Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

view-icon 810
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy, şeýle hem Siziň ýurduňyzyň halkyna bagt we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy uly kanagatlanma duýgusy bilen ýollaýaryn.

AKIHITO,
Ýaponiýanyň Imperatory.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Siziň milli baýramçylygyňyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna gülläp ösüş we bagtyýarlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollamak mende örän uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

ÝELIZAWETA II,
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şa zenany.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli Siziň halkyňyza gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Willem-ALEKSANDR,
Niderlandlaryň Patyşasy.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Siziň Alyhezretiňize ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli öz adymdan, Saud Arabystany Patyşalygynyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek mümkinçiliginiň dörändigine begenýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň çuňňur hormatymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Iki Mukaddesligiň hyzmatkäri
Salman Ben Abdel Aziz AL SAUD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşasy.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Siziň dostlukly halkyňyza mähirli gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly şatlyk we hormat bolup durýar. Şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň halkynyň bu waka mynasybetli türkmen halkynyň şatlygyny paýlaşýandygyny öz halkyňyza ýetirmegi Sizden haýyş edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, üstünlik, şeýle hem dostlukly türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin.

Dostluk we hormat baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Halifa Bin Zaýed AL-NAHAÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

Taryhyň, medeniýetiň we däpleriň köp asyrlyk umumylygy ýakynlaşdyrýan Pakistanyň we Türkmenistanyň geljekde hem özara gatnaşyklar we bilelikdäki işler boýunça borçnamalarymyzyň esasynda hyzmatdaşlygy giňeltjekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mamnun HUSEÝN,
Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli öz adymdan, Hindistanyň halkynyň we hökümetiniň adyndan Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymyzy we iň gowy arzuwlarymyzy ýollamak mende örän uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Türkmenistan Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda öz umumy ösüşinde, aýratyn-da, ykdysadyýetinde belent sepgitlere ýetdi.

Hindistanyň we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mäkäm dostluga, şeýle hem taryhy we medeni gatnaşyklara esaslanýar. Biz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýäris hem-de biziň halklarymyzyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge ygrarly bolup galýarys.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösmegi arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Pranab MUKERJI,
Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli Size gutlaglarymy hem-de abadançylyk we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Öz Hökümetimiň iki halkyň bähbidine biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegi we berkitmegi ugur edinýändigini ýene bir gezek tassyklaýaryn.

Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Enrike Penýa NÝETO,
Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Siziň Alyhezretiňiz,

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we türkmen halkyna Awstraliýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan iň gowy arzuwlary beýan edýärin.

Şu ýyl Siziň ýurduňyzyň Garaşsyzlygyna 25 ýyl hem-de Türkmenistanyň we Awstraliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýar. Şu döwrüň içinde biziň ýurtlarymyz mähirli we dostlukly gatnaşyklary saklap gelýärler. Şol gatnaşyklar özara düşünişmek hem-de özara gyzyklanma döredýän syýasy, ykdysady we durmuş meseleleri boýunça netijeli gepleşikler bilen berkidilendir.

Biz ählumumy meseleleriň birnäçesini çözmegiň bähbidine köptaraplaýyn görnüşlerde işleýäris. Men, hususan-da, Türkmenistanyň 2013—2017-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzasy hökmünde halkara bilim, ylym we medeni hyzmatdaşlyga goşandyny goldaýaryn.

2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmekde Türkmenistana üstünlikleri arzuw edýärin. Awstraliýa şäher gurluşygynda we şäherleriň düzümlerinde, iri möçberli çäreleri guramak işinde biziň oňyn tejribämizi öwrenmek maksady bilen, Türkmenistandan bolan wekiliýeti kabul edendigine we ýardam berendigine şat boldy.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeljekdigine ynanýaryn.

Piter KOSGROUW,
Awstraliýa Bileleşiginiň General-gubernatory.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Hormatly Prezident,

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli Malaýziýanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem öz adymdan Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna gutlaglarymy beýan edýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we dostlukly gatnaşyklaryň biziň halklarymyzyň bähbidine has-da berkejekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiziň Malaýziýa saparyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Iň gowy arzuwlar bilen,

Dato Sri Mohd NAJIB,
Malaýziýanyň Premýer-ministri.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Siziň dostlukly halkyňyza mähirli gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly şatlyk we hormatdyr.

Siziň Alyhezretiňize, berk jan saglyk we abadançylyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa Siziň Alyhezretiňiziň parasatly ýolbaşçylygynda mundan beýläk-de gülläp ösmegi arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden çykýan dostluk we hormatym baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Muhammed Bin Zaýed AL NAHAÝAN,
Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize we Siziň dostlukly halkyňyza mähirli gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly şatlyk we hormatdyr.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa Siziň Alyhezretiňiziň parasatly ýolbaşçylygynda mundan beýläk-de gülläp ösmegi arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden çykýan dostluk we hormatym baradaky iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Muhammed Bin Raşid AL-MAKTUM,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň emiri.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Siziň Alyhezretiňize ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek mümkinçiliginiň dörändigine begenýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň çuňňur hormatymy kabul ediň!

Muhammed ben Naýef ben Abdel Aziz AL SAUD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer şazadasy, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, içeri işler ministri.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Siziň Alyhezretiňize ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek mümkinçiliginiň dörändigine begenýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň çuňňur hormatymy kabul ediň!

Muhammed ben Salman ben Abdel Aziz AL SAUD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer şazadasynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ikinji orunbasary, goranmak ministri.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
doganym Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygynyň baýram edilmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi mähirli we tüýs ýürekden gutlamaga mümkinçiligiň dörändigine begenýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ösjekdigine umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, doganlyk türkmen halkyna bolsa Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda mundan beýläk-de gülläp ösmegi we üýtgewsiz abadançylygy arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň çuňňur hormatymy kabul ediň!

Emir Muhammed ben Saad ben Halid AL SAUD,
Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisi.