Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen täze, 2017-nji ýylyň birinji iş hepdesi tamamlandy. Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmegiň maksatlaryny kesgitläp, tutanýerlilik hem-de maksadaokgunlylyk bilen durmuş ugurly oňyn ykdysady we demokratik özgertmeleriň baş ugruny amala aşyrýar, muňa geçen hepdäniň wakalary hem aýdyň şaýatlyk edýär.
6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onuň barşynda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň barşynda “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde döwlet eýeçiligindäki desgalaryň birnäçesi hususylaşdyrylmaga degişli kärhanalaryň sanawyna girizildi. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda geçirilýän işleriň ýakyn geljekde bäsdeşlige ukyply bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegi üçin zerur şertleri döretjekdigini belledi.
“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan Hazar deňziniň ýalpaklygyndaky geljegi uly Demirgazyk Goturdepe ýatagynda alnyp barylýan işleri mejlisiň gün tertibiniň möhüm meseleleriniň biri boldy. Hususan-da, daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna bu ýatagy özleşdirmek boýunça taslama işlenip taýýarlanyldy. Habar berlişi ýaly, deslapky hasaplamalara görä, bu meýdany özleşdirmegiň birinji tapgyrynda nebitiň ätiýaçlyk geologiýa gorlarynyň takmynan 38,5 million tonna, bu işleriň dowam etmegi bilen, ýatagyň umumy ätiýaçlyk gorlarynyň 87,3 million tonna ýetmegi mümkin. Taslamanyň amala aşyrylmagy netijesinde ýedi ýylyň dowamynda bu ýerden 7 million tonna golaý möçberde nebit çykarmak göz öňünde tutulýar. Maýa goýum maksatnamasynyň birinji tapgyrynda Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň 15 müň inedördül metr çägini özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu taslamanyň çäginde amala aşyryljak işleriň 90 göterimini türkmen tarapy ýerine ýetirer.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna karbamid öndürmäge niýetlenen zawodyň gurluşygynyň barşyna ünsi çekdi. Täze gazhimiýa toplumy Daniýanyň “Haldor Topsoe”, Italiýanyň “Saipem”, Niderlandlaryň “Uhde Fertilazer”, ABŞ-nyň “UOP” kompaniýalarynyň döwrebap tehnologiýalary we häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilýär.
Häzirki wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň şahamçasynda Garabogaz şäherinde bu zawod üçin ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar. Okuwçylar önümçilik tejribeligini konserniň “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” zawodlarynda geçýärler.
Bu desga ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler kuwwatyndan has doly peýdalanmaga, daşary ýurtlara iberilýän senagat önümleriniň, şol sanda bütin dünýäde uly isleg bildirilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn senagatlaşdyrmak maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň önüm öndürijileri üçin has amatly şertleriň döredilmeginiň aýratyn ähmiýetini belledi. Täze söwda gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, eksport ugurlarynyň giňeldilmegi nazarda tutulyp, türkmen önüm öndürijilerine halkara söwdasynda peýdalanylýan umumy nusgalara laýyklykda şahadatnamalary bermek barada teklip diňlenildi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň okgunly ösýän ykdysadyýetiniň ulag ulgamynyň öňünde bu düzümleriň geçirijilik mümkinçilikleriniň, täze tehnologiýalaryň we innowasiýa çözgütleriniň ornaşdyrylmagy babatynda goşmaça wezipeleri goýýandygyny belläp, amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi. Hususan-da, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň “Türkmenistan” howa ulaglary kärhanasyny paýdarlar jemgyýetine öwürmek, Demir ýol ulaglary ministrliginiň guramaçylyk düzümini halkara ölçeglerine laýyk getirmek maksady bilen işleri kämilleşdirmek, demir ýol toplumyny ösdürmek, maýa goýum özüne çekijiligini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylardan Aziada—2017-ä taýýarlyk görmek işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygy bilen baglylykda, türkmen paýtagtynyň gaýtalanmajak binagärlik keşbini döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň, baş şäherimizde arassaçylygyň berjaý edilmeginiň we köçeleriň göwnejaý derejede saklanylmagynyň, olaryň yşyklyndyrylmagynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we inžener-tehniki ulgamlaryň abatlanmagynyň depginlerini güýçlendirmegi talap etdi. Paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini ösdürmegiň çäklerinde umumy uzynlygy 46 kilometr bolan köçeleriň 18-sinde abatlaýyş işleri geçirildi, ýerüsti geçelgeleriň 15-si we ýerasty geçelgeleriň 30-sy guruldy.
Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň iň möhüm wakalarynyň biri boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny giňden beýan etmek boýunça çäreleriň meýilnamasy hödürlenildi. Halkara we milli köpçülikleýin elektron habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda dünýä jemgyýetçiligini Watanymyzyň häzirki ösüş döwri, Aziada—2017-ä görülýän taýýarlyk bilen giňden tanyşdyrmaga gönükdirilen çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ýörite sergileri guramak, tanyşdyryş çärelerini, maslahatlary, media forumlary geçirmek, dürli žurnallarda hem-de köpçülikleýin metbugat serişdelerinde degişli ýörite goýberilişleri çap etmek meýilleşdirilýär.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyza Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi hem-de tumary görkezildi. Olar milli amaly-haşam sungatynyň äheňlerinde döredildi, häzirki zaman bezeg usullarynda döredijilikli ösdürildi. Oýunlaryň nyşanlarynda türkmen halylarynyň nagyşlary, milli lybaslar, keşdeler öz beýanyny tapdy.
Aziadanyň resmi keşbinde Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary beýan edilýär. Ol nepis şekili bilen bezeg şaý-seplerini ýada salýar. Keşbiň ähli çeperçilik bezeginde duýulýan türkmeniň laçyn guşunyň ganat kakyşy belentlige barýan güýçli depgini aňladýar. Oýunlaryň tumary milli egin-eşikleri ýa-da sport geýimlerini geýnen owadan hem-de şadyýan türkmen alabaý itiniň şekili boldy. Wepaly ýoldaş, güýçli hem-de batyr goragçy bolan alabaý iti halkymyzyň hakydasynda ýeňşe bolan erk-islegi, boýun egmezekligi we bäsleşigiň joşgunyny alamatlandyrýar. Şol bir wagtyň özünde hem itleriň bu tohumyna çäksiz wepadarlyk hem-de ynam mahsusdyr. Ynam bilen dostluk bu keşbe girizilen esasy düşünjedir.
V Aziýa oýunlarynyň bu tumary sport desgalarynyň monitorlarynda hem-de tomaşaçylaryň kitapçalarynda peýdalanylar, diňe bir sowgatlyk görnüşinde däl-de, dürli harytlarda şekillendirilip, satuwa çykarylar, sportuň belli bir görnüşlerini alamatlandyrar.
Meşhur ahalteke bedewi Aziadanyň nyşanydyr. Pellehanadan geçip barýan bedew atyň kellesiniň şekili oýunlaryň resmi logotipini bezeýär. Bedew at diňe bir geljekki halkara ýaryşlarynyň nyşany bolman, tutuş ýurdumyzyň, oňyn özgerişler ýoly bilen öňe barýan döwrümiziň nyşanydyr.
Aziada—2017 boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň hem-de bu ugurda toplanan tejribeleriň ählisi barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýan maksadymyzyň öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we ägirt uly sport çärelerini geçirmekde hem-de ony maglumat-mahabat bilen üpjün etmekde täzeçil çözgütleri ornaşdyrmakdan ybaratdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Aziada —2017» taslamasynyň milli telewideniýämizi, türkmen internet-žurnalistikasyny ösdürmek, mümkinçiliklerini artdyrmak, ähli ýaýlymlar boýunça ýurdumyz baradaky maglumatlary ýaýratmak, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döredýändigini aýtdy.
Hepdäniň möhüm wakalarynyň arasynda 12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk çäreleri bar. Mälim bolşy ýaly, oňa ilkinji gezek Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň üçüsi — Demokratik partiýa, Agrar partiýa hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasy gatnaşýar. Bu bolsa saýlawlaryň giň bäsleşik esasynda ýokary derejede geçirilmegini üpjün eder hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-syýasy işjeňliginiň we pähim-paýhasynyň ösüşini görkezer.
Geçen hepde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň ýene-de dördüsi saýlawçylaryň sesleri üçin saýlawyň öňüsyrasyndaky göreşe goşuldylar. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň her biri merkezi köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň kömegi bilen saýlawçylary özleriniň maksatnamalary bilen tanyşdyrdy. «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň tarapdary bolmak bu maksatnamalaryň esasy umumy mazmuny boldy. Dalaşgärleriň ählisine «Watan» habarlar gepleşiginiň çäginde ýaýlymdan wagt berildi. «Türkmenistan» teleýaýlymynda dalaşgärleriň çykyşy ýedi dilde alnyp görkezildi. Dalaşgärleriň maksatnamalary we terjimehaly merkezi gazetlerde çap edildi. Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar boýunça saýlaw çäreleriniň indiki tapgyry ýerlerde saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirmek bolup durýar.
Türkmenistan saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi saýlaw topary döwlet Baştutanynyň saýlawlary boýunça saýlaw çärelerini maglumat goldawy bilen üpjün etmäge ýardam etmek üçin saýlav. gov. tm, ýörite saýty işe girizdi. Saýt kadalaşdyryjy-hukuk namalary, bu mesele boýunça seljermeler, täzelikler bilen tanyş bolmak üçin amatly mümkinçilik döredýär. «Kanunçylyk» bölüminde Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi ýerleşdirilipdir, «Kitaphana» bölüminde bolsa milli saýlaw ulgamynyň kanunçylyk aýratynlyklaryna düşündiriş, welaýat we Aşgabat şäher saýlaw toparlary üçin gollanma, resminamalary doldurmagyň nusgalyklary berilýär. Maglumatlar üç dilde— türkmen, rus we iňlis dillerinde beýan edilýär. Resminamalar pdf ölçegleri boýunça görkezilipdir, zerur maglumatlary özüňe geçirip almak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulypdyr.
Ösüp gelýän ýaş nesliň zehinlerini we başarnyklaryny ösdürmek üçin ähli şertleri döretmek, olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutuş ýurdumyz boýunça ajaýyp okuw mekdepleriniň, sport hem-de dynç alyş merkezleriniň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Şu günler ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň ýedi müňden gowragy gyşky dynç alyş möwsümini, Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde geçirýär. Bu ýerde gurlan 14 sagaldyş merkezinde we welaýatlardaky bäş çagalar sagaldyş merkezlerinde mekdep okuwçylarynyň doly derejeli dynç almagy üçin ähli döredilendir.
Bilim ministrligi Medeniýet ministrligi, Sport baradaky döwlet komiteti we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde Aýazbaba bilen Garpamygyň gatnaşmagynda teatr hem-de sirk artistleriniň, sungat ussatlarynyň, çagalar toparlarynyň, ýaşajyk aýdymçylaryň çykyşlaryny, dürli oýunlary we bäsleşikleri öz içine alýan çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirýär. Bu maksatnama paýtagtymyzyň gözel ýerlerine—Janly tebigatyň milli muzeýine, «Älem» medeni dynç alyş merkezine hem-de «Aşgabat” dynç alyş seýilgähine we beýleki ýerlere gezelençleri öz içine alýar.
Gurnak işlerini, kompýuter programmalaryny we daşary ýurt dillerini öwrenmegi, wagty şadyýan hem-de peýdaly geçirmegi talabalaýyk guramak üçin mugallymlary hem-de terbiýeçileri taýýarlamak boýunça deslapky usulyýet okuwlary geçirildi. Mugallymçylyk hünärini ele alýan ýüzlerçe talyplar olaryň kömekçileri boldular. Şeýle okuw-önümçilik tejribeleri hünär endiklerini ele almakda talyplaryň her biri üçin örän wajypdyr.
Geçen hepde hokkeý boýunça milli ýygyndy toparymyz Minskiniň (Belarus) «Raubiçi» olimpiýa sport toplumynyň binýadynda geçirilen halkara okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndan dolanyp geldi. Şol ýerde hokkeýçilerimiz ýerli toparlar bilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ikisini geçirip, ynamly ýeňiş gazandylar. Bu okuw-türgenleşik ýygnanyşygy indiki aýda Sapporo şäherinde (Ýaponiýa) geçjek VIII Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş etjek hokkeýçilerimiz üçin toplumlaýyn oýunlara taýýarlygyň möhüm tapgyry boldy.
3-nji ýanwarda Aşgabatda hokkeý boýunça Içeri işler ministrliginiň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi. Bu ýaryşa iki toparça bölünen ýedi hokkeý topary gatnaşýar. Paýtagtymyzyň dört toparynyň türgenlerinden düzülen milli ýygyndymyzyň agzalary üçin bu ýaryşlar hem sport ussatlyk derejelerini kämilleşdirmek babatynda uly ähmiýete eýe bolar. Aşgabatda geçýän bu ýaryş 9-njy ýanwara çenli dowam eder.
Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kesgitlenilen Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň belent maksatlaryna ýetmek üçin okgunly öňe barýandygynyň ýene bir gezek aýdyň subutnamasy boldy.