Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi

view-icon 1002
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakynda


Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

1. 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç gününi 2-nji ýanwara — duşenbe gününe geçirmeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiligiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri, 2016-njy ýylyň 26-njy dekabry.