I. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda, № 4, 76-njy madda; 2014 ý., № 1, 45-nji madda, № 2, 79-njy madda, № 4, 162-nji madda; 2015 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 104-nji madda, № 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., № 1, 6-njy, 29-njy we 62-nji maddalar, № 4, 140-njy madda) şu goşmaçany we üýtgetmäni girizmeli:
1. 344-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:
«3441-nji madda. Adam söwdasyna garşy hereket etmek hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy
Adam söwdasynyň pidalarynyň ýa-da ýakyn garyndaşlarynyň janyna ýa-da saglygyna howp salyp biljek maglumatlaryň, ýagny adam söwdasynyň pidalary, olar babatda edilen jenaýatlar, amala aşyrylýan howpsuzlyk çäreleri barada maglumatlaryň bikanun ýaýradylmagy, ýaşyryn maglumatlaryň aýan edilmegi hem-de adam söwdasynyň pidalaryna kömek berilmezligi —
fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara — bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara — onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.
Bellik
Adam söwdasynyň pidasy onuň adam söwdasynyň pidasy bolmagy bilen şertlendirilen kanuna garşy hereketleri edendigi üçin, ol administratiw jogapkärçiliginden boşadylýar.».
2. 445-nji maddanyň ikinji böleginde «334-344-nji» diýen sanlary «334-3441-nji» diýen sanlara çalşyrmaly.
II. Şu Kanun 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri. 2016-njy ýylyň 23-nji noýabry.