Ï Hepdäniň wakalary: parahatçylyk söýüjiligiň we döredijiligiň belent maksatlary durmuşa geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hepdäniň wakalary: parahatçylyk söýüjiligiň we döredijiligiň belent maksatlary durmuşa geçirilýär

view-icon 1357
Türkmenistan döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urmagyny dowam edýär. Bu ýolda dürli wakalar bolup, ýurdumyzyň ýylýazgysynyň üstüni jemgyýetiň syýasy we ykdysady ulgamlarynda, medeni we ruhy durmuşynda gazanýan üstünlikleri bilen ýetirýär. Ýetip gelen uly baýramçylygyň — Bitaraplyk gününiň nyşany astynda geçen hepde hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 21 ýyllygyna bagyşlanyp, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň Bitaraplygy we halkara tejribesi: durnukly ösüş ugrundaky hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Aşgabatda ýadygärlikleriň birnäçesiniň — “Zemin”, “Ebedilik”, “Jebislik”, “Ösüş”, “Erkanalyk”, “Çemen” atly binalaryň açylmagy milli senenamamyzdaky şanly senä bagyşlandy. Durky täzelenen ýollaryň aýlawly çatryklarynda bina edilen bu özboluşly binalar ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşdy. Şeýle hem köp gatly awtoduralgalaryň ikisi ulanmaga berildi.

Balkan welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütüni ýerleşdirilen täze meýdançanyň açylyş dabarasy boldy. Bu binanyň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda açylmagy türkmen halkynyň mukaddesligine — milletimiziň agzybirligini, mertebesini we buýsanjyny alamatlandyrýan Döwlet baýdagyna ägirt uly sarpanyň hem-de Watanymyza buýsanjyň subutnamasydyr.

Geçen hepdede bolan beýleki wakalaryň arasynda 9-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini görkezmek bolar. Onda şu ýylyň on bir aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalarynyň berjaý edilişi seljerildi, döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy we ýakyn geljek üçin anyk wezipeler kesgitlenildi.

Mejlise milli parlamentiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň baş redaktorlary çagyryldy. Onuň dowamynda wise-premýerleriň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Olaryň işleriniň netijelerine anyk baha berildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,1 göterim, gurluşykda 4,4 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterim, söwdada 14,2 göterim, oba hojalygynda 12 göterim we hyzmatlar ulgamynda 9,7 göterim ýokarlandy.

Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň 51-niň, 3,9 müň kilometrden gowrak inženerçilik ulgamlarynyň, 1 million inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. Suw hem-de lagym arassalaýjy desgalaryň 27-siniň, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 59-synyň, 808,2 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 209-synyň gurluşygy tamamlandy hem-de olaryň 111-sinde gurluşyk işleri dowam edýär. Döwrebap önümçilikleriň işe girizilmegi bilen içerki bazarda haryt bolçulygy üpjün edildi hem-de täze iş orunlary döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabatlary jemläp, nebitgaz toplumy bilen bagly bar bolan kemçiliklere garamazdan, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri boýunça, ozalkysy ýaly, ösüşiň ýokary depginleri saklanýar diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere we ministrlere ýylyň jemleri boýunça Ministrler Kabinetiniň ýanwar aýynda geçiriljek giňişleýin mejlisine taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Onda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça alyp barýan işleri baradaky hasabatlary diňlener. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça olaryň geçirýän işlerine baha berler. Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek we elektron senagatyny döretmek bilen bagly amala aşyrylan işleriň ýagdaýyna garalar. Şeýle hem oba hojalyk we nebitgaz pudaklarynda özgertmeleri dowam etmek boýunça taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna serediler, V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Täze ýylda ýurdumyzy, häzirki ýaly, ýokary depginler bilen ösdürmek wezipesiniň durýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejiler we çykdajylar böleginiň hakyky ýagdaýlardan ugur alnyp, oýlanyşykly düzülendigini belledi.

Şeýle hem ýeterlik möçberde serişdeleri bolan Durnuklaşdyryş gaznamyz, köp möçberde döwlet serişdelerimiz bar. Şoňa görä-de, öňküsi ýaly, geljek ýyl üçin kabul eden ähli ýaşaýyş-durmuş maksatnamalarymyzy doly ýerine ýetireris. Ýollary, ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri we beýleki desgalary giň gerim bilen gurmagy dowam ederis. Ýurdumyzyň energetika, nebitgaz we senagat pudaklaryny, telekeçilik ulgamyny ösdüreris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Umuman, 2017-nji ýylda ähli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň öňünde örän uly we jogapkärli wezipeler durýar. Bu wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek her bir ýolbaşçynyň borjudyr! Biz näçe netijeli işlesek, köp işleri amala aşyrsak, mähriban halkymyz şonça-da gowy durmuşda ýaşar, berkarar Watanymyzyň abraýy has-da ýokarlanar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Milli baýramy — Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky» we «Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky» Permanlara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, 2016-njy ýylda ýurdumyzyň käbir etraplarynda pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmändiginiň sebäplerini, beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmekde hem-de oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny netijeli ulanmakda alnyp barylýan işleri seljermek boýunça pudagara topary döredildi. Pudagara topar geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada 2016-njy ýylyň 17-nji dekabryna çenli Türkmenistanyň Prezidentine hasabat bermäge borçly edildi.

Synymyzy dowam edip, döwlet Baştutanymyzyň welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda 5-nji dekabrda geçiren göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň, oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellemek gerek.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we myhman hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmagyň barşynda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerinde guralýan we strategik häsiýete eýe bolan netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda bar bolan köpugurly mümkinçilikleri nazara almak bilen, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda we beýleki birnäçe ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygy bellenildi. Şeýle hem ynsanperwer ugruň möhümdigi bellenildi. Munuň özi iki goňşy halkyň taryhy taýdan emele gelen medeni gatnaşyklary, olaryň ruhy gymmatlyklarynyň we köpasyrlyk däpleriniň umumylygy bilen şertlendirilendir. Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de “General Electric” kompaniýasynyň wise-prezidenti, kompaniýanyň Russiýadaky hem-de GDA ýurtlaryndaky prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Ronald J.Pollettiniň duşuşygynyň barşynda işewür hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän “Açyk gapylar” syýasaty we Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwaty dünýäniň işewür toparlarynyň biziň ýurdumyz bilen maýa goýum, tehnologik, söwda hyzmatdaşlygyna gyzyklanmasynyň artmagyna ýardam edýär.

Munuň şeýledigini “Türkmenistanyň nebiti we gazy—2016” atly halkara maslahat ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Nebitgaz forumy abraýly halkara guramalaryň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, BAE-niň, Malaýziýanyň hem-de Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň ýangyç-energetika kompaniýalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň nebitgaz edaralarynyň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekillerini ýygnady.

Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde ýangyç çig malyny gözlemek, çykarmak we ugratmak, känleri çuňňur burawlamak, deňizde gözleg işlerini geçirmek hem-de Hazarda taslamalary amala aşyrmak üçin zerur bolan kenar düzümini döretmek, hereket edýän turbageçirijileri döwrebaplaşdyrmak we täze geçirijileri gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, nebitli we gazly ýataklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda geçirilýän işler bilen tanyşdyryldy. Sergide gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ekologiýa täzeliklerine we mümkinçiliklerine, kärhanalarda ekologiýa howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga aýratyn orun berildi.

Maslahatda dünýäniň, sebitiň we ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň ösüşiniň çaklamasy, nebitgazy gaýtadan işleýän we nebithimiýa senagatynyň mümkinçilikleri, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmek üçin döwrebap barlaglary we işleri, tehnologiýalary we usullary peýdalanmak ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Umuman, forumy häsiýetlendirmek bilen, şol günler paýtagtymyz iri halkara çekişmeler meýdançasyna öwrüldi diýip aýtsak bolar. Onda energiýa serişdeleriniň dünýä bazarynyň ösüşiniň, energetika goşulyşmanyň we howpsuzlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Elbetde, onuň çäklerinde geçirilen netijeli duşuşyklaryň, türkmen ýangyç-energetika toplumynyň we dünýäniň nebitgaz işewürliginiň wekilleriniň tanyşdyran täze taslamalary we beýan eden teklipleri eýýäm ýakyn geljekde täze şertnamalara hem-de düzümiň desgalaryna öwrülip, özara bähbitli hyzmatdaşlyga hyzmat etjekdigi gürrüňsizdir.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013—2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça pudagara işçi toparynyň mejlisi geçirildi.

Duşuşygyň esasy meseleleriniň biri geçen döwürde durmuşa geçirilen işleriň jemlerine garamak hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek wezipeleri boldy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň bilermenleriniň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilleriniň gatnaşmagynda guralan mejlisiň gün tertibine, şeýle hem sagdyn iýmitlenmek boýunça 2018—2025-nji ýyllar üçin täze maksatnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda hukuk goraýjy we harby edaralar bilen bilelikde üstünlikli geçirilen ýörite çäreleriň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, ýasama çilimleri we psihotrop maddalary ýakyp, ýok etmek boýunça nobatdaky çäre geçirildi. Bu çäre döwletiň we jemgyýetiň häzirki döwrüň iň howply wehimleriniň birine garşy göreşmekde aýgytlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Durnukly ösüşiň güni” atly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň “Durnukly ösüşiň strategiýalaryny ornaşdyrmaga ýardam etmek — Türkmenistanda energetika we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak” atly taslamasy bilen bilelikde guraldy.

Iki günlük duşuşyga BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMG ÖM), Ýewropanyň Ösüş we täzeleniş bankynyň, beýleki abraýly halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň wekilleri, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň, kärhanalarynyň hünärmenleri, şeýle hem daşary ýurtlaryň nebitgaz çykaryjy kompaniýalarynyň menejerleri gatnaşdylar. Umumy mejlisleriň hem-de “tegelek stollaryň” barşynda 2016—2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüşiň täze maksatlary bilen baglylykda, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi babatda Türkmenistanyň milli syýasatyna degişli meseleleriň giň toparyna garaldy.

Daşoguz welaýatynyň merkezinde Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty hökmündäki wezipesiniň tamamlanmagy mynasybetli dabara geçirildi. Ýylyň çärelere baý maksatnamasynyň jemleýji wakasyna gabatlanyp, GDA agza döwletleriň estrada aýdymçylarynyň konserti boldy.

Türkmenistanyň Daşoguz şäherine bu hormatly derejäni bermek hakynda çözgüt 2015-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen GDA döwletleriniň baştutanlarynyň Geňeşinde kabul edildi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bu waka Türkmenistanda amala aşyrylýan, milletiň ruhy we intellektual kuwwatyny ýokarlandyrmaga, milli medeni gymmatlyklary we däp-dessurlary aýawly saklamaga, hemmetaraplaýyn öwrenmäge hem-de artdyrmaga gönükdirilen ynsanperwer strategiýa bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Daşoguz şäheriniň hormatly wezipäni üstünlikli ýerine ýetirendigini alamatlandyrýan dabaralar Türkmenistanyň ýokary ruhy baýlygyň we medeniýetiň gadymy merkezleriniň biri hökmünde häzirki wagtda hem sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň daýanjy bolup çykyş edýändigini, dünýä bileleşiginiň ähli ýurtlary bilen ynsanperwerlik gymmatlyklary esasynda gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady.

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginiň Söweş sungatlary toplumynda jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. Ol dünýäniň 24 ýurdundan — Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýa Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Saud Arabystanyndan, Singapurdan, Nepaldan we beýleki ýurtlardan ýüzlerçe türgenleri ýygnady. Türkmenistanyň ýygyndysy umumy toparlaýyn hasapda (33 medal) birinji orny eýeledi. Bu ýaryşlar 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň möhüm tapgyryna öwrüldi. Çempionatyň jemleri boýunça Türkmenistan üçin iri kontinental derejeli sport forumynda çykyş etmek üçin milli ýygyndynyň düzümi dörediler.

Umuman, geçen hepdäniň wakalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasatynyň — “Açyk gapylar” syýasatynyň hem-de ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna tarap ilerlemegini üpjün etjek giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň köpugurlylygy öz beýanyny tapdy.