Ï Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 840
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gara deňziniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň “Tu—154” kysymly uçarynyň heläkçilige uçramagy zerarly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirip, medet beriji sözlerini beýan etdi.