Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
Sizi Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmen döwletiniň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu sergide siziň hemmäňizi hoş gördük!
Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanmak bilen, sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolnandan bäri geçen, taryh üçin uzak bolmadyk döwürde ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler, uly möçberli işler amala aşyryldy we bu ugurda alnyp barylýan işler depginli dowam etdirilýär. Häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalar gurlup, ulanmaga berilýär, halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýan, bäsleşige ukyply önümler öndürilýär. Bu bolsa biziň milli ykdysadyýetimizi has-da pugtalandyrmaga oňaýly täsir edýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş maksatly döwrebap binalaryň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, bilim-terbiýeçilik, saglygy goraýyş edaralarynyň, üpjünçilik ulgamynyň desgalarynyň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar.
Bu sergi ýurdumyzyň ykdysady pudaklarynda ýetilen sepgitler bilen bir hatarda, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde üpjün etmek, nesillerimiziň bagtyýar zamanada sagdyn we ylym-bilimli ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan işlerimiziň hem aýdyň beýany bolar.
Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklar, dünýäniň iň kämil, öňdebaryjy tehnologiýasy ornaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli önümler, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylýan ösüşler bizi örän buýsandyrýar. Munuň özi mähriban Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe batly depginler bilen durnukly ösýändigini aýdyň görkezýär.
Bu gazanylýan netijelerde ykdysadyýetiň hususy pudagynyň hem mynasyp goşandy bardyr. Şonuň üçin hem, ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde döwlet eýeçiligindäki edara-kärhanalar bilen bir hatarda, hususy telekeçileriň hem gazanan üstünliklerine uly orun berlip, olaryň öz mümkinçiliklerini görkezmegine oňaýly şertler döredildi.
Gadyrly myhmanlar!
Mähriban adamlar!
Sergide ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmegiň geljekki meýilnamalary bilen tanyşmaga hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklary we gepleşikleri geçirmäge hem mümkinçilik döredilendigi bu uly we möhüm çäräniň netijeliligini has-da artdyrar.
Sizi Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp geçirilýän sergisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow