Ï Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

view-icon 942
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife Pakistanyň Halkara howa ýollarynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň netijesinde ýurduň köp sanly raýatlarynyň gurban bolmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Baştutany şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.