Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin Türkmenistana saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň GDA başlyklygynyň Konsepsiýasy bilen tanyşdyrdy. RF-nyň diplomatik wekilhanasynda bolan duşuşyga Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle hem halkara habarlar agentlikleriniň we ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Diplomat öz çykyşynda Arkalaşygyň abraýly halkara guramasy hökmünde ähmiýetini we onuň GDA giňişligindäki köpugurly gatnaşyklardaky wajyp wezipesini belläp, Russiýanyň GDA başlyklygynyň dowamatlylyk ýörelgelerine we özara kabul ederlikli hukuk gurallaryna laýyklykda alnyp baryljakdygyny nygtady. Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary tanyşdyrylyşyň barşynda Russiýanyň GDA başlyklygyndaky ileri tutuljak maksatlara we wezipelere ünsi çekdi. Olaryň arasynda döwletara guramasy hökmünde GDA-nyň utgaşdyryjy wezipesini işjeňleşdirmek we dünýa syýasy arenasynda onuň abraýyny berkitmek, Arkalaşygyň gurluşlarynyň we edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, dürli ugurlarda integraiýa işlerine we özara peýdaly hyzmatdaşlyga ýardam etmek ýaly wezipeler bar. Bu konsepsiýany amala aşyrmak üçin GDA döwletleriniň doly möçberli özara hereketine gönükdirilen çäreleriň 54-sini öz içine alýan meýilnama işlenilip taýýarlanyldy.
2017-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň GDA başlyklygynyň indiki ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüne girýän Konsepsiýasy we olary durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan tassyklanyldy.