Ï Parahatçylyk we döredijilik syýasaty ýurdumyzyň batly depginler bilen ösmeginiň girewidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parahatçylyk we döredijilik syýasaty ýurdumyzyň batly depginler bilen ösmeginiň girewidir

view-icon 1500
Geçen hepdäniň wakalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň içerki ösüş strategiýasyny amala aşyrmakda hem-de giň halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen , ýokary halkara abraýa eýe bolan, açyk daşary syýasaty durmuşa geçirmekde alan ugrunyň näderejede oýlanyşyklydygyny hem-de takykdygyny aýdyň görkezýär.

Beýleki döwletler, iri halkara guramalary bilen döwrüň wajyp meseleleriniň çözgüdini tapmak maksadyny nazarlaýan işjeň gatnaşyklar Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine hemme tarapdan goşulyşmagyna ýardam etmäge gönükdirilen syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 7-nji oktýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde munuň bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, hökümet maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň 4-5-nji oktýabrda Belgiýa Patyşalygynyň paýtagty Brýussel şäherinde geçirilen «Abadançylygyň we parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly maslahata gatnaşandygy barada habar berildi.

Işine BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, daşary ýurtlaryň 76-synyň ýokary derejeli wekiliýetleri hem-de halkara we sebit guramalarynyň 26-synyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşan maslahatyň gün tertibi boýunça Owganystanda parahatçylygy gazanmak hem-de howpsuzlygy üpjün etmek maksatlarynda umumy tagallalary birleşdirmäge, onuň ykdysady we durmuş düzümlerini dikeltmäge, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy maslahatda çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji mejlisinde öňe süren başlangyçlaryny ýene-de beýan edip, ýurdumyzyň Owganystan boýunça parahatçylykly gepleşikleri guramak üçin öz syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady. Mundan başga-da maslahata gatnaşyjylar Owganystan üçin hem-de onuň gatnaşmagynda iri möçberli ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilişi baradaky maglumatlar bilen tanyşdyryldy. Şu babatda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, wekiliýetleriň baştutanlary we beýleki çykyş edenler TOPH gaz geçirijisine, Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluna, türkmen elektrik energiýasynyň Owganystana hem Pakistana iberilişiniň möçberleriniň artdyrylmagyna, awtomobil ýolunyň hem-de bu ugurda optika-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygyna degişli taslamalaryň ähmiýetini aýratyn bellediler. Bu taslamalaryň ählisiniň diňe bir Owganystanyň dikeldilmegine, onuň häzirki zaman dünýä hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna däl-de, eýsem, Aziýa sebitnde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleriniň çözülmegine-de ýardam berjekdigi nygtaldy.

Halkara maslahatyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler. Onda TOPH gaz geçirijisiniň, sebitde demir ýollaryň hem-de elektrik geçiriji ulgamlaryň gurluşygynyň goldanýandygy bellenilýär, şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyny geçirmäge taýýardygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk beýan edilýär.

Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-2017-nji okuw ýylynda Owganystan Yslam Respublikasynyň 30 raýatyny tölegsiz esasda S,Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna bir ýyllyk dil öwreniş okuwlaryna, geçen okuw ýylynda birýyllyk dil öwreniş okuwlaryny tamamlan owgan ýaşlarynyň 26-syny bolsa Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesine, ýagny Halkara nebit we gaz uniwersitetine, Türkmen oba hojalyk institutyna, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna we beýlekilere okuwa kabul etmäge Bilim ministrligine ygtyýar berýän Buýruga gol çekdi.

Mejlisiň barşynda geçen hepdede Ýewropa Bileleşiginiň hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde Brýusselde her ýyl geçirilýän duşuşyk bilen baglylykda, ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi.

Milli Liderimiz Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň köptaraplaýyn hem-de ikitaraplaýyn görnüşde Ýewropa Bileleşigine agza döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Baştutany özara bähbitli hyzmatdaşlygy söwda-ykdysady ulgam, energetika, ulag we aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar hem-de medeni-ynsanperwer ulgam ýaly geljegi uly ugurlarda işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Şol gün, 7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny işe girizmäge bagyşlanan maslahat geçirdi. Oňa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň maslahatda belleýşi ýaly, häzirki wagtda sebit we sebitara hyzmatdaşlygynyň düzümini ösdürmegiň giňişleýin nusgasynyň esasy hökmünde transmilli ulag geçelgelerini döretmek has möhüm we derwaýys wezipä öwrülýär. Halkara ulag geçelgelerini ösdürmek Türkmenistanyň daşary hem-de içeri ykdysady bähbitlerine laýyk gelýär. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdylanda bolsa, ol durnuklydyr we hemmelere mälimdir. Şol ugurlaryň hatarynda işjeň parahatçylyk döredijilik syýasatyny, Merkezi Aziýada goşulyşmak ýagdaýyny, Ýewropanyň we GDA-nyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy, beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary görkezmek bolar.

Şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda ulag ugruna bagyşlanyp ýokary derejeli Ählumumy maslahat geçiriler. Biziň ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasy bu maslahatyň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Şeýle forumyň türkmen paýtagtynda geçirilmegi tötänden däldir, çünki ýurdumyz Ýewraziýa yklymynyň esasy haryt-ulag ugurlarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, möhüm ulag-üstaşyr we kommunikasion merkez bolup durýar. Türkmenistan özara bähbitli ykdysady döwletara we sebitara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, ýük hem-de ýolagçy dolanyşygynyň üstaşyr geçirilmeginiň giňeldilmegine saldamly goşant goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Aziýa sebitiniň döwletleriniň arasynda ulag gatnawlarynda Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesi möhüm ulgam bolmalydyr. Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoly onuň esasy böleginiň biridir. Birinji tapgyrda bu taslamanyň demir ýoluň ýurdumyzyň çäginde uzynlygy 85 kilometre barabar bolan Atamyrat — Ymamnazar ýolunyň gurluşygy ýerine ýetirildi. Atamyrat —Ymamnazar — Akina polat ýolunyň umumy uzynlygy 88 kilometre deňdir. Ymamnazar (Türkmenistan) we Akina (Owganystan) serhetýaka nokatlarynyň arasyndaky böleginiň uzynlygy 3 kilometre barabardyr. Şeýlelikde, bu demir ýolulag magistraly Aziýa demir ýol geçelgesiniň nobatdaky «altyn halkasyna», ol bolsa, öz nobatynda, ägirt uly iki yklymy - Ýewropany we Aziýany birleşdirýän ulag kommunikasiýalarynyň ulgamynyň möhüm bölegine öwrüler.

Ýoluň işe girizilmegi bilen Owganystanda hem uly durmuş-ykdysady netijä garaşylýar, çünki transmilli demir ýoluň çekilýän ýerinde, kada bolşy ýaly, awtomobil ýoly, elektrik geçiriji ulgam, turbageçirijiler hem gurulýar. Şeýle düzümiň döredilmegi netijesinde polat ýollaryň geçýän çäginiň keşbi düýpli özgerýär, olaryň ugrunda şäherçeler peýda bolýar, iri önümçilik desgalarynyň golaýynda şäherler gurulýar. Täze iş orunlarynyň müňlerçesi döredilýär, tutuş sebitleriň senagat taýdan ösüşi äşgär duýulýar.

Täze demir ýolunyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň «Ymamnazar» gümrük nokadynda nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ugratmak boýunça terminalyň ulanmaga beriljekdigini hem belläp geçeliň.

Döwlet Baştutanymyzyň 3-nji oktýabrda geçiren ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynda paýtagtymyzda we sebitlerde durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýerine ýetirilişine, oba hojalyk işleriniň -güýzlik bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň barşyna, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegine taýýarlyk görlüşine garaldy.

Mundan başga-da, geçen hepde hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň dokuz aýynda alyp baran işleriniň jemlerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we hukuk goraýjy düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, özlerine ynanylan ýerlerdäki işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatlaryny diňledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň golf ulgamynda ýöriteleşen belli “Niklaus Dizaýn” kompaniýasynyň baştutany Jek Niklaus bilen bolan duşuşygynyň barşynda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanylýan sport ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem geçen hepdede ýurdumyzda giňden bellenilen Harby-deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli habarlar maglumat giňişliginde öz ornuny tapdy.

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Hukuk döwletiniň berkarar bolmagy: milli tejribe we dünýä ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine bagyşlanan wekilçilikli foruma Owganystandan, Eýrandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan we beýleki döwletlerden köpsanly myhmanlar, alymlar hem-de parlamentiň agzalary gatnaşdylar.

Forumyň işine Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Daşary işler ministrliginiň işgärleri, halkara guramalaryň wekilleri we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň talyplary hem-de professor-mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň bilermenleri çagyryldylar.

Çykyşlarda, kabul edilen ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň rejelenen görnüşiniň tutuş halkymyzyň umumy erkini alamatlandyrmak, 25 ýylyň içinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, jemgyýetimiziň uzak geljek üçin oňyn we demokratik ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitleýändigi nygtaldy.

Döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de bazar gatnaşyklaryna geçilmegi we başga-da köpsanly şertler dünýäde ykdysady taýdan durnuksyzlygyň bardygyna garamazdan, ýurdumyzyň sazlaşykly ykdysady ösüşini üpjün etdi. Häzirki çylşyrymly döwürde kuwwatly we köp ugurly ykdysadyýet durmuş ulgamyna degişli birnäçe möhüm meseleleri netijeli çözmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa halkymyzyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz halkymyzyň bagtyýar durmuşy, adamlaryň abadançylygy üçin ähli şertleri döredýär. Türkmenistany gülläp ösýän künjege öwürmäge gönükdirilen Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi alnyp barylýan ägirt uly işleriň möhüm bölegi bolup durýar. Aşgabatda 8-nji oktýabrda, şenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda güýzki köpçülikleýin bag ekmek möwsümine badalga berildi.

Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk ýowaryna 340 müňe golaý adam gatnaşdy. Köpçülikleýin bag ekmek çäresi diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ähli welaýatlarda ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi halkymyzyň mähriban topraga bolan söýgüsini alamatlandyran çäre boldy. Ýowar gününde saýaly we pürli agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy. Onuň barşynda täze bag nahallaryny oturtmak bilen bir hatarda, ozal bar bolanlaryna ideg işleri hem geçirildi. Bu bolsa baglaryň degişli derejede ösmegine mümkinçilik berýär.

Milli sport we syýahatçylyk institutynda “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy!” şygary bilen geçirilýän VIII uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy. Uniwersiadanyň geçirilmegi talyplaryň arasynda köpçülikleýin sport hereketini wagyz etmäge we olaryň arasyndan has zehinli türgenleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Bu gezekki sport çärelerine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly talyplaryň 6 500-e golaýy gatnaşýar. Onuň dowamynda sportuň 22 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşikler geçiriler. Turniriň ýeňijileri noýabr aýynda kesgitlener.

Synymyzy jemlemek bilen, ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň agzybirlikde gatnaşýan baýramçylyk dabaralaryny we hatyra çärelerini, hakykatdan-da, milli seneler diýip atlandyrmak bolýandygyny bellemelidiris. Her bir adamyň umumy taryha, medeniýete dahyllydygyny duýmagy, oňa tolgunmagy ýaly duýgular tutuş halkymyzy jebisleşdirýär. Ähli uruşlarda wepat bolan gahrymanlary, şeýle hem 1948-nji ýylyň ýer titremesinde şehit bolan ildeşlerimizi ählihalk tarapyndan ýatlama çäresi ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda geçirilýär. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda guralan gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Hatyra güni mynasybetli paýtagtymyzda we Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda ýatlama çäreleri geçirildi we sadakalar berildi.

Halkymyzyň agzybirlikde çäre guramak ýaly asylly çäreleri milletimiziň bitewüligini pugtalandyrýar. Halkymyzyň beýik ruhy dessurlary milli häsiýeti esaslandyrýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan paýhasly pederlerimiziň şöhratly däplerini mynasyp dowam edýär. Geçmiş hakyndaky mukaddes hakydany kalbynda saklap we ony asylly işler bilen baýlaşdyryp, ýurdumyz häzirki döwürde bagtly geljegine tarap ynamly gadam urýar.