Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlaglary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl gutlaglary

view-icon 1419
Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi ýurdumyzda giňden bellenilýän Täze ýyl baýramy — 2017-nji ýyl bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys.

Size berk jan saglygyny, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriňiziň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Hormatly Prezidentimiz!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly üstünliklere beslenen 2016-njy ýyl tamamlanyp barýar. Biz ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barjak, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda örän möhüm waka bolan Prezident saýlawlarynyň geçiriljek ýylyna gadam basýarys. Täze ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde geçiriljek Prezident saýlawlarynyň halkymyzyň watançylyk duýgusyny, her bir raýatyň öz ýurdunyň geljegi üçin jogapkärçilik borjuny, işjeň durmuş ýörelgesini dünýä ýüzüne aýdyň görkezmekde, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de demokratik ýol bilen ynamly öňe gitmeginde möhüm ädim boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halky 2017-nji ýyly ýagşy umyt-arzuwlar bilen, ruhubelentlik ýagdaýynda garşylaýar. Her bir arka atylan ýyl döwletimizi ösüşleriň we rowaçlyklaryň täze belentliklerine çykarýar. Muňa 2016-njy ýylda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen şanly wakalara, gazanylan üstünliklere nazar aýlanyňda has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Tamamlanyp barýan 2016-njy ýyl Siziň adyňyz we ýadawsyz tagallalaryňyz bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan uly zähmet ýeňişleri, beýik asylly işler we başlangyçlaryňyz bilen ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna girdi. Siziň parasatly baştutanlygyňyzda mähriban Diýarymyzyň durmuşynda bolup geçen möhüm wakalary, amala aşyrylan oňyn özgertmeleri birin-birin sanap geçmek mümkin däl. 2016-njy ýyl, ozaly bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň dabaraly bellenilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilen, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende galan ýyly hökmünde taryha girer. Geçip barýan ýylyň her bir güni, her bir aýy syýasy, ykdysady we medeni taýdan örän ähmiýetli wakalara baýlygy bilen häsiýetlenýär. Bu wakalar biziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly gadam urýandygyny, Siziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyňyzyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny görkezýär. Siziň gönüden-göni ýolbaşçylygyňyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler ýurdumyzyň bütin jemgyýetçilik-syýasy ulgamynyň täzelenmegine ýardam edýär. Siziň başlangyjyňyz bilen we gös-göni ýolbaşçylygyňyzda işlenip taýýarlanylan hem-de Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň täze rejelenen görnüşinde diňe bir şu günüň däl, eýsem, ýakyn we uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, ýurdumyzy ösdürmegiň syýasy, ykdysady we durmuş wezipeleri öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzda milli ykdysadyýet durnukly depginlerde ösdürilýär, ylma, bilime, saglygy goraýşa, medeniýete we ilatyň durmuş infrastrukturasynyň ösdürilmegine maýa goýumlaryň goýluşynyň möçberi artdyrylýar. Ykdysadyýetiň hususy bölegine, kiçi we orta telekeçilige giňden goldaw berilýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Adam hakyndaky alada, hemişe bolşy ýaly, Siziň parasatly içeri we daşary syýasatyňyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. 2016-njy ýylda amala aşyrylan düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirildi. Tamamlanyp barýan ýylda raýatlaryň ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagy üçin uly işler edildi. Welaýatlarda we etraplarda ähli amatlyklary bolan, zerur durmuş şertleri döredilen häzirki zaman şäherçeleri we obalary gurlup, ulanylmaga berildi. Olarda döwrebap mekdepler, çagalar baglary, medeniýet, saglyk öýleri, söwda merkezleri we zerur bolan beýleki desgalardyr binalar guruldy. Halkymyz adam hakynda edýän yzygiderli aladaňyz üçin, hormatly Prezidentimiz, Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýar.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Geçip barýan 2016-njy ýylda eziz Diýarymyzda köp sanly senagat kärhanalary we beýleki önümçilik maksatly desgalar, awtomobil ýollary, demir ýollary, iri köprüler, gaz geçirijiler yzygiderli gurlup, ulanylmaga berildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz möhüm logistik merkez hökmünde giň meşhurlyga eýe boldy. Ýurdumyzyň içindäki esasy ýollaryň tapgyrma-tapgyr durkunyň täzelenmegi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, Türkmenistan — Owganystan —Täjigistan transmilli demir ýolunyň, paýtagtymyzda Halkara howa menziliniň, Olimpiýa şäherçesiniň, Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň gurluşyklary biziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyny bütin dünýä äşgär edýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 21 ýyllygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilmegi we Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi bilen Türkmenistan bütin Aziýanyň ulag ulgamynyň esasy halkasyna öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň taýsyz tagallalaryňyz bilen «Bilimli nesil — kuwwatly Watan», «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýen şygarlar astynda ynsanperwer syýasatyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleriniň ylymly, bilimli bolup ýetişmekleri, raýatlarymyzyň saglygynyň goralmagy, milli medeniýetimiziň ösdürilmegi, medeni mirasyň öwrenilmegi, aýawly peýdalanylmagy, goralyp saklanylmagy üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň netijesinde 2016-njy ýylda ýurdumyzda bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamyny ösdürmekde uly üstünlikler gazanyldy.

Aşgabatda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylmagy, birnäçe iri saglygy goraýyş merkezleriniň, welaýatlarda onlarça bilim, saglygy goraýyş edaralarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzda bu ulgamlaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Geçip barýan ýyl türkmen halkymyzyň täsin medeni mirasyny hemmetaraplaýyn we çuňňur öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri açdy.

Siziň başlangyjyňyz bilen 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmeginiň halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň, milli toý-baýramçylyklarynyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti boldy. Şeýlelikde, halkymyzyň milli mirasyny, medeni-taryhy, medeni-tebigy ýadygärliklerini dikeltmek, aýawly saklamak we wagyz etmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Halkymyzyň ruhy-medeni mirasyna degişli kanunçylyk namalary kabul edildi. Täze ýylyň öň ýanynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) türkmen tarapyna Nowruz baýramynyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilýändigi baradaky şahadatnamany resmi ýagdaýda ugratmagy bu baýramçylygyň halkymyzyň ruhy durmuşynda möhüm orny eýeleýändigine we täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Siziň başlangyjyňyz bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan sagdyn durmuşy üpjün etmek ugrundaky ählihalk hereketi gün-günden giň gerim alýar. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna giňden taýýarlyk görülýän şu günlerde ýurdumyzda sagdynlygyň, ruhubelentligiň egsilmez çeşmesi bolan sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine höwes has-da artýar.

Siziň her ýyl üçin belli bir şygary öňe sürýändigimizi, munuň bolsa bize belent maksatlarymyza tarap okgunly öňe gitmegimize ýardam berýändigini belläp, geçiriljek öňde duran çäreleri göz öňünde tutup, geljek ýyly «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly» diýip atlandyrmagy teklip etmegiňiz Siziň halkyň beden hem ruhy sagatlygy ugrunda alyp barýan paýhasly syýasatyňyzyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim bolar.

Täze, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda, hormatly Prezidentimiz, Siziň başlangyjyňyz bilen paýtagtymyzda «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk.» diýen şygar astynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistany sport ýurdy hökmünde dünýä giňden tanatjakdygyny ynamly aýdyp bolar.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň tagallalaryňyz bilen, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy barha pugtalanýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna saýlanylmagy tamamlanyp barýan ýylyň möhüm wakalarynyň biridir. Munuň özi Siziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyňyzyň halkara derejesinde yzygiderli ykrar edilýändigini görkezýär. Ýer ýüzünde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara başlangyçlaryňyz bütin dünýäde ykrar edilýär. Ýurdumyzyň diňe 2016-njy ýylda BMG-niň düzümleriniň birbada üçüsine saýlanylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Sizi bosagada duran Täze — 2017-nji ýyl mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys.

Siziň janyňyz sag, başyňyz dik, mertebäňiz belent, ömrüňiz uzak bolsun, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriňiz mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Täze ýylyňyz düşümli bolsun, hormatly Prezidentimiz!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan A.NURBERDIÝEWA.


* * *


Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi ajaýyp umyt-arzuwlar, iň gowy niýetler bilen dabaraly garşy alynýan Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Täze, 2017-nji ýylda, Arkadag we Gahryman Liderimiz, Siziň eziz Diýarymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrundaky tutanýerli hem yhlasly zähmetiňiziň, parahatçylyga, ösüşe hem-de dostluga gönükdirilen öňdengörüjilikli, oýlanyşykly we maksatnamalaýyn döwlet syýasatyňyzyň, ajaýyp döwrümiziň belent ynsanperwerlik ruhy bilen sazlaşykly utgaşýan döredijilikli başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygyňyzda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, aýratyn hem tamamlanyp barýan Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Türkmenistan döwletimiz abadançylygyň, bagtyýarlygyň, rysgal-berekediň hem-de rowaçlygyň ýoly bilen ösüşlere we özgerişlere — beýik geljegine tarap ynamly gadam urdy. Bu ýylda Siziň: «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäňizden ugur alnyp, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam berýän döwlet syýasatyňyz, taýsyz tagallalaryňyz we örän wajyp başlangyçlaryňyz netijesinde ykdysadyýet, senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda, ykdysadyýet, ýangyç-energetika, oba hojalygy toplumlarynda uly üstünlikler gazanyldy, müňlerçe täze önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalar, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, medeniýet öýleri, lukmançylyk merkezleri, şypahanalar gurlup, ulanylmaga berildi, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýüzlerçe desgalaryň düýbi tutuldy.

2016-njy ýyl Watanymyzyň taryhyna örän aýdyň, milli we halkara ähmiýetli şanly wakalara baý ýyllaryň biri hökmünde ýazyldy. Eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da belende galan ýylynyň taryhy wakalarynyň biri hem milli Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň uly dabaralar bilen bellenilip geçilmegidir. Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilen ýylynda «Abadanhaly» halyçylyk kärhanasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mebel toplumynyň, «General Electric» amerikan kompaniýasynyň okuw merkezli edara binasynyň, Aşgabatdaky Halkara howa menziliniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Halkara newrologiýa, Morfologiýa, Aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş, Tejribe-önümçilik merkezleriniň, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda Bereketli zaman, Berkarar zaman, Döwletli zaman obalarynyň dabaraly açylmagy, 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli atly ýörişe badalga berilmegi, Esasy Kanunymyz bolan Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, Halkara Aziýa demir ýol ulag geçelgesiniň Atamyrat — Ymamnazar — Akina böleginiň dabaraly açylmagy ýaly ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýändigini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny, döwletimiziň halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyny tassyklaýan taryhy wakalar eziz Watanymyza, ynsanperwer we paýhasly syýasatçy hökmünde dünýäde meşhurlyk gazanýan Milli Liderimiz — Size bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar. Siz halkymyzyň taryhyna, medeniýetine, däp-dessurlaryna bagyşlanylan «Paýhas çeşmesi», «Çaý — melhem hem ylham», «Gadamy batly bedew», «Arşyň nepisligi», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», şeýle hem Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň taryhyny beýan edýän «Türkmenistan» atly kitaplaryňyzy okyjylara peşgeş bermek bilen, Watana, halka, adamzada ruhy taýdan hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezdiňiz. Şonuň üçin hem bagtyýar halkymyzyň milli Liderine — Size bolan alkyşlary, hoşallygy çäksizdir.

Arkadag we Gahryman Liderimiz!

Siziň beýik başlangyçlaryňyz netijesinde Türkmenistan döwletimiziň dünýä giňişligindäki abraýy yzygiderli pugtalanýar, parahatçylyga hem-de dostluga ygrarly döwlet we giň halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde abraýy has-da ýokarlanýar. Siziň parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň hatyrasyna tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen syýasatyňyza laýyklykda Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara guramalar, şeýle-de dünýä döwletleri bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär hem-de pugtalandyrylýar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda 2016—2020-nji ýyllar üçin Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen Çarçuwaly maksatnama gol çekilmegi, Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň geçirilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň täze binasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyga saýlanylmagy, gadymy Nowruz baýramynyň däp-dessurlarynyň ÝUNESKO-nyň Medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ýaly taryhy wakalar mähriban Arkadagymyz, Siziň ösüş we parahatçylyk, dostluk hem agzybirlik, döredijilik hem-de ynsanperwerlik ýaly başlangyçlaryňyzyň halkara derejesinde yzygiderli ykrar edilýändigini tassyklaýar.

2017-nji ýyl Siziň parasatly baştutanlygyňyzda berkarar döwletimiziň halkara abraýynyň barha artýandygynyň, ynsanperwer beýik syýasatyňyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüljek şöhratly waka beslener. 2017-nji ýylda eziz Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň, Gahryman Arkadagymyz, Siziň Ýer ýüzündäki at-abraýyňyzy, şan-şöhratyňyzy has-da ýokarlandyrjak wakalaryň biri hem Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarydyr. Mähriban halkymyz bu şanly waka sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Goý, Türkmenistan döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ülkesi hökmünde halkara derejedäki abraýy mundan beýläk-de belende göterilsin!

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi Täze ýyl baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys!

Goý, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda 2017-nji ýyl eziz Watanymyz üçin üstünlikli, rysgal-döwletli hem-de bereketli ýyla öwrülsin!

Janyňyz sag, ömrüňiz uzak, täze ýylda öňde goýan beýik maksatlaryňyz, iň ýagşy umyt-arzuwlaryňyz hasyl bolsun, mähriban Prezidentimiz!

Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
B.ATDAÝEW, R.BAZAROW, Ş.DURDYLYÝEW, B.EREŞOW, B.HOJAMÄMMEDOW, Ý.KAKAÝEW, R.MEREDOW, G.MÄMMEDOWA, S.SATLYKOW, S.TOÝLYÝEW.


* * *


Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!

Sizi Garaşsyz we hemişelik Bitarap Watanymyzda giňden we dabaraly bellenýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Siziň parasatly baştutanlygyňyzda mähriban halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Täze — 2017-nji ýyly uly ynam we ruhubelentlik bilen garşy alýar.

Siziň başlangyjyňyz bilen yglan edilen Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ýurdumyzda tutumly işler, düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Berkarar döwletimiziň dürli künjeklerinde, şol sanda gözel paýtagtymyz Aşgabatda ähli amatly şertleri bolan täze-täze ýaşaýyş jaý toplumlary, döwrebap obadyr şäherçeler, demir we awtomobil ýollary, gaz geçirijileri, medeni-durmuş we önümçilik maksatly başga-da müňlerçe desgalar giň gerim bilen gurlup, ulanmaga berildi.

Geçip barýan ýylda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary çalt depginler bilen ösdi. Ýurdumyzyň oba hojalygy hem barha özgerýän pudaklaryň birine öwrüldi. Oba hojalygyny özgertmek boýunça alnyp barylýan tutumly işler gowy netijelerini hem berýär. Şu ýyl ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlary gallanyň we pagtanyň bol hasylyny öndürdiler we ýygnap aldylar. Gök-bakja önümleriniň we miweleriň hem bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler.

Siziň baştutanlygyňyzda halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny döretmek boýunça hem uly işler alnyp baryldy.

Arkadag we Gahryman Liderimiz!

2016-njy ýyl ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara örän baý boldy. Halkymyzyň asyrlarboýy göwnünde besläp gelen erkin we bagtyýar durmuş baradaky arzuw-maksatlarynyň hasyl bolmagynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 25 ýyllyk ýubileýi giňden we dabaraly bellenip geçildi. Dünýäde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hatarynda mynasyp orny eýeleýän ata Watanymyz hemişelik Bitaraplygynyň 21 ýyllyk baýramyny hem ähli ugurlarda ýokary netijeleri gazanmak bilen belläp geçdi.

Şu ýyl bolup geçen ägirt uly wakalaryň ýene-de biri Ýaşulularyň maslahatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegidir. Bu taryhy waka Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna hyzmat edýär, täze giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňyn şertleri döredýär. Demokratik, hukuk we dünýewi döwleti pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrülýär. Çünki dünýä we milli demokratik ýörelgelere, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk gelýän Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň taryhynda täze tapgyry açýar.

Garaşsyz döwletimiz halkara işlerinde hem uly üstünlikleri gazanýar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Bitarap Türkmenistan indi bäşinji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna, şeýle hem bu Guramanyň üç sany Komissiýasynyň düzümine saýlandy. Ýaňy-ýakynda bolsa Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahat ýokary derejede geçirildi. Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň — Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň birinji tapgyry, ýagny Atamyrat — Ymamnazar — Akina bölegi dabaraly açylyp, ulanmaga berildi.

Siziň energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek we döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak babatda öňe sürýän başlangyçlaryňyz we durmuşa geçirýän işleriňiz hem berkarar Watanymyza dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny barha artdyrýar.

Garaşsyz döwletimiziň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanmagy muny doly tassyklaýar. Bu taryhy wakalar bütin dünýäde giň seslenme döredýär hem-de Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda ynamly öňe barýan Bitarap Türkmenistanyň at-abraýyny has-da belende göterýär.

Mertebesi belent Prezidentimiz!

Biziň şan-şöhratly, zähmetsöýer we merdana halkymyz Täze ýyl baýramyny hem belent sepgitlere ýetmek, uly ýeňişleri gazanmak bilen garşylaýar. Ýagşy umyt-arzuwlara beslenen Täze ýylda Berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmakda, hormatly Prezidentimiz, Siziň daşyňyza mäkäm jebisleşen halkymyzyň egsilmez zehininiň, mizemez agzybirliginiň we zähmetsöýerliginiň güýç-kuwwat berjekdigine berk ynanýarys!

Sizi Täze — 2017-nji ýyl bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýarys! Täze ýylda Size berk jan saglyk, Garaşsyz we Bitarap Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmäge, halkara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!

Sizi tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri:
Ş.DURDYLYÝEW, W.HRAMOW, D.MEREDOW, K.ÇARYÝARDURDYÝEW, A.ŽADAN, B.TUWAKBAÝEW.