Maslahatda Halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça edarara toparynyň we halkara ynsanperwer hukuklary boýunça iş toparynyň agzalary hereket etmegiň milli meýilnamalarynyň monitoring ulgamyny işläp taýýarlamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara bilermenleri Sinişa Milatowiçiň we Swarj Nathyň gatnaşan bu maslahaty BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş maksatnamasynyň goldamagynda guraldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde biziň ýurdumyz adam hukuklaryny we erkinligini iň ýokary gymmatlyk hökmünde yglan etmek bilen, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak ugruny yzygiderli we gyşarnyksyz alyp barýar. Türkmenistan BMG-niň adam hukuklary ulgamynda esasy konwensiýalarynyň birnäçesine goşulyşdy, şeýle hem Durnukly ösüş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýar.
2015-nji ýylda 2015-2020-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça hereket etmegiň Milli meýilnamasynyň, 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda 2016-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda adam hukuklary ulgamynda Hereket etmegiň milli meýilnamasynyň, 2016-njy ýylyň mart aýynda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2016-2018-nji ýyllarda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Hereket etmegiň milli meýilnamasynyň kabul edilmegi adam hukuklaryny goramagyň milli ulgamyny kämilleşdirmekde möhüm ädim boldy. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň adam hukuklary ulgamynyň milli, halkara we sebit ýörelgelerine ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Hereket etmegiň milli meýilnamalary hökümetiň we jemgyýetçilik guramalarynyň ähli şahalaryny adam hukugyny we erkinligini üpjün etmek boýunça herekete girizilmegine, Türkmenistanyň kanunçylygynda we hukuk ulanyş iş tejribesinde halkara ynsanperwer hukuklarynyň kadalaryny berjaý etmäge anyk ýolbaşçylyk etmäge gulluk edýär. Meýilnamalarda kesgitlenen çäreleriň we görkezijileriň Durnukly ösüşiň maksatlarynyň on ýedisiniň hem ýerine ýetirilmegine şertleri döredýändigini belläp geçmelidiris.
Türkmenistan adam hukuklary ulgamynda maksatnamalaýyn resminamalary kabul etmek bilen, olary amala aşyrmakda anyk ädimleri ädýär. Gazanylan netijeler monitoring we baha bermek ulgamyny kesgitlemäge mümkinçilik berer. Munuň üçin degişli gurluşlar we usullar eýýäm bar, maglumatlary ýygnamak boýunça kesgitli netije toplandy, kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmegiň monitoring we baha bermek ulgamynda hünärmenleriň mümkinçilikleri ösdürilýär. Häzirki wagtda halkara kadalaryna laýyk gelýän umumy maksatnamany işläp taýýarlamak we bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak üçin hereket etmegiň algoritmnimi kesgitlemek wezipesi durýar.
Halkara iş tejribesini seljermek we deňeşdirme seljermesini geçirmek bilen, maslahata gatnaşyjylar halkara bilermenleri bilen adam hukuklary ulgamynda hereket etmegiň milli meýilnamalarynyň kämilleşdirilen ulgamyny işläp taýýarlamak üçin ädimme-ädim çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Öňde duran makstlara ýetmek üçin Türkmenistana kömek bermek üçin möhüm ugurlar kesgitlendi.