Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat geldi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat geldi

view-icon 932
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident,


Türkmenistanyň milli baýramçylygy mynasybetli Size özümiň mähirli gutlaglarymy, şeýle hem türkmen halkyna bagtyýarlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýigrimi bäş ýyllygy — munuň özi şu döwrüň dowamynda döwletiň geçen ýoluna baha bermäge mümkinçilikdir. Syýasy we ynsanperwer ösüş ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmeginde Siziň ýurduňyzy Fransiýanyň goldaýandygyny beýan etmek isleýärin.

Soňky çärýek asyryň dowamynda biziň döwletlerimiziň arasynda ynama we dostluga esaslanan aýratyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Fransiýa Türkmenistanyň sebitde parahatçylyga hem-de durnuklylyga ýardam berýän bitaraplyk syýasatyny Birleşen Milletler Guramasynda goldady. Şeýle hem ykdysady ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam berip, fransuz kompaniýalarynyň Türkmenistanda ozaldan gelýän we berk ýörelgeleri eýeleýändigini bellemäge şatdyryn.

Biziň gatnaşyklarymyz ähli ulgamlarda uly kuwwata eýedir we şunuň bilen baglylykda, Fransiýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny berkitmäge ymtylýandygyna ynandyrmak isleýärin.

Hormatly jenap Prezident, meniň örän çuňňur hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň.

Fransua OLLAND,
Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti.