Ï Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň bosagasynda Aşgabat şäherinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahaty geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň bosagasynda Aşgabat şäherinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahaty geçiriler

view-icon 1059
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem-de Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Aşgabat şäherinde geçiriljek XIX maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde geçiriljek maslahata daşary ýurtlardan hem-de ýurdumyzdan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary gatnaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň birleşdiriji ähmiýetini belledi. Onuň alyp barýan netijeli işleri oňyn döwletara gatnaşyklary ösdürmäge, ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly goşant bolup durýar.

Milli Liderimiz dünýäniň dürli künjeklerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenler bilen ynsanperwer-medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, wise-premýere Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.