Ï Türkmenistanyň Prezidenti Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

view-icon 1023
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan hem-de öz adyndan Tailand Patyşalygynyň Premýer-ministri general Praýut Çan-Oça Tailandyň Patyşasy Phumipon Adulýadetiň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Tailand Patyşalygynyň dostlukly halkyna duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.