Hormatly ýaşlar!
Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!
Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Milli aýdym-saz sungatymyzy täze aýdymlar bilen baýlaşdyrmakda, ösdürmekde size uly döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!
Bedew bady bilen ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistan döwletimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyny belent sepgitler, uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar boýunça taryhy özgerişler amala aşyrylyp, ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde medeni-durmuş maksatly döwrebap desgalaryň, binalaryň gurluşygy giň gerim bilen alnyp barylýar.
Berkarar döwletimiziň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilmegine, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen maksatnamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, medeniýet ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň zehinli aýdymçy-sazandalary özleriniň döwrebap aýdym-sazlary bilen ýurdumyzda giň gerime eýe bolan taryhy özgerişleri mynasyp wasp edip, milli sungatymyzyň täze eserler bilen baýlaşmagyna uly goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem aýdym-saza höwesli ýaş aýdymçylarda sungat älemine söýgi döretmekde, olaryň zehin-ukyplaryny aýdyň ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Mähriban aýdymçy ýaşlar!
Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda gadymy taryhymyzy, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy öwrenmäge, dünýä ýaýmaga uly ähmiýet berilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde, medeniýetinde aýdym-sazyň tutýan orny örän uludyr. Milli aýdym-sazlaryň üsti bilen halkymyz ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýeläpdir, agzybirligi, halallygy, ynsanperwerligi ündäpdir. Halypa bagşy-sazandalarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan aýdym-sazlary özboluşly watançylyk mekdebidir, türkmen ruhunyň belentligidir.
Şu ýylyň dowamynda geçirilýän medeni çäreler halkymyzyň milli mirasyna aýratyn sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Biz geljekde hem şöhratly taryhymyzy, gadymy mirasymyzy, halypa sungat ussatlarymyzyň çeper döredijiligini öwrenmek hem-de wagyz etmek işlerini üstünlikli dowam ederis. Şeýle döwletli işleriň durmuşa ornaşdyrylmagyna bolsa, siz — ýaşlar öz mynasyp goşandyňyzy goşmalysyňyz.
Gadyrly ýaşlar!
Siziň türkmen aýdym-saz sungatyny baýlaşdyrmak, kämilleşdirmek üçin täze-täze aýdym-sazlary döretjekdigiňize, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä çykmagy ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işlere mynasyp goşant goşjakdygyňyza, kalbyňyzdan joşup çykýan ýakymly aýdymlar bilen bagtyýar watandaşlarymyzy belent maksatlara ruhlandyrjakdygyňyza berk ynanýaryn!
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisini ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, sungat äleminde täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow