Ï Paýtagtymyzda VI Türkmen-german lukmançylyk maslahaty geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Paýtagtymyzda VI Türkmen-german lukmançylyk maslahaty geçirilýär

view-icon 704
Paýtagtymyzyň ajaýyp “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda VI Türkmen-german lukmançylyk maslahaty öz işine başlady. Ol iki dostlukly ýurduň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, däbe öwrülen bu maslahat Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Mýunheniň Fridrih Lýudwig —Maksimilian uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýär.

Her ýyl geçirilýän duşuşyga gatnaşmak üçin düzüminde Germaniýanyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň wekilleri, ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlaryny işläp taýýarlaýan iri kompaniýalaryň wekilleri hem-de GFR-iň dürli şäherlerinden esasy hassahanalaryň meşhur alym-professorlarynyň birnäçesi bolan wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi.

Türkmen tarapyndan iki günlük foruma döwlet düzümleriniň we ylmy-kliniki merkezleriň, şypahana-bejeriş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi gatnaşýarlar.


Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Margaret Mariýa Ýubber maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, şol sanda dünýä lukmançylygynyň iň täze işläp taýýarlamalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna ösdürmäge alan ugruny nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň geljegine ýokary baha berdi. Tejribe alyşmak, ýokary hünärli işgärleri okatmak we taýýarlamak boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk iki ýurduň adamlaryň saglygyny goramak wezipesini çözmäge saldamly goşandy boldy diýip, ilçi nygtady.

Bellenilişi ýaly, türkmen we nemes lukmanlarynyň, alymlarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleriniň iki ýurtda yzygiderli geçirilýän duşuşyklary ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam edýär. Bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, iň täze tehnologiýalary we enjamlary, saglygy bejermegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Ylmy lukmançylyk forumunyň yzygiderli geçirilmeginiň özi hem Garaşsyz Türkmenistany ösdürmekde bu ulgamyň ileri tutulýandygyna şaýatlyk edýär. “Milletiň saglygy – ýurdumyzyň baş baýlygy” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Çünki milli Liderimiz üçin halkymyzyň ruhy we beden taýdan saglygy durmuş abadançylygynyň möhüm şertidir. Adamlaryň saglygyny goramak wezipesi örän ähmiýetli şertleriň ençemesini birleşdirýär. Olaryň hatarynda öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk merkezleriniň we şypahanalarynyň gurluşygyny, ekologiýa wezipeleriniň çözülmegini, köpçülikleýin sport hereketiniň hem-de işjeň dynç alyş düzüminiň ösdürilmegini we biziň her birimiziň aňynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyny görkezmek bolar.


Ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek babatda toplan oňyn tejribesi dünýä bileleşiginiň hem-de esasy halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň iri düzümleriniň – Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG), BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we beýlekileriň giň goldawyna mynasyp boldy. Türkmenistan olar bilen garaşsyzlyk döwrüniň bütin dowamynda işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär.

Şu maslahatyň barşynda saglygy goraýşyň dürli ulgamlarynda, hususan-da, gant diabetini, çagalarda we ulularda onkologiýa kesellerini bejermekde ulanylýan netijeli usullarda gazanylan üstünlikler hem-de endokrinologiýa we fizioterapiýa ulgamynda toplanan tejribe barada pikir alşyldy.

Çykyşlaryň aglabasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylan anyk üstünliklere bagyşlandy. Şol syýasat bolsa bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyny hem-de täze derman senagaty kärhanalarynyň işe girizilmegini üpjün edýär.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen saglygy goraýyş ulgamy keselleri bejermegiň iň täze usullaryna, tehnologiýalara we enjamlaryna eýe bolýar. Iň döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen häzirkizaman ylmy-kliniki merkezler hem-de saglygy bejeriş — keseliň öňüni alyş edaralary gurulýar. Olarda ulanylýan lukmançylyk enjamlarynyň aglabasy bu babatda öňdebaryjy hasaplanylýan GFR-de öndürildi. Netijeli hyzmatdaşlyk türkmen lukmanlaryna keseliň öňüni almagyň, anyklamagyň we bejermegiň iň netijeli usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Munuň şeýle bolmagyna Ýewropanyň esasy hünärmenleri bilen geçirilýän yzygiderli duşuşyklar we tejribe alyşmalar hem ýardam edýär.

Myhmanlar köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge we giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýdyp, öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamynda dünýäde öňdäkileriň hatarynda barýan Germaniýanyň özüniň tejribesini, iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny teklip etmäge taýýardygyny bellediler. Munuň özi Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy we onuň innowasion ösüş ýoluna düşmegi babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

Ertir VI Türkmen-german lukmançylyk maslahaty öz işini tamamlar. Onuň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekiler.

Forumyň çäklerinde GFR-iň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň wekilleriniň Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektorlary, mugallymlary we lukmanlary bilen duşuşyklaryň meýilleşdirilendigini bellemek gerek.