Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Raul Kastro Rusa onuň dogany — Kuba Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň ozalky Başlygy Fidel Kastro Rusuň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.
Gynanç hatynda bellenilişi ýaly, Fidel Kastro görnükli syýasatçy bolup, ol diňe bir öz ýurdunda däl-de, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem mertligiň we bütin adamzat barada alada etmegiň ajaýyp nusgasydyr. Onuň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynanýaryn — diýip, hatda aýdylýar.
Döwlet Baştutanymyz merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Kuba Respublikasynyň ähli halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.