Ï Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş sekretary BMG-niň Wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş sekretary BMG-niň Wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

view-icon 919
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary jenap Pan Gi Mun bilen bilelikde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu ýerde Hökümet agzalary, Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary, Aşgabatda açylan Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahata gatnaşyjylar we myhmanlar, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köp sanly talyp ýaşlar ýygnandylar.

Dabaranyň başynda Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baýdaklary ýokary galdyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, BMG-niň Baş sekretary jenap Pan Gi Mun bilen bilelikde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Bu ajaýyp waka çuňňur mazmuna we taryhy ähmiýete eýedir, çünki ol Türkmenistanyň hem-de BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze tapgyryň başlanmagyny alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bellenilişi ýaly, üstünlikli amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalar, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy we ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary, şeýle hem bu abraýly guramanyň döwletimize berýän goldawy we bildirýän ynamy şol köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň tapawutly aýratynlygy bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, BMG-niň ýolbaşçysyna şu günler Aşgabatda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty üstünlikli geçirmäge ýardam edendigi üçin, tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan oňyn bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur almak bilen, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişlikde mynasyp ornuny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, dünýä diplomatiýasynyň özboluşly meýdançasy we esasy bölegi hasaplanýan Birleşen Milletler Guramasy bilen özara gatnaşyklary dowam etmäge çalyşýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz kärdeşleriniň isleglerini nazara almak bilen, ajaýyp binagärlik nusgasynda gurlan BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze binasyna üns berip, türkmen tarapynyň ýurdumyzda halkara guramalaryň wekilleriniň göwnejaý işlemegi üçin ähli amatly şertleri döretmäge hemişe şatdygyny belledi.

— Men şu pursatdan başlap, bize Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda uly üstünlikleriň garaşýandygyna tüýs ýürekden ynanýaryn — diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda belledi. Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretaryny, şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysyny şu günki şanly waka bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, olara jogapkärli işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna söz berilýär.

Jenap Pan Gi Mun ilki bu ýere ýygnananlar bilen türkmen dilinde salamlaşyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hökmünde Türkmenistana indi üçünji gezek gelip görmegiň onuň üçin uly hormat bolup durýandygyny we uly kanagatlanma duýgusyny döredýändigini belledi. BMG-niň Baş sekretary mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şu gün biz Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň açylyşyny uly üstünlik bilen geçirdik. Şu maslahaty geçirmek baradaky başlangyjy hem-de ony öz ýurdunda kabul etmek teklibi üçin, şeýle hem maslahatyň örän ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin, biz Türkmenistandan tüýs ýürekden hoşaldyrys diýip, belent mertebeli myhman sözüni dowam etdi.

Men bu ajaýyp ýurda amala aşyran ozalky saparlarymy mähir bilen ýatlaýaryn diýip, BMG-niň Baş sekretary geçen ýylyň iýun aýynda sapar bilen paýtagtymyza geleninde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýerdäki wekilhanalary üçin Türkmenistanda täze bina gurup berjekdigi barada aýdanlaryny ýatlady. Häzirki günde biz jenap Prezidentiň sözüniň iş ýüzünde amala aşmagynyň şaýady bolýarys diýip, jenap Pan Gi Mun belledi.

Bu bina — örän oňaýly we ajaýyp bina! BMG-niň bu edara binasyny dünýäniň ähli ýurtlary üçin nusga alarlyk mysal diýip atlandyrmak bolar diýip, belent mertebeli myhman buýsanç bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Täze binanyň Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ýylsaýyn berkeýän hyzmatdaşlygyň özboluşly nyşanydygyny bellemek bilen, jenap Pan Gi Mun BMG-niň guramalarynyň köp sanlysynyň, soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti we halky bilen ysnyşykly işläp gelýän köp sanly düzümleriniň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, ÝUNESKO-nyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň Neşelere we jenaýatçylyga garşy göreşmek baradaky müdiriýetiniň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň, Bütindünýä bankynyň bu ajaýyp binada işlemäge umyt bildirýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Baş sekretary BMG-niň umumy öýüniň gapylarynyň hyzmatdaşlarymyz üçin hemişe açyk bolmagy üçin, Birleşen Milletler Guramasynyň ähli düzümleriniň işgärleriniň geljekde hem öz işlerini abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen, iri halkara guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze binasynyň açylandygyny alamatlandyrýan toý bagyny kesýärler. Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş sekretary örän ajaýyp hem-de işlemek üçin amatly bolan täze bina bilen tanşyp başlaýarlar.

Hanym Jasinta Barrins belent mertebeli myhmanlary binanyň dürli gatlarynda iş otaglarynyň ýerleşdirilişi bilen tanyşdyrýar. Myhmanlaryň hatarynda birnäçe ýylyň dowamynda Aşgabatda işläp, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine baştutanlyk eden Miroslaw Ýençe bar. Olar Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahata beýleki gatnaşyjylar bilen bilelikde BMG-niň wekilhanasynyň kaşaň hem-de netijeli işlemek üçin amatly binasy bilen tanyşýarlar, ony Türkmenistan bu iri halkara gurama üçin Aşgabadyň iň ajaýyp künjekleriniň birinde bina etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Muna wekilhananyň işgärleriniň iş otaglary, şeýle hem binanyň aşaky gatynda ýerleşdirilen, dürli sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan türgenleşik zaly görkezildi. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy wekilhananyň işgärleriniň boş wagtlarynda sport bilen meşgullanýandygy, munuň bolsa beden saglygyny saklamaga ýardam berip, işiň netijeliligini ýokarlandyrýandygy barada gürrüň berdi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmana BMG-niň wekilhanasynyň işgärleriniň türkmen halky bilen birlikde ýaş bag nahallaryny oturtmagyň köpçülikleýin ýowaryna, şeýle hem beýleki jemgyýetçilik çärelerine yzygiderli gatnaşýandyklaryny gürrüň berdi.

Milli Liderimiz giň zaly ýene-de bir gezek gözden geçirip, bu ýerde işlejekleriň binada diňe bir uly ýygnaklary däl, eýsem, forumlary hem geçirip biljekdiklerine ünsi çekdi. Çünki binanyň iş meýdany olary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem dabara gatnaşyjylar radio we wideo enjamlar bilen üpjün edilen iş maslahatlaryny hem-de gepleşikleri geçirmäge niýetlenen otaglar bilen tanyşdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleriniň ýygnanan maslahatlar zalyna geldiler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins BMG-niň ýurdumyzda işleýän guramalarynyň wekilhanalarynyň adyndan çykyş etmek bilen, pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň we BMG-niň netijeli gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän aýratyn ünsi hem-de bu iri halkara guramanyň düzümleriniň işine berilýän hemmetaraplaýyn goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, hut türkmen Lideriniň tagallalary netijesinde daşary döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň ençemesi, hususan-da, BMG bilen köpugurly gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär, bilelikde işlemek üçin şertler döredilýär.

Şeýle başlangyjyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bildirilýän uly gyzyklanmanyň, dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrmagyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny bellemek bilen, BMG-niň wekilhanasynyň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa umumy işde berilýän uly kömek üçin çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň täze binasynyň açylmagynyň Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklarda täze tapgyryň başlanmagyny alamatlandyrýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz türkmen paýtagtynda ýerleşen islendik iri dolandyryş binasy ýaly, BMG-niň wekilhanasynyň hem täze jaýynyň binagärlik aýratynlygy, enjamlaşdyrylyşy babatda ýokary derejä eýe bolmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, täze binanyň gurluşygynda, bezeg aýratynlyklarynda we binagärlik çözgüdinde bolşy ýaly, onuň enjamlaşdyrylyşy döwrüň talabyna doly laýyk gelýär.

Milli Liderimiz BMG-niň Baş sekretarynyň iri halkara guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze jaýynyň binagärlik çözgüdi, iş otaglarynyň ýerleşdirilişi, bezeg aýratynlyklary babatda diňe bir sebit däl, eýsem, dünýäde-de nusgalykdygy barada aýdanlaryny mysal getirip, bu işde halkara guramanyň Türkmenistanda işleýän abraýly düzümleriniň öňe süren başlangyçlarynyň ornuny we ähmiýetini belledi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany we BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçylaryny, işgärlerini täze bina bilen ýene bir gezek gutlady hem-de olara alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

BMG-niň wekilhanasynyň işgärleri bilen duşuşykdan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdylar.

Döwlet Baştutanymyz binadan çykyp, türkmen tarapynyň halkara guramalaryň ýurdumyzda netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmekde mümkin bolan işleri geçirendigini belledi. Milli Liderimiz şu günki waka barada ýadygärligiň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan BMG-niň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň baştutanyna täze awtoulagyň sowgat berilýändigini habar berdi.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun sowgat üçin hoşallyk bildirip, Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň geçirilýän günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň wekilhanasyna ýokary derejeli ulag serişdesiniň peşgeş berilmeginiň özboluşly manysynyň bardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň haýyşy boýunça, olar bilen ýadygärlik surata düşenden soň, hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.