Ï Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti «ARETI» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 864
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “ARETI” kompaniýasynyň ýobaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýakynlaşyp gelýän umumymilli baýram —Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de bütin türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy. Işewüriň nygtaýşy ýaly, “ARETI” kompaniýasy döredijilikli içeri we daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrýan, depginli ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine tüýs ýürekden buýsanýar.

Milli Liderimiz gutlaglary we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dünýä işewürliginiň, şol sanda rus işewürliginiň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklar üçin ýurdumyzyň hemişe açykdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda iň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we daşary ýurtly hünärmenleriň öňdebaryjy tejribelerini peýdalanmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, “ARETI” kompaniýasynyň ýurdumyzda özüni ygtybarly işewür hyzmatdaşlaryň biri hökmünde görkezendigini kanagatlanma bilen belledi.

Şunuň bilen baglylykda, “ARETI”-niň ýolbaşçysy ösdürilmegine Türkmenistanyň ilkinji derejeli ähmiýet berilýän nebitgaz pudagyny we gurluşygy nazara almak bilen, ýurtda durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek üçin kompaniýanyň ähli kuwwatyny hödürlemäge gyzyklanma bildirýändigini beýan e