Ï Germaniýaly hünärmenler Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine ýokary baha berýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Germaniýaly hünärmenler Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine ýokary baha berýärler

view-icon 721
Lukmançylyk ylmynyň professory Klaus Parhofer, Mýunhen uniwersitetiniň hassahanasy:

—Aşgabada ýene-de gelenime örän begenýärin. Türkmen-german forumynyň eýýäm 6-njy mejlisine gatnaşýaryn hem-de saglygy goraýyş ulgamynda biziň ýurtlarymyzyň köp ýyllyk hyzmatdaşlygynyň örän netijeli bolup durýandygyny ynam bilen aýdýaryn. Şeýle duşuşyklaryň her biri, şeýle hem hassahanalaryň çäklerinde hem-de aýry-aýry barlag taslamalarynyň çäklerinde bilelikde geçirilýän işler birsyhly keselleri, hususan-da, süýji keselini bejermekde netijeli häsiýete eýe bolup durýar.

Bu kesele garşy göreşmek şu günki maslahatyň ähmiýetli meseleleriniň birine öwrüldi.

Türkmen hassahanalarynyň we lukmançylyk edaralarynyň ýokary üpjünçiligi, täze usullary we lukmançylyk innowasiýalaryny özleşdirmäge bolan uly gyzyklanma hassalary netijeli bejermek we durmuşyny gowulandyrmak üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Biz şunda hyzmatdaşlygyň we gündelik işlerimiziň esasy wezipesini görýäris.

Häzirki döwrüň lukmançylygy keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň degişli derejesinde dürli kesellerden goramaga, saglyk üçin ýaramaz netijeleri peseltmäge, jemgyýetiň durmuşynda adaty ýaşaýşyny üýtgetmäge mejbur eden agyr keselli hassalaryň işjeň ornuny üpjün etmäge ukyplydyr.

Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge berilýän aýratyn üns kesgitleýji ähmiýete eýe bolup durýar. Döwlet derejesinde goldaw berilmegi netijesinde biz ýokary derejeli hassahanalary hem-de bize işlemek nesip eden zehinli hünärmenleri görýäris.

Lukmançylyk ylymlarynyň doktory Frits Şpelsberg, Fýurstenfeldbrugyň umumy we wisseral hirurgiýa bölümi:

— Meniň türkmen kärdeşlerim bilen hyzmatdaşlygym 2006-njy ýylda başlandy we häzire çenli dowam edýär. Men Türkmenistanda yzygiderli bolýaryn, siziň ýurduňyzyň hünärmenleri bilen bilelikde amaly we barlag işleriniň uly tejribesi toplanyldy.

Hirurgiýa bejergisiniň, hususan-da, laparoskopiýanyň täze usullary özleşdirildi. Bilelikde işlemek bilen, biz tehnikalary yzygiderli kämilleşdirýäris, dessin bejerginiň täze usullaryny ornaşdyrýarys. Türkmen hassahanalarynyň örän oňat üpjün edilendigini bellemek isleýärin. Türkmenistanda işlemek bilen, men Ýewropanyň öňdebaryjy bejeriş-barlag merkezlerinde bar bolan ýokary derejeli enjamlary ulanmak mümkinçiligine eýe bolýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ilatyň saglygyny goramaga aýratyn üns bermegi lukmançylyk edaralarynyň üpjünçiligini kämilleşdirmäge hem-de hünärmenleriň derejesini ýokarlandyrmaga, şol sanda dünýäniň öňdebaryjy ylmy-kliniki merkezleri bilen hyzmatdaşlygy artdyrmaga mümkinçilik berýär. Meniň Türkmenistandaky kärdeşlerim işine ussat bolup, täze usullary işjeň özleşdirýärler.

Professor, doktor Hans Peter Rihter:

— Türkmen-german lukmançylyk forumyna yzygiderli we uly höwes bilen gatnaşýaryn, ol biziň üstünlikli hyzmatdaşlygymyzyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Türkmen kärdeşlerimiň siziň ýurduňyzda fizioterapiýanyň öňdebaryjy usullaryny işjeň ornaşdyrmakda uly hyzmatyny bellemek isleýärin. Häzir şol usullary ýewropanyň ili klinikalary ulanýar. Bilelikde işlemegiň çäklerinde biz özümiz üçin bilimleriň täze sepgitlerini açdyk, ugurdaş barlaglarda we amaly işlerde ep-esli öňe gitdik.

Şu ýyllaryň içinde netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, biz geljege uzaýan ýoly gurýarys. Çünki hünär derejesi, täze iş usullary we döwrebap enjamlar üstünligiň girewidir. Hyzmatdaşlyk ýyllarynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünliklere eýe bolmagy üçin uly ädimler ädildi. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy howandarlygy örän uly ähmiýete eýedir. Ol milli lukmançylygy ösdürmäge, bejeriş we barlag edaralarynyň üpjünçiligine, şeýle hem ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga örän uly üns berýär.