Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň geljek ýylyň fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna, şeýle hem saýlaw okruglarynyň üçüsi boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça ýakynda geçirilen ses bermegiň jemlerine bagyşlanan mejlisi geçirildi.
Merkezi saýlaw toparynyň hem-de onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalaryndan başga-da, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň jogapkär wekilleriniň gatnaşan mejlisinde welaýat hem-de Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň geçirilýän işler barada habarlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda saýlaw uçastoklaryny döretmek, saýlaw toparlarynyň düzümlerini kesgitlemek boýunça işler alnyp barylýar. Etrap we şäher saýlaw toparlarynyň agzalary üçin saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de geçirmek boýunça okuw maslahatlary guralýar.
Häzirki wagtda saýlaw uçastoklaryny zerur maddy-enjamlaýyn serişdeler, şol sanda içi görünýän gutular, maglumat we usulyýet edebiýatlary, guramaçylyk tehnikalary, aragatnaşyk serişdeleri hem-de beýlekiler bilen üpjün etmek işleri alnyp barylýar. Şu güne çenli saýlaw uçastoklarynyň 2578-si, şol sanda haýsydyr bir sebäbe görä Watanymyzyň çäklerinden daşarda bolýan ildeşlerimiz üçin Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda saýlaw uçastoklarynyň 39-sy döredildi.
Mejlise gatnaşyjylar öz esasy wezipeleriniň öňde boljak saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzyň hereket edýän saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi üçin ähli tagallalary etmek bolup durýandygy barada aýtdylar.
Onuň barşynda käbir okruglar boýunça çykyp giden parlamentarileriň ýerine geçirilen Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlarynyň bäsdeşlik, aýdyňlyk we açyklyk ýörelgelerinde geçirilendigi bellenildi. Saýlawçylar ýokary işjeňlik görkezdiler — saýlawlara saýlawçylaryň sanawlaryna girizilen umumy sanynyň 90 göterimden gowragy gatnaşdy.
Saýlanan deputatlar — Ahal welaýatynyň 24-nji “Duşak” saýlaw okrugy boýunça Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow, Mary welaýatynyň 119-njy “Atçapar” we 124-nji “Pendi” saýlaw okruglary boýunça degişlilikde Göwher Babajanowna Baýramowa we Ýusupguly Aşyrgulyýewiç Eşşäýew Merkezi saýlaw toparynda bellige alyndy.
Milli parlamentiň täze saýlanan deputatlaryna şahadatnamalar gowşuryldy. Şu pursatdan başlap olar ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasynda halkymyzyň doly hukukly wekilleri bolup durýar.
Mejlisiň barşynda aýdylan habarlary nazara almak hem-de saýlawlary geçirmek boýunça öňde duran wezipelerden ugur almak bilen Merkezi saýlaw topary birnäçe degişli çözgütleri kabul etdi.