Ï Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

view-icon 833
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen köpugurly gatnaşyklary has-da ösdürmek, ylmyň gazananlaryny, innowasion tilsimatlary önümçilige giňden ornaşdyrmak we ykdysady pudaklara maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrlikler we pudak edaralary 2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary ýokary derejede guramagy we geçirmegi üpjün etmäge borçly edildi.

2017-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine sergilere, ýarmarkalara, maslahatlara we festiwallara taýýarlyk görmekde we olary geçirmekde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna hem-de degişli ministrliklere we pudak edaralaryna ýardam bermek tabşyryldy.