Tüdkmenistanyň Perzidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlary we diňleýjileri üçin demografiýanyň we sosial statistikanyň möhüm meseleleri boýunça leksiýalar we okuwlar tapgyry geçirildi. Okuwy halkara konsultant Belarus Respublikasynyň Ylymlar Akademiýasynyň Ykdysadyýet institutynyň sosial-demigrafiýa bölümçesiniň müdiri Anastasiýa Bobrowa geçirdi.
Okuw-türgenleşigiň çäklerinde halkara konsultant sosial statistikanyň häzirki zaman ugurlary barada gürrüň berdi, şeýle hem demogragik ýagdaýlary seljermegiň dürli usullary we bu ugurda toplanan halkara tejribesi bilen tanyşdyrdy. Sapaklar interaktiw usulda özbaşdak meseleler bermek we köpçülikleýin ara alyp maslagatlaşmak görnüşde geçirildi.
Okuwyň jemini jemläp, Anastasiýa Bobrowa özara gyzyklanma netijesinde döwlet gullukçylaryny taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça konsultatiw we tehniki kömek bermek we demografiýa we sosial statistika meseleleri boýunça halkara derejede tejribe alyşmak babatda esasy maksada ýetilendigini belledi. Şeýle hem ol bilim bermekde geljegi uly we döwrüň talap edýän innowasion usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, didaktiki we usulýet serişdeleriniň, multimediýa tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmagynyň wajyplygyny nygtady.