Şeýle hem Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda yzygiderli esasda syýasy geňeşmeleri guramak hakynda, ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek barada ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň ägirt uly kuwwatyny görkezmek “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Bütindünýä syýahatçylyk gününe bagyşlanylan “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara serginiň hem-de maslahatyň baş maksady boldy. Şu ýyl Hazaryň türkmen kenarynda 22 ýurtdan wekiliýetleri jemlän däp bolan forum ýurdumyzyň daşary döwletler bilen özara bähbitli aragatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde, häzirki zaman syýahatçylyk düzümlerini döretmek ulgamynda tejribe alyşmakda barha uly ähmiýete eýe bolýar.

Soňky wagtda tutuş dünýä boýunça geçirilýän köp sanly sergiler we maslahatlar öňde boljak şanly senä—Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanýar. Sinin şäherinde—Hytaý Halk Respublikasynyň Sinhaý welaýatynyň merkezinde ýurdumyzyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan köptaraply forum guraldy. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary onuň esasy mowzuklarynyň biri boldy.

Forumy Sinhaý welaýatynyň Milletler uniwersitetinde 26-njy sentýabrda geçirilen, ýurdumyzyň sportda, bilimde, ykdysadyýetde gazananlarynyň tanyşdyryş çäresi açdy. Şol gün Sininde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sinhaý welaýatynyň Bilim departamentiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu resminama talyplary alyşmagyň, tejribe alyşmagyň, türkmen we hytaý dillerini öwrenmek boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini göz öňünde tutýar.

Sinin şäherindäki çäreleriň maksatnamasyna sergiden we sport festiwalyndan başga-da, Türkmenistanyň söwda merkeziniň açylmagy girizildi. Şol ýerde ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň giň görnüşleri görkezildi. 27-nji sentýabrda Hytaýyň beýleki bir şäheri Urumçide Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Sindzýan welaýatynyň uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilendigi bellärliklidir.

Astrahan şäheriniň Deňiz we derýa ulaglary Hazar institutynda geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyk 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň özboluşly tanyşdyrylyşy boldy. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) konsullygynyň guramaçylyk taýdan goldaw bermeginde geçirilen duşuşyk Astrahan oblastynyň Halkara we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hem-de Bedenterbiýe we sport ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini hem-de kowçum bolup ýaşaýan türkmenleri, talyp ýaşlary bir ýere jemledi.

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Medeniýet günleri güýzüň ilkinji aýyna ajaýyp öwüşgin çaýdy. Onuň açylyş dabarasy 27-nji sentýabrda Er-Riýad şäherinde Patyşa Fahd adyndaky Medeniýet merkezinde geçirildi. Döredijilik çäresi dostlukly halklaryň taryhy, ruhy we medeni däpleriniň umumylygyna esaslanýan netijeli hem-de depginli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýdyň nusgasyna öwrüldi. Medeniýet günleriniň dürli çärelere baý bolan maksatnamasy Saud Arabystanynyň ýaşaýjylaryna türkmen halkymyzyň baý medeniýeti, özboluşly däp-dessurlary, ösüşiniň ýagdaýlary hem-de häzirki zaman sungatynyň eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel—2016” atly X halkara sergisi hem-de onuň çäklerinde geçirilen ylmy maslahat geçen aýyň ýatda galyjy wakalarynyň biri boldy. Ony Aragatnaşyk ministrligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurady.

29-njy sentýabrda Mejlisde Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Piter Martin Teşden ynanç hatyny kabul etmek dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň Mejlisinde hem-de Daşary işler ministrliginde bolan duşuşygynyň barşynda diplomat iki dostlukly halkyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge işjeň ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Geçen aýyň möhüm wakalaryna berlen umumy syny jemläp, syn berilýän aýda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary hem-de abraýly halkara guramalary bilen geçiren dürli duşuşyklarynyň, syýasy geňeşmeleriniň, işewür gepleşikleriniň we maslahatlarynyň ösüşiň we abadançylygyň bähbitlerine köptaraply halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ajaýyp üstünlikleriniň we gazananlarynyň aýdyň beýanyna öwrülendigini bellemek bolýar.