«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugynyň merkezi edarasynyň gurluşy; «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyna garamagyndaky “Hökümet awiasiýasy” kärhanasyny bellenen tertipde “Hökümet awiasiýa topary” diýip atlandyrmak, onuň Tertipnamasyny we Gözükdirijisini işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.
«Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.
* * *
“Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek we ätiýaçlandyrýanlary ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň çäklerinde awtomobil ulag serişdeleri dolandyrylýan mahaly üçünji taraplaryň bähbitlerini (ömrüni, saglygyny we emlägini) ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyna we awtomobil ulag serişdelerini bellige almagy amala aşyrýan beýleki döwlet edaralaryna awtomobil ulag serişdeleri bellige alnanda, bellige alnyşa üýtgetme girizilende we tehniki gözegçilikden geçirilende awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň şertnamasyny baglaşmagyna gözegçilik etmek tabşyryldy.
Şeýle hem resminama bilen, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.