Ï Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahatyna gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahatyna gatnaşyjylara

view-icon 1166
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!
Gadyrly doganlarymyz!


Sizi berkarar Watanymyzyň hem-de milletimiziň bitewüligini dabaralandyrýan şanly senäniň — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyzlyk baýramynyň şanyna geçiriljek dabaralaryň eziz Diýarymyza çäksiz buýsanýan, dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara baý boljakdygyna berk ynanýaryn!

Türkmenistanyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy mähriban halkymyz hem-de dünýä bileleşigi üçin aýratyn ähmiýetli taryhy wakadyr. Çärýek asyr mundan ozal — 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda türkmen halkynyň Garaşsyz döwlet, berkarar Watan baradaky asyrlarboýy edip gelen arzuw-umytlary doly hasyl boldy. Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan Garaşsyz döwlet hökmünde ykrar edildi. Garaşsyzlyk biziň milli buýsanjymyzdyr. Şoňa görä-de, merdana halkymyz özüniň döwlet nyşanlaryny —Ýaşyl tuguny hem-de Döwlet senasyny döretdi, gahrymançylykly, şan-şöhratly taryhyny dikeltdi, uly zähmet ýeňişleri bilen beýik maksatlara ýetdi. Taryh üçin uzak bolmadyk bu döwrüň her bir güni ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe barýandygyny, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny, parahatçylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyny tassyklaýan uly özgerişlere we şanly wakalara örän baý boldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasatymyza laýyklykda biz mähriban halkymyzyň, şol sanda dünýä türkmenleriniň goldawy, yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen ýurdumyzyň halkara syýasy, durmuş-ykdysady, medeni giňişligindäki täsirini ýokarlandyrmaga, döwletara gatnaşyklaryny täze derejelere çykarmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn çalyşýarys. Eziz Diýarymyzda ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny bina edýäris, iň öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döredýäris. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenýän Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzyň täze rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi biziň demokratik özgertmelere ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek doly tassyklaýar hem-de mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Gadyrly doganlar!

Garaşsyzlyk ýyllarynda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, döwletler we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan ýurt hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýy has-da ýokarlandy. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýa kabul edildi. Häzirki döwürde biz hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanýan daşary syýasatymyz bilen ählumumy abadançylygyň we ösüşiň bähbidine möhüm başlangyçlary öňe sürýäris.

Ynsanperwerlik biziň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir. Bu ýörelgäniň häzirki döwürde Ýer ýüzünde parahatçylygy we dostlugy berkitmekde ähmiýeti örän uludyr. Parahatçylyk söýüjiligi, hoşniýetliligi, dost-doganlygy bilen tanalyp gelýän halkymyzyň bu asylly ýörelgesine eýerip, biz parahatçylygy berkarar etmek maksady bilen, doganlyk Owganystan Yslam Respublikasyna durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ýardam berip gelýäris. Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer bu syýasaty Garaşsyz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da berkidýär.

Garaşsyzlyk Aziýa sebitinde, Orta we Ýakyn Gündogarda, Ýewropa we Amerika ýurtlarynda, goňşy we garyndaş halklaryň arasynda mekan tutunan doganlarymyzyň durmuşyna hem oňyn täsirini ýetirdi. Dünýä türkmenleri ata Watanymyzyň beýik üstünliklerine, barha artýan halkara abraýyna buýsanýarlar, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, dünýä türkmenleri bilen köptaraply gatnaşyklary giňeltmek döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şoňa laýyklykda, dünýä türkmenleriniň ýaş wekilleri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edilýär, hünär kämilligini geçýär. Milli medeniýetimize beýik buýsanjy terbiýeleýän, dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy has-da pugtalandyrýan döredijilik festiwallary, medeni-jemgyýetçilik çäreleri yzygiderli guralýar.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyzyň ylym, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we telekeçilik ýaly ulgamlarda gatnaşyklary berkitmek, baý medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy hem-de ynsanperwer syýasatymyzy giňden wagyz etmek ugrunda alyp barýan işleriniň Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmaga, milletimizi has-da jebisleşdirmäge ýardam berýändigi aýratyn guwandyrýar. Biz geljekde hem dünýä türkmenleri bilen doganlyk gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak, eziz Watanymyzyň abraýyny mundan beýläk-de belende götermek ugrunda zerur işleri ederis. Dünýä türkmenleriniň Garaşsyz, Bitarap Watanymyza erkin gelip-gitmegi, ýurdumyzda işlemegi we okamagy üçin ähli zerur goldawy bereris!

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!
Gadyrly doganlarymyz!


Sizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramy, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIX maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de dabaralandyrmak, doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow