Ï Hepdäniň wakalary: parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň ýollary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hepdäniň wakalary: parahatçylygyň, dostlugyň we ösüşiň ýollary

view-icon 1844
Türkmenistan möhüm ähmiýetli yklymara ýollaryň çatrygynda ýerleşmek bilen, häzirki wagtda dünýäniň jemgyýetçilik-syýasy we işewür toparlarynyň üns merkezine eýe bolýar. Döwlet ösüşiniň strategiýasyna we halkara hyzmatdaşlyga täze çemeleşmeler, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän oýlanyşykly ykdysady syýasat we özgertmeler – bularyň ählisi bilelikde ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende göterilmegini şertlendirdi.

Muňa geçen hepdäniň wakalary aýdyň şaýatlyk edýär, olaryň hatarynda 26—27-nji noýabrda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahat aýratyn taryhy ähmiýete eýedir.

Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin birnäçe ýurduň döwlet we hökümet baştutanlary, parlamentleriniň ýolbaşçylary, dünýäniň onlarça döwletinden resmi wekiliýetler türkmen paýtagtyna geldiler. Forum şeýle hem Aşgabatda abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň — Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň esasy komissiýalarynyň we ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA), Ýewropa Komissiýasynyň ulag boýunça komissarynyň edarasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU), Halkara Raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO), Demir ýollaryň halkara birleşiginiň (UIC), Halkara Ýol federasiýasynyň (IRF), Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA), Halkara deňiz guramasynyň (IMO), Ýewropa – Kawkaz – Aziýa ulag geçelgesiniň Hökümetara toparynyň (TRASEKA), Bütindünýä Söwda guramasynyň (WTO), Halkara energetika agentliginiň (IEA), Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň (ITU), Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň, Ýewropanyň maýa bankynyň, Ýewraziýa patent guramasynyň (EАPO) we beýlekileriň ýolbaşçylaryny we wekillerini jemledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty açmak bilen, bu ýokary derejeli foruma häzirki döwürde ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň nähili uly ähmiýete eýe bolýandygyna oňat düşünýän pikirdeşler ýygnandy diýip belledi. Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde degişli ulag-üstaşyr we logistik ulgamyň döredilmeginiň bu ýagdaýyň möhüm böleginiň biridigi äşgärdir. Gürrüň Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta—Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň deňiz terminallaryna çykmak arkaly kontinental Ýewraziýanyň giňişligini öz içine alýan ulag gatnawlarynyň köp şahaly, toplumlaýyn, utgaşykly düzümini gurmak barada barýar.

Türkmenistan milli derejede eýýäm ulag düzümini döretmegiň, ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň giň möçberli maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň, ýol aýrytlarynyň, köprüleriň gurluşygy çalt depginlerde alnyp barylýar. Ýaňy-ýakynda Aşgabadyň Halkara howa menzili açyldy. Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Bu deňiz porty Aziýanyň we Ýewropanyň sepgidinde kuwwatly logistik merkeze öwrüler. Ol deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ulagyny ulanmak arkaly ýük daşalyşyny utgaşdyrmaga ýardam eder. Geljek ýylyň başynda biz Amyderýanyň üstünden geçýän sebitdäki iri awtomobil we demir ýol köprülerini ulanmaga bereris. Bu köprüler Özbegistanyň we Türkmenistanyň ulag ýollaryny birleşdirer, iki ugurda hem ulag akymlarynyň hereketini ep-esli çaltlandyrar. Şoňa görä-de, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebitde iri halkara taslamalaryň birnäçesini amala aşyrýar. Milli Liderimiz Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ýylda 10—12 million tonna ýüküň daşalmagyny üpjün etmäge ukyplydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň birinji nobatdakysynyň açylmagynyň Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň döredilmegine badalga berýändigini belledi. Bu geçelge taslama gatnaşýan ýurtlaryň, şeýle hem Gyrgyzystanyň çägi boýunça geçip, Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen Aziýa—Ýuwaş ummany sebitiniň bazarlaryna çykar.

Milli Liderimiz maslahatyň häzirki zaman syýasatşynaslygyny, geoykdysadyýet nazaryýetini we halkara gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Bularyň ählisi özara düşünişmek ýagdaýynyň has-da berkidilmegine ýardam eder, diýmek, parahatçylygy, döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara ynanyşmagy pugtalandyrmak işine hyzmat eder.

Soňra maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun çykyş etdi. Belent mertebeli myhman ulag ulgamynyň ägirt uly ähmiýeti barada aýdyp, dünýä söwdasynyň halkara gatnaw ýollaryna baglydygyny belledi. Munuň özi iş orunlarynyň, ykdysady ösüşiň çeşmesidir. Ulag ulgamy adamyň tutuş ösüşine hem täsir edýär. Alysdaky künjeklerde ýaşaýandygyna garamazdan, adamlaryň ählisiniň bir ýerden başga bir ýere howpsuz barmaga mümkinçiligi bolmalydyr. Durnukly ulag adamlaryň hemmesini gurşap almalydyr diýip, BMG-niň Baş sekretary nygtady.

Şol gün hormatly Prezidentimiz we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary BMG-niň biziň ýurdumyzdaky Wekilhanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu ajaýyp waka çuňňur mazmuna we taryhy ähmiýete eýedir, çünki ol Türkmenistanyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze tapgyryň başlanmagyny alamatlandyrýar.

Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini, şol sanda Gruziýanyň Prezidenti Giorgi Margwelaşwili, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Awstriýa Respublikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç, ŞHG-niň Baş sekretary Raşid Alimow bilen duşuşyklary geçirdi.

Maslahatyň umumy mejlisleriniň barşynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç, Awstriýa Respublikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamin, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azimow, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Muhammetkalyý Abulgaziýew we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Azim Ibrohim, Halkara Raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Baş sekretary hanym Fan Lýu hem-de Bütindünýä bankynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş ulgamynda gün tertibiniň meseleleri boýunça toparyň uly wise-prezidenti jenap Mahmud Mohieldin çykyş etdiler. Olar ulag ulgamynda Türkmenistanyň başlangyçlarynyň örän wajypdygyny belläp, öz ýurtlarynyň bu ugurda mundan beýläk-de gatnaşyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar we forumyň jemleriniň möhüm düzümleýin taslamalary ilerletmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Lamberto Zanniýer, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamin, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azimow bilen duşuşyklary geçirdi. Milli Liderimiz Halkara Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) prezidenti Umberto de Pretto bilen söhbetdeş boldy. Duşuşyklaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhmanlar döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, dürli pudaklarda netijeli işewürlik gatnaşyklaryny höweslendirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamyny ösdürmäge ugrukdyrylýan maýa goýumlarynyň geosyýasatyň möhüm şerti, döwletlere we sebitlere uly ykdysady mümkinçilikleri açýan kuwwatly goşulyşmak serişdesi bolup durýandygy nygtaldy.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ýurtlar bilen hyzmatdaşlygynyň gurallaryny kadalaşdyryjy dürli resminamalara gol çekildi.

Ýekşenbe güni maslahat öz işini paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda guralan, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň çäklerinde dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, ýük we ýolagçy awtoulaglaryny ösdürmek, ykdysadyýeti ösdürmek hem-de söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin üstaşyr-ulag geçelgeleriniň ähmiýeti ýaly meselelere bagyşlanan işewürler maslahaty görnüşinde dowam etdi. Maslahata BMG-niň degişli agentlikleriniň we düzümleriniň, iri halkara guramalaryň we banklaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem pikir alyşmalara ulag ulgamyny ösdürmekde uly tejribä hem-de degişli ugurda netijeli innowasion işläp düzmelere eýe bolan iri halkara logistik, gurluşyk we tehnologik kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Synymyzy dowam etmek bilen, geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirendigini bellemek gerek. Onuň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimlerine sowuk howanyň aralaşmagy bilen baglylykda ýyladyş ulgamlarynyň degişli derejede işlemegini, durnukly energiýa we gaz üpjünçilik meselelerini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy. Döwlet Baştutanymyz Hasyl toýy hem-de ýetip gelýän Bitaraplyk güni we Täze ýyl mynasybetli geçiriljek çärelere guramaçylykly taýýarlyk görmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde milli Liderimize parlamentiň geçiren maslahatynyň jemleri hakynda habar berildi. Şol maslahatda “Türkmenistanyň 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanun, “Türkmenistanyň 2015-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Mejlisiň Karary, şeýle hem döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanan täze Kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Olaryň hatarynda “Adalatçy hakynda”, “Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda”, “Azyk howpsuzlygy hakynda” Kanunlar bar.

Bulardan başga-da, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ulag-aragatnaşyk pudagyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumynda iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply senagat önümleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada gürrüň edildi. Maliýe-bank ulgamynyň, salgyt we statistika edaralarynyň işlerini has-da kämilleşdirmek, paýtagtymyzda German ykdysadyýetiniň gününi geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Möhüm meseleleriň ýene-de biri öz işini bilýän zehinli hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar. Milli Liderimiziň orta mekdepleri ýokary bahalar bilen tamamlan ýaş türkmenistanlylary döwletiň hasabyna daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerine — ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Singapuryň dünýäniň degişli görkezijisinde öňdäki orunlary eýeleýän esasy ýokary okuw mekdeplerine ibermek barada beren tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Zerur bolan hünärleriň hatarynda dänelik ekinleriň seleksiýasy we tohumçylygy, halkara marketing, makroykdysadyýet, innowasion ulgamlar, azyk önümlerini öndürmegiň tehnologiýasy we biotehnologiýa, halkara ykdysady hukuk, ykdysadyýet we ulag hojalygyny dolandyryş, önümçilik we logistika, awiasiýa we kosmos inženerçiligi, senagat inženerçiligi, halkara strategik menejment, ätiýaçlandyryş we beýleki hünärler bar.

Geljek ýylyň fewralynda ýurdumyzda demokratiýanyň ösüşiniň nobatdaky wakasy bolup geçer. Mälim bolşy ýaly, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçiriler. Ýurdumyzda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň 22-nji noýabrda geçirilen mejlisi bu şanly waka, şeýle hem saýlaw okruglarynyň üçüsi boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça ses bermegiň jemlerine bagyşlandy. Duşuşyga MST-niň hem-de onuň ýanynda döredilen işçi toparlaryň agzalaryndan başga-da, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň başlyklarynyň habarlary diňlenildi. Mejlise gatnaşyjylar öz esasy wezipesiniň öňde boljak saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzyň hereket edýän saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi üçin ähli tagallalary etmek bolup durýandygy barada bir pikire geldiler.

24-nji noýabrda Mejlisde Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gerhard Saýllerden hem-de Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Aýalew Gobeze Worknehden ynanç hatlary kabul edildi.

Noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde, däp bolşy ýaly, tutuş ýurdumyz boýunça Hasyl toýy bellenildi. Daýhanlaryň bu baýramçylygy oba hojalyk ýylynyň tamamlanmagynyň, onuň netijelerini jemlemegiň nyşany hökmünde nobatdaky gezek türkmen topragynyň sahylygyny, oba zähmetkeşleriniň zähmetsöýerligini, daýhanlarymyzyň ösdürip ýetişdiren bereketli hasylyny, desterhanlaryň bolçulygyny nobatdaky gezek şöhratlandyrdy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda sergiler, sport bäsleşikleri, sungat ussatlarynyň konsertleri, at çapyşyklary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Geçen hepdäniň esasy halkara wakasy baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, şu ýylyň 27-nji noýabrynda Awtomobil ulaglary ministrliginiň binasynda “Türkmenistanyň ulag ulgamy durnukly ösüş ýolunda” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň geçirilendigini bellemek gerek.

Şeýle hem Atamyrat — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) täze demir ýolunyň ulanmaga berilmegine bagyşlanyp “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesi: birinji tapgyr. Türkmenistan XXI asyryň geoykdysady kartasynda” atly kitap neşir edildi.

Täze neşiriň maglumatlary ýurdumyzyň ulag toplumynyň artýan kuwwatynyň soňky ýyllaryny sanlarda beýan edýän statistik hasaplamalar, üstaşyr mümkinçilikleriň artmagy bilen berkidildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag syýasatynyň maksady ýurdumyzyň amatly geografik ýagdaýyny hem-de Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky tebigy üstaşyr köpri hökmünde ulag düzüminiň ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede amala aşyrmak bolup durýar.