14-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017—2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.
“Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň we täze iş orunlaryny döretmegiň 2015—2020-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň” çäklerinde işlenip taýýarlanan meýilnamany amala aşyrmak ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, welaýat we Aşgabat şäher häkimlikleriniň üstüne ýüklenildi. Şeýle hem maýyplygy bolan adamlaryň şahsy zähmet we telekeçilik işlerini amala aşyryp bilmegi, olaryň öz işini ýöretmegi üçin mümkinçilikleri artdyrýan çäreler görler.
Resminama Türkmenistanyň tassyklan BMG-niň maýyp adamlaryň hukuklary hakynda Konwensiýasyna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Halkara borçnamalardan başga-da, ýurdumyzda adamlaryň durmuş goraglylygy baradaky meselelere aýratyn üns berilýär. Çünki biziň ýurdumyzda adam hakynda alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi. Maýyplygy bolan adamlaryň iş üpjünçiligi bilen bagly meseleler boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan täze maksatnamalaýyn resminama saglyk mümkinçilikleri çäkli adamlaryň durmuş-zähmet hukuklaryny dikeltmäge, olaryň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Mümkinçiligi çäkli adamlara doly bilim bermek Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakynda Konwensiýanyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Sowatlylyk maýyp adama jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşmaga ýardam edýär, mertebe we özüni hormatlamak duýgusyny ösdürýär, şahsyýetiň kemala gelmegine, ukyplarynyň we zehinleriniň açylmagyna ýardam edýär.
Konwensiýa laýyklykda, oňa gatnaşýan döwletler maýyp adamlara ýaşaýan ýerlerinde ýokary hilli we muzdsuz başlangyç we orta bilime bolan hukugy üpjün edýärler, ýokary bilime, şeýle hem hünär okuwyna mümkinçiligi döredýärler.
Ýurdumyzda maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklaryny amala aşyrmak we goramak bilen bagly maksatlaýyn çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýan Karara gol çekilen güni Türkmenabat şäheriniň ker çagalar üçin 5-nji döwlet mekdep-internatynda okuw ýyladyşhana hojalygynyň açylmagynyň çuňňur manysy bardyr. Bu ýerde zähmet sapaklary, ösümlikçilik boýunça okuwlar geçiriler. Taslama çagalara ýetişenlerinde peýdaly bolup biljek zähmet endiklerini almak mümkinçiligini döredýär.
Bu okuw mekdebinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan eşitmek ukyby bozulan çagalaryň 200-den gowragy ýaşaýar, terbiýelenýär we bilim alýar. Bu ýerde çagalar 1-nji synpdan başlap, mekdebi tamamlaýança bilim alýarlar, soňra olara orta bilim hakyndaky diplom gowşurylýar. Olar barada mugallymlaryň, terbiýeçileriň, lukmanlaryň we beýleki hünärmenleriň 140-dan gowragy alada edýär.
Mekdep-internatyň çäginde döwrebap ýyladyşhananyň açylmagy maýyp çagalaryň bilimini çuňlaşdyrmakda möhüm goldawa öwrüldi. Mundan başga-da, ýetişdirilen ýokumly önümler — ter, gök miweler mekdebiň çagalarynyň saçagyny bezär.
Ýyladyşhana hojalygy 346 inedördül metre golaý meýdany eýeleýär. Bu ýerde damjalaýyn suwaryş usuly ulanylýar. Bug gazanlaryň ikisi güýz-gyş paslynda ýyladyşhananyň howa düzgünini üpjün edýär. Çagalara ekerançylygyň esaslary, kömekçi hojalygy ýöretmek barada bilim bermek üçin şertler hem oýlanyşykly döredilipdir. Tutuş ýylyň dowamynda mekdebiň okuwçylary gök-miwe önümlerini, gülleri özbaşdak ýetişdirip bilerler. Häzir bu ýerde hyýaryň we pomidoryň şitilleriniň 830-sy ekildi.
Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň bagtly ýaşamagy üçin gowy şertleri döretmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän durmuş ugurly syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde gurlan mümkinçiligi çäkli çagalar üçin her biri 420 orunlyk dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumlary munuň aýdyň mysalydyr.
Bu iri durmuş maksatly taslamany amala aşyrmak başlangyjy milli Liderimize degişlidir. 2014-nji ýylda ulanmaga berlen bu toplumlar adaty mekdepde bilim almaga mümkinçiligi bolmadyk çagalaryň has oňaýly bejergi almagy we okamagy üçin zerur bolan ähli şertleri göz öňünde tutýar.
Her bir çagalar şäherjiginde okuw, dolandyryş, bejeriş, ýatmak üçin niýetlenen binalar we beýlekiler bolup, olarda lukmanlaryň otagy, dermanhana, sagaldyş merkezi, okuw-önümçilik ussahanalary, sport zaly, howuzlar, naharhana we şuňa meňzeşler ýerleşendir. Ýöriteleşdirilen bölümler dürli saglyk ýagdaýlaryndaky mümkinçilikleri çäkli bolan: kerler we çala eşidýänler, körler we çala görýänler we beýlekiler üçin çagalaryň ruhy-beden taýdan aýratynlyklary nazarda tutulyp enjamlaşdyrylypdyr. Olar üçin ýaşaýyş otaglary we synp otaglary degişli derejede gurnalypdyr.
Her bir çaganyň öz başarnygyny beýan etmegi, öz döredijilik ukybyny kemala getirmegi üçin şertleri döretmek şeýle ýöriteleşdirilen edaralaryň ileri tutýan wezipeleri bolup durýar. Mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň lukmançylyk taýdan dikelmegine we durmuşa uýgunlaşmagyna ilkinji nobatda üns berilýär. Bejeriş-sagaldyş merkezleri Germaniýadan, Russiýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan satyn alnan häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Rentgen, elektrokardiografiýa, hirurgiýa, stomatologiýa, sanjym, oftalmologiýa, owkalaýyş otaglary we beýlekiler bar.
Toplumyň düzümine girýän mekdeplerde we çagalar baglarynda çagalar trenažýorly sport zallarynda, açyk meýdançalarda, howuzlarda bedenterbiýe bilen meşgullanyp bilýärler. Daýanç-hereket ediş ulgamy näsag çagalar üçin aýratyn elektroarabalardan başga-da, hereketlendiriş enjamlary göz öňünde tutulandyr. Şolaryň kömegi bilen olar binanyň gatlaryna özbaşdak münüp we düşüp bilýärler. Hereket etmek mümkinçiligi çäkli bolan çagalar üçin ýörite liftler, adaty basgançaklaryň ýerine bolsa panduslar gurnalandyr.
Gyzyklanmalaryna we ýykgyn edýän ukyplaryna baglylykda, uly ýaş toparyndaky çagalar ol ýa-da beýleki hünär bilen meşgullanyp bilýär. Ussahanalardan başga-da, çeper döredijilik, saz we tans studiýalary bar. Şeýlelikde, okuw-terbiýeçilik toplumlarynda her bir çaganyň oňaýlylygy we amatlylygy üçin hemme şertler döredilendir. Olar bu ýerde öýüň ýylysyny hem, terbiýeçileriň, mugallymlaryň we lukmançylyk işgärleriniň aladasyny hem duýup bilýärler. Olaryň tagallalary netijesinde çagalar daşky dünýä tiz öwrenişip biler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, maýyplygy bolan adamlara ýokary hünärli lukmançylyk kömegini bermekden, bilim almaga goldaw bermekden, durmuş ýeňilliklerini bermekden, kömek pullaryny tölemekden başga-da, döwlet oňaýly şäher gurşawyny döretmek, beden taýdan mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin ýaşaýyş-durmuş düzümleriniň, hyzmatlar we iş bilen meşgullanmak ulgamynyň elýeterliligini artdyrmak barada hem alada etmelidir.
Gurluşyk taslamalary ýerine ýetirilende, mümkinçiligi çäkli adamlaryň öz öňlerinde päsgelçiliklere duçar bolman, erkin hereket edip bilmekleri üçin desgalaryň abadanlaşdyrylmagyna hökmany talaplar, ýagny ýaşaýyş jaýlaryna, lukmançylyk we bilim edaralaryna, söwda merkezlerine, dolandyryş binalaryna, myhmanhanalara, dynç alyş we sport toplumlaryna, seýilgählere girelgelerde basgançaklaryň ýanynda panduslary gurmak talaby hereket edýär. Maýyplygy bolan adamlaryň zerurlyklary üçin liftler hem, arassaçylyk taýdan otaglar hem, jemgyýetçilik ulaglary hem enjamlaşdyrylýar — münüp-düşmek amatly bolar ýaly, ýörite enjamlaşdyrylan şäher awtobuslarynyň tapgyry satyn alyndy.
Indiki ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriljek sebitde täsin we iň iri desgasy bolan Aşgabatda gurulýan Olimpiýa şäherjiginde hem bu wezipeler iň häzirki zaman derejesinde çözülýär.
Sport bilen meşgullanmak mümkinçiligi çäkli adamlary diňe beden taýdan berkitmän, eýsem, olaryň ruhy ahwalyny we durmuşyny hem düýpli özgerdýär. Maýyp türgenlerimiz sport ýaryşlarynda uly üstünlikler gazanýarlar we şular ýaly üstünlikleri bilen halkymyzy buýsandyrýarlar. Mümkinçiligi çäkli adamlaryň uýgunlaşmagy üçin şeýle oňaýly şertler döredilýän ýurdumyzda jemgyýetçilik psihologiýasy hem özgerýär — olara bolan garaýyş haýyr-sahawatlylyk ýagdaýyndan hormat goýmak ýagdaýyna geçýär.
Mälim bolşy ýaly, maýyplygy bolan adamlaryň hem-de mümkinçiligi çäkli çagalaryň hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen berkidilendir. Şoňa görä-de, ilatyň has gowşak toparlaryny ýörite goldamak boýunça döwlet tarapyndan görülýän çäreler türkmen halkymyzyň köpasyrlyk ruhy däplerine esaslanýan deň mümkinçilikler jemgyýetini döretmäge hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.