Ï Türkmenistan sebit ulag hyzmatdaşlygynda özüniň öňdebaryjy ornuny güýçlendirýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan sebit ulag hyzmatdaşlygynda özüniň öňdebaryjy ornuny güýçlendirýär

view-icon 889
Şu günler Türkmenistanda daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanly wekilleri boldular. Olar daşary ýurtly beýleki myhmanlar bilen bir hatarda, diňe bir biziň ýurdumyz üçin ýa-da sebit üçin möhüm bolman, eýsem, tutuş dünýäde möhüm ähmiýete eýe bolan wakalaryň şaýady boldular. Olaryň biri Azerbaýjanyň “Trend” Halkara habarlar agentliginiň baş direktorynyň halkara meseleler boýunça orunbasary Ilçin Guseýnow Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine beren gürrüňinde hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýan bu wakalaryň ähmiýeti barada öz pikirini aýtdy.

—Jenap Guseýnow, siz Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumymy maslahata gatnaşdyňyz. Bu bütindünýä forum Sizde nähili täsirleri galdyrdy?


—Ilki bilen, türkmen tarapyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçirilen şeýle uly göwrümli, ajaýyp guralan maslahata gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallyk bildirýärin. Meniň Aşgabatdan, dünýäniň dürli künjeklerinden bolan köp sanly kärdeşlerim türkmen paýtagtynda çözülen durnukly ulag ulgamyny ösdürmek boýunça meseleleriň tutuş dünýä üçin örän derwaýysdygy hakynda pikirdeşdirler. Ýöne iň esasy zat, Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, beýleki döwletleriň we hökümetleriň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçen ählumumy maslahatyň netijeleri bolup durýar.

Forumyň barşynda türkmen Lideriniň çykyşyndan soň, onuň öňe süren täze başlangyçlary we bu ulgamda düýpli meseleleriň çözgüdine çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Biz Türkmenistanyň sebit ulag hyzmatdaşlygynda öňdebaryjy ýurt hökmünde öz ornuny pugtalandyryp, amala aşyrýan halkara taslamalary barada köp zatlary bildik.

Şeýle hem maňa türkmen-owgan serhedinde Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak miýesser etdi. Elbetde, bu giň göwrümli taslamany durmuşa geçirmek diňe bir Türkmenistanyň, Owganystanyň, Täjigistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine täsir etmän, tutuş yklymyň ykdysady ösüşinde ägirt uly ähmiýete eýe bolar.

Biz hakykat ýüzünde Beýik Ýüpek ýolunyň täze keşpde döreýändigini görýäris. Türkmenistanyň Prezidentiniň transmilli ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça teklipleri meniň ýurdum üçin hem aýratyn uly ähmiýete eýe. Çünki, ol ýerde hem halkara demir ýollary döretmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu başlangyçlar bilelikde sebitiň köp ýurtlaryna dünýä bazaryna, hususan-da, Ýewropa we Aziýa—Ýuwaş ummany bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berer.

—Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan taslamalar Owganystanyň ösüşinde nähili ähmiýete eýe bolup durýar?

—Elbetde, Aziýa demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň — Atamyrat we Ymamnazar türkmen beketlerinden Owganystanyň Akina bekedine çenli demir ýoluň açylmagy Owganystanyň syýasy durnuklylygyny pugtalandyrmak we ykdysadyýetini ösdürmek, onuň dünýä aragatnaşyk ulgamyna goşulyşmagy üçin örän uly ädimdir. Bu ýurtda nähili ýagdaýyň emele gelendigi hemmelere mälimdir. Şonuň üçin hem Türkmenistanyň özüniň günorta goňşusyna edýän ýokary ynsanperwer goldawy owgan halky üçin hem, tutuş sebit üçin hem örän möhümdir. Türkmenistan elektrik energiýasyny ibermek, transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy we beýleki birnäçe taslamalar boýunça başlangyçlary amala aşyrýar. Olaryň Owganystanyň ösüşi üçin ähmiýeti iňňän uludyr.

—Ulag we energetika ulgamy boýunça halkara taslamalar dünýä ykdysady çökgünliginiň ýaramaz netijelerini gowşatmaga ukyplymy?

—Elbetde, ýük gatnawlarynyň hem-de energiýa serişdeleriniň arzanlaşmagy, harytlaryň nyrhyny peseltmäge hem-de köp ýurtlaryň ilaty üçin olaryň elýeterli bolmagyna mümkinçilik berer. Harytlara isleg bildirilmegi olary öndürmegiň artdyrylmagyna zerurlygy döredýär. Bu bolsa ykdysady çökgünlik sebäpli işleri saklanan kärhanalaryň täzeden işe girizilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi diýildigidir. Bulary durmuşa geçirmek üçin ulag we energetika ulgamynda oňat hasaplanan taslamalar zerur. Olaryň durmuşa geçirilmegine Türkmenistan bilen Azerbaýjan hem öz goşantlaryny goşup bilerler.

Biziň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň ösmegi üçin Orta Aziýanyň deňiz derwezesi diýlip atlandyrylýan Türkmenbaşy portunyň mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça Siziň tagallalaryňyz uly ähmiýete eýe bolup durýar. Gündogar—Günbatar we Demirgazyk—Günorta ugurlary boýunça ulag geçelgeleri bolup hyzmat etjek iki ýurduň arasynda deňiz aragatnaşygy köp döwletler üçin halkara bazarlara iň gysga çykalga bolar. Ýük we ýolagçy gatnawynyň möçberi artar.

Energiýa serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň oýlanyşykly dolandyryş çözgütleri netijesinde iki goňşy ýurt dünýä ykdysadyýeti üçin aňsat bolmadyk döwürde öz kuwwatlaryny mynasyp görkezmek bilen, ykdysady ösüş ýoly boýunça önjeýli gatnaşyklary çuňlaşdyryp, öňe gitmeklerini dowam edýärler. Şunuň ýaly ykdysady ygtybarlylyk tutuş sebite önjeýli täsir edýär. Onuň durnuklylygy we öňe gitmegi bolsa dünýä ykdysady giňişligine hem özüniň oňyn täsirini ýetirer.

Biziň hyzmatdaşlyk edýän iri sebit taslamalarymyz Azerbaýjanda hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýar. Ol taslamalar gönüden-göni biziň Prezidentlerimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýär. Bu bolsa mümkinçilikleri goşmak bilen bilelikde täze sepgitlere ýetmek üçin oňat esas bolup durýar.

—Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahata we Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň açylyşyna gatnaşmagyňyzdan başga Siziň Türkmenistana saparyňyzda ýene nämeler ýatda galar?

—Aşgabatda bolanymda, men Olimpiýa şäherjigine baryp gördüm. Ol ýerdäki sport desgalary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegine eýýämden taýýar. Men sport ulgamynda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilendigine, Olimpiýa şäherjiginiň enjamlaşdyrylyşynyň derejesiniň ýokarydygyna göz ýetirdim. Öňde duran iri göwrümli sport wakasyny guramaga şeýle oýlanyşykly çemeleşilmegi özüniň ajaýyp miwesini berer diýip ynanýaryn.

Mundan birnäçe ýyl ozal, has takygy, 4 ýyl ozal maňa ilkinji gezek Aşgabada gelmegiň miýesser edendigini bellemek isleýärin. Bu, elbetde, şäheriň ösüşi üçin beýle bir uly möhlet däl. Ýöne men bu gysga döwürde nähili uly işleriň durmuşa geçirilendigini, şäheriň nähili batly depginler bilen ösýändigini görüp haýran galdym. Türkmen paýtagty örän owadan. Onda ak mermere beslenen ajaýyp desgalar örän kän. Aşgabat agşam düşende has hem gözelleşýär. Suw çüwdürimleriniň dürli reňklerde öwşün atmagy ony ertekilerdäki şähere öwürýär. Myhmansöýer we hoşniýetli türkmenistanlylar bilen duşuşyk hem örän ýakymly täsir galdyrdy.

—Döredijilik babatda biziň ýurdumyzda bolmagyňyzyň Siz üçin nähili ähmiýeti bar?

—Türkmenistanda geçiren şu günlerim meniň üçin wakalara örän baý hem-de önjeýli boldy. Bu ýerde möhüm taryhy, ählumumy wakalaryň ençemesi bolup geçdi. Mundan başga-da, žurnalist üçin okyjylara gürrüň bermäge gyzykly, ajaýyp, täsin zatlar örän kän. Aşgabat, Türkmenistan hem-de siziň ýurduňyz tarapyndan öňe sürülýän taslamalar, Aziada—2017-ä taýýarlyk boýunça geçirilýän uly işler we ajaýyp sport desgalary barada örän köp maglumatlar ýygnaldy. Bu maglumatlar, täsirler öz ýurduma dolanyp gelenimden soň, Türkmenistana bagyşlanan makalalaryň esasyny düzer.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen biziň aramyzda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Geljekde uly mümkinçilikli taslamalar bar. Biz öz ýurtlarymyz barada ygtybarly habarlaryň halkara habarlar giňişliginde görnükli orny eýelemegi üçin ähmiýetli bolan bu hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak isleýäris.