Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata taýýarlyk görmek meseleleri hem-de transmilli polat ýolunyň — “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň” birinji tapgyrynyň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek meseleleri boýunça toparlaryň agzalary bilen maslahat geçirdi. Maslahata Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.
Milli Liderimiz maslahatyň gün tertibini yglan edip, noýabr aýynda geçiriljek halkara ähmiýetli dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana dünýäniň dürli ýurtlaryndan köpsanly myhmanlaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilleriniň geljekdigini aýtdy. Biz öňde boljak maslahaty hem-de açylyş dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin zerur bolan ähli çäreleri görmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny diňledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda ýurdumyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, halkara hyzmatdaşlyk ugruna eýerýän Bitarap Türkmenistan BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin täze Ählumumy ösüş maksatnamasyny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşdy. Degişli ugurda öňde durýan wezipeleri çözmek boýunça hereketleriň bu toplumlaýyn meýilnamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen Bütindünýä sammitinde biragyzdan kabul edildi.
Şol sammitde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bu uzakmöhletleýin maksatnamany amala aşyrmakda ileri tutulýan garaýyşlaryny we çemeleşmelerini beýan edip, anyk teklipleri öňe sürdi. Şol teklipler halkara bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy. Häzirki wagtda şol başlangyçlary durmuşa geçirmek babatda BMG durnukly ösüşiň dürli ugurlary boýunça degişli işleri geçirýär. Şonda ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak möhüm şertleriň biri bolup durýar.
Şol maksatlardan ugur almak bilen, şu ýylyň noýabrynyň ahyrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty geçirmek meýilleşdirildi. Bu giň gerimli foruma toplumlaýyn esasda we ýokary derejede taýýarlyk görmek maksadynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen degişli guramaçylyk komiteti döredildi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda görülýän anyk çäreler barada hasabat bermek bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri baradaky departamenti hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara bileleşigi bilen bilelikde maslahatyň maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Forumyň maksatnamasynyň deslapky taslamasy boýunça işleri geçirmek dowam edýär, oňa umumy mejlislerden we ýöriteleşdirilen maslahatlardan başga-da, tanyşdyryş çärelerini, halkara resminamalaryna gol çekmek dabarasyny, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklary we gepleşikleri girizmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki şertlerde ulag-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň netijeliligine we deňagramlylygyna gös-göni täsir edýän bu ulgamyň dünýä ykdysadyýetiniň esasy düzümleriniň biridigini belledi. Türkmenistan degişli ugurda halkara gatnaşyklarynda, şol sanda BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklarda işjeň orun eýeläp, anyk başlangyçlary öňe sürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde, transmilli üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek boýunça giň gerimli düzüm taslamalary amala aşyrýar.
Ýurdumyzyň Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça köp şahaly ulag ýollaryny döretmäge gönükdirilen hem-de dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan teklipleri munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji we 2015-nji ýyllarda degişli kararnamalary kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi onuň sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag merkezi derejesiniň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Biziň ýurdumyz bu ugurda bar bolan uly mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga çalşyp, ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge we olaryň täzelerini döretmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Bu çäreleriň hemmesi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyna, Türkmenistanda multimodal ýük daşamalarynyň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkezlerini döretmäge ýardam etmelidir. Munuň özi gadymy Ýüpek Ýolunyň döwrebap derejede dikeldilmeginde we onuň netijeli peýdalanylmagynda has-da ähmiýetlidir.
Soňky ýyllarda ýurdumyz halkara ähmiýetli iri çäreleriň geçirilýän ýerine öwrülip, olaryň çäklerinde degişli ugurda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri kesgitlenildi. Şol çäreleriň arasynda 2014-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçirilen üstaşyr-ulag ulgamy boýunça ýokary derejeli halkara maslahaty bar. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, türkmen paýtagtynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahaty geçirmek hakynda çözgüdiň dünýäde eziz Watanymyzyň abraýynyň artýandygynyň, Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhümdiginiň we zerurdygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz bu möhüm ugurda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge möhüm goşant goşjak maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu maslahata taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, degişli meseleleri düýpli işläp taýýarlamak we öz wagtynda çözmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiziň ulag ulgamyndaky döredijilikli başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişi baradaky mesele Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykowyň hasabatynda dowam etdirildi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň — Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) böleginiň gurluşygynyň alnyp barlyşy hem-de onuň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk barada aýtdy.
Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda kömekçi düzümleýin desgalary, şol sanda iki köprini goşmak bilen, demir ýoluň bu böleginde gurluşyk gurnama işleri tamamlandy. Desganyň açylyş dabarasynyň hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky medeni-köpçülikleýin baýramçylyk çäreleriniň geçiriljek ýerinde taýýarlyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň, şeýle hem Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ähmiýetini aýratyn belledi. Ol Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň çalt depginler bilen ösýän döwletlerine çykar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy üç goňşy ýurduň umumy döredijilik maksatlaryna laýyk gelýän dostlukly we netijeli gatnaşyklara ygrarlydygynyň aýdyň nyşanydyr diýip belledi. Şeýle hem bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmäge, goňşy ýurdy sebit we halkara hyzmatdaşlygyna giňden çekmäge ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz maslahaty dowam edip, häzirki wagtda sebit we sebitara gatnaşyklarynyň düzümlerini ösdürmegiň giňişlik görnüşdäki nusgasynyň esasy hökmünde transmilli ulag geçelgelerini döretmek wezipesiniň barha möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary we içeri ykdysady bähbitlerine laýyk gelýär. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada aýdylanda bolsa, munuň özi üýtgewsiz parahatçylyk döredijilikli ugurdyr, Merkezi Aziýada sebitleýin ýakynlaşmadyr, Ýewropanyň we GDA-nyň döwletleri bilen hyzmatdaşlykdyr, beýleki ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklardyr.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, täze desgalaryň açylyş dabarasynyň guramaçylyk-tehniki taýdan taýýarlygyny üpjün etmegi tabşyrdy. Maslahaty hem-de ýokary derejeli beýleki möhüm çäreleri beýan etmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuna aýratyn üns berildi. Habarlary dessine ýaýlyma bermegiň hem-de beýleki media ulgamynyň barha artýan ähmiýetini nazara alyp, habar beriş serişdeleriniň adaty ornuny üýtgetmegiň açylýan mümkinçiliklerine garaldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewe ýüzlenip, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň bu gündogar sebitinde hem uly oňyn özgertmeleriň bolup geçendigini belledi. Welaýaty toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen, hökümetiň birnäçe kararlary kabul edildi, şolaryň netijesinde ýokary durmuş-ykdysady görkezijiler gazanyldy. Şoňa görä-de, Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň bu böleginiň açylmagy ýurdumyz üçin möhüm ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz bu babatda Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine birnäçe görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek meselesine ünsi çekip, uzakmöhletleýin geljek nazarda tutulyp, öňde goýlan wezipeleriň çözülmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagtynyň öz belent derejesine laýyklykda hemme babatda nusgalyk bolup, Watanymyzyň ähli sebitlerinde özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine itergi bermelidigini nygtap, degişli ýolbaşçylara ýurdumyzyň baş şäherinde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilli bolmagyny we öz wagtynda tamamlanmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Maslahaty tamamlap, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk hem-de öňde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleriň çözülmeginde uly üstünlikleri arzuw etdi.