Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti 4-5-nji oktýabrda Belgiýanyň paýtagtynda geçirilen Owganystanyň ösmegi bilen bagly meselelere bagyşlanylan “Abadançylygyň we parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşdy. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletiň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berip, dostlukly Owganystan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga Türkmenistanyň uly üns berýändigi nygtaldy.
Işine BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, daşary ýurtlaryň 76-synyň ýokary derejeli wekiliýetleri hem-de halkara we sebit guramalarynyň 26-synyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşan maslahatyň gün tertibine Owganystanda parahatçylygy gazanmak hem-de howpsuzlygy üpjün etmek maksatlarynda umumy tagallalary birleşdirmäge, onuň ykdysady we durmuş düzümlerini dikeltmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.
Türkmen tarapy maslahatda çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde öňe süren başlangyçlaryny ýene-de beýan edip, ýurdumyzyň Owganystan boýunça parahatçylykly gepleşikleri guramak üçin öz syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady. Mundan başga-da, maslahata gatnaşyjylar Owganystan üçin hem-de onuň gatnaşmagynda iri möçberli ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilişi baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Şu babatda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, wekiliýetleriň baştutanlary we beýleki çykyş edenler TOPH gaz geçirijisine, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluna, türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana hem-de Pakistana iberlişiniň möçberleriniň artdyrylmagyna, awtomobil ýolunyň hem-de bu ugurda optika-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygyna degişli taslamalaryň ähmiýetini aýratyn bellediler. Bu taslamalaryň ählisiniň diňe bir Owganystanyň dikeldilmegine, onuň häzirki zaman dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna däl-de, eýsem, Aziýa sebitinde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleriniň çözülmegine-de ýardam berjekdigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan tarapyndan goňşy döwlete berilýän goldawyň möhüm ugurlarynyň biriniň ynsanperwer häsiýetli kömek, ykdysadyýetiň dürli pudaklary we durmuş ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak bolup durýandygy bellenildi. Türkmenistan owgan halkyna mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn kömek berer. Şu maksat bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýörite meýilnama tassyklanyldy, onda Owganystanda yzygiderli esasda durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
Halkara maslahatynyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler. Onda TOPH gaz geçirijisiniň, sebitde demir ýollaryň hem-de elektrik geçiriji ulgamlarynyň gurluşygynyň goldanylýandygy bellenilýär, şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyny (RECCA VII) geçirmäge taýýardygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk beýan edilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2007-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa boýunça Strategiýasyny kabul etdi. Ony durmuşa geçirmek maksady bilen Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde her ýyl duşuşyklar geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetiniň 4-nji oktýabrda Brýusselde geçirilen şeýle duşuşyga gatnaşandygy habar berildi. Onuň gün tertibine şu Strategiýanyň durmuşa geçirilişine, söwda-ykdysady ulgamda we beýleki birnäçe ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilişine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.
Türkmen wekiliýetiniň çykyşynda ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigi bellenildi hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, energetika, ulag, ekologiýa, şol sanda howanyň üýtgemegi we suw serişdelerinden peýdalanmak ýaly möhüm ulgamlarda ysnyşykly özara hereket etmegiň zerurdygy nygtaldy. Şeýle hem howpsuzlyk boýunça halkara maslahatynda 2011-nji ýylda kabul edilen Aşgabat jarnamasyny we hereketleriň degişli meýilnamasynyň düzgünlerini ýerine ýetirmegiň wajyp ähmiýeti bellenildi. Şolarda BMG-niň Terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasynyň esasy ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.