Gadyrly «ak altyn» ussatlary!
Merdana pagtaçylar!
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda sahawatly türkmen topragyndan «ak altynyň» bol hasylyny öndürip, Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý edendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Pagtaçylyk pudagynda edermen pagtaçylarymyzyň, ussat kärendeçilerimiziň, mülkdarlarymyzyň, mehanizatorlarymyzyň, alymlarymyzyň, pagta hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ony ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri alyp barýan oba zähmetkeşleriniň agzybirlikli hem-de yhlasly çeken zähmeti netijesinde şeýle belent sepgide ýetildi.
Gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Gökdepe, Altyn asyr we Sarahs etraplarynyň, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Saparmyrat Türkmenbaşy we Akdepe etraplarynyň, Lebap welaýatynyň Saýat, Serdarabat, Halaç we Farap etraplarynyň hem-de Mary welaýatynyň Türkmengala, Ýolöten we Garagum etraplarynyň ussat pagtaçy babadaýhanlarynyň has-da uly goşandy bar.
Edermen pagtaçylar!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan eziz Diýarymyzda ykdysady, syýasy we medeni taýdan uly ösüş gazanylýar. Garaşsyz ýurdumyzyň ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän häzirki döwründe oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmek we özgertmek, ony iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen daýhanyna döwletimiz tarapyndan ýokary öndürijilikli işlemäge, toprakdan bol hasyl öndürip, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmekde we ýokary depginler bilen ösdürmekde, ene topragymyzyň berekedini artdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletimizde düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, mähriban halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin edilýän aladalaryň ählisi biziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämiziň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gadyrly oba zähmetkeşleri!
Siz sahawatly türkmen topragyndan pagtanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmek ugrunda gujur-gaýratyňyzy gaýgyrman zähmet çekýärsiňiz. Siziň çekýän asylly zähmetiňiziň netijesinde, ata-babalarymyzyň bize miras goýan kämil daýhançylyk tejribesi häzirki döwrüň ekerançylyk usullary bilen utgaşdyrylyp, oba hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda pagtaçylyk pudagynda hem uly zähmet ýeňişleri gazanylýar.
Häzirki döwürde ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň oba hojalyk pudagyny has-da kämilleşdirmek, bu pudak üçin dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn almak, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler bilen üpjün etmek hem-de ylmyň soňky gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ýerden bol hasyl almakda daýhanlarymyzyň gazanýan ýokary netijeleri örän buýsandyrýar. Oba hojalygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler oba hojalyk önümçiliginiň, şol sanda onuň pagtaçylyk pudagynyň yzygiderli ösdürilmegine, şeýle hem oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna uly ýardam edýär.
Oba hojalygynda geçirilýän maksatnamalaýyn işleriň netijesinde, şu ýyl köp yhlas we zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny siziň iň soňky hanasyna çenli zaýa etmän, doly ýygnap aljakdygyňyza hem-de täze ýylyň bol hasylynyň düýbüni şu günlerden mäkäm tutjakdygyňyza berk ynanýaryn.
Gadyrly «ak altyn» ussatlary!
Edermen pagtaçylar!
Sizi ýurdumyzda «ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde gazanan bu ajaýyp zähmet ýeňşiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň şöhratly daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Sahawatly türkmen topragynyň berekedi hiç haçan egsilmesin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow