Ï Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

view-icon 884
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Ýoahim Gauga hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele Berlin şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.