Ï 6.Ylym we bilim ulgamy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

6.Ylym we bilim ulgamy

view-icon 5684
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň we bilimiň üstünliklerimiziň binýadydygyny belläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe innowasiýalary we iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly giň möçberli maksatnamalaryň hem-de meýilnamalaryň durmuşa geçirilýändigini nygtaýar. Şunda biz öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanýarys. Biz olary halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna ornaşdyryp hem-de şeýlelikde, özümiziň ykdysady, syýasy, medeni we bilim kuwwatymyzy artdyryp, eziz Watanymyzy okgunly ösüş ýoly bilen öňe alyp barýarys.

Hut şoňa görä-de, milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş işgärleri — täzeçe pikir edýän alymlaryň neslini terbiýeläp ýetişdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

2016-njy ýylyň 12-nji iýunynda milli senenamamyzyň şanly senesine — Ylymlar gününe gabatlanyp, paýtagtymyzda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi hem onuň aýdyň subutnamasydyr.

Maslahata türkmen alymlaryndan başga-da, 50-den gowrak ýurtdan mugallymlar we ýaş zehinler, ylmy barlaglary alyp barýan alymlar, ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşdylar. Şol ýurtlaryň hatarynda Russiýa, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Kanada, Türkiýe, Eýran, Ysraýyl, Bolgariýa, Kongo, Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Ermenistan, Özbegistan, Täjigistan, Latwiýa, Estoniýa, Ukraina we beýlekiler bar.

Maslahatyň açylyş dabarasy döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça döredilen hem-de ylmy pikirleri we çözgütleri, amaly işläp taýýarlamalary hem-de olaryň önümçilige ornaşdyrylmagyny toplumlaýyn ulgama birleşdirip, ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetiniň, “bilimler ykdysadyýetiniň”, aň-paýhas binýadynyň we ylmy-tehniki kuwwatynyň ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolmaga gönükdirilen Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirildi.

Çykyş edenler innowasion ykdysadyýetiň mazmuny boýunça halk hojalyk toplumynyň ähli ykdysady işleriniň we ýagdaýlarynyň hil taýdan üznüksiz täzelenip durmagyna maýa goýmak bolup durýandygyny bellediler. Ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri, amaly maksatlara gönükdirilen ylmy-barlag edaralary, oýlanyşykly pikirleriň, teklipleriň, düýpli taslamalaryň “öndürijisi” hökmünde senagat taýdan innowasion we tehnologik merkezler şeýle ykdysadyýetiň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýar.

Daşary ýurtly myhmanlar TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň işi, onuň netijeleriniň dürli maslahatlarda yzygiderli tanyşdyrylýan ylmy barlaglar bilen tanyşmaga hem mümkinçilik aldylar. Mysal üçin, iýun aýynyň başynda geçirilen “Ýurdumyzyň ösüşinde innowasion tehnologiýalar” atly ylmy maslahatda möhüm ugurlar boýunça ylmy işleriň netijeleri hem-de lukmançylykda we farmakologiýada, senagat ulgamynda, energetika toplumynda, ýurdumyzyň iň ýaş kosmos pudagynda, şeýle hem oba hojalygynda, gurluşykda, maglumat-aragatnaşyk ulgamynda we beýlekilerde täze usullaryň hem-de işläp taýýarlamalaryň peýdalanylyşynyň tejribesi baradaky maglumatlar seljerildi.

Dünýä ylmynyň wekilleri Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasyna hem gatnaşdylar. Olar eziz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen ylmy hereketiň işjeň ösýändiginiň şaýatlary boldular.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň howandarlygynda her ýyl geçirilýän ylmy işleriň gözden geçirilişi zehinli ýaşlary — alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga, ylmyň dürli pudaklarynda barlaglary höweslendirmäge gönükdirilendir. Bäsleşige ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ylmy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ýörite orta okuw mekdepleriniň okuwçylary, işjeň ylmy işler bilen içgin gyzyklanýan islendik kärdäki ýaş türkmenistanlylar gatnaşdylar.

Bu abraýly bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. Eger 2015-nji ýyl ýaş zehinleriň sany 897 bolan bolsa, 2016-njy ýylda bäsleşýänleriň sany 955-e ýetdi. Olaryň 272-si alymlardyr we 683-si talyplar we okuwçylardyr. Bilermenler toparynyň garamagyna häzirki döwrüň ylmynyň möhüm ugurlarynyň altysy boýunça işläp taýýarlamalar we barlag işleri hödürlendi. Olar nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýasy, täze serişdeleri öwrenmek, energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; habar beriş — aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýasy; lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary; innowasiýa ykdysadyýeti; ynsanperwer ylymlar ýaly ugurlardyr.

Işleriň aglaba böleginiň türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyny, milli döwletliligiň taryhyny, taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň meselelerine bagyşlanandygy bellärliklidir. Ýaş alymlaryň şeýle gözlegleriniň ugurlary ýurdumyzda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilen 2016-njy ýylyň maksatlary we wezipeleri bilen baglylykda, has uly ähmiýete eýe boldy. Hödürlenen işleriň möhümdigine, netijeleriň iş ýüzünde ähmiýetine we ony önümçilige ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine, ylmy täzeçilligiň derejesine baha bermek bilen, bilermenler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy önümçilige işjeň ornaşdyrmak babatda öňde goýan wezipeleri alymlaryň işleriniň netijelerinde aýdyň beýanyny tapýar.

Mysal üçin, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda hem-de Tehnologiýalar merkezinde innowasiýalary ýangyç-energetika toplumyna ornaşdyrmaga hem-de energiýa serişdelerini tygşytlamak meselelerini çözmäge gönükdirilen ylmy-barlaglar işjeň alnyp barylýar. Alymlar energiýanyň alternatiw çeşmelerini öwrenmek bilen, elektrik energiýasyny öndürmegiň, uglewodorod serişdeleriniň ýataklaryny çaklamagyň, gözlemegiň, işläp geçmegiň, çykarmagyň we ulanmagyň täze tehnologiýalaryny döredýärler hem-de ýangyjy elektrik we ýylylyk energiýasyna öwürmek boýunça ylmy barlaglary alyp barýarlar.

Türkmen hünärmenleri Koreýa Respublikasyndan kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda tejribe Gün elektrik stansiýasyny gurnadylar. Bu modulyň tapgyrlaýyn synaglary ýurdumyzda Gün energiýasyny ösdürmek boýunça geljegi uly taslamalary seljermek üçin zerur bolan maglumatlary almaga mümkinçilik berer.

Ýene-de bir mysal — ýurdumyzyň alymlary tarapyndan süýt we süýt önümlerinde bruselýoz keselini barlamak, şeýle hem bruselýoza garşy täze sanjym dermanyny döretmek üçin emele getirilen täze antigeni ulanmak boýunça gollanma iş ýüzünde peýdalanmak üçin Döwlet weterinariýa gullugy tarapyndan tassyklandy hem-de önümçilige ornaşdyrylmaga teklip edildi.

Ylymlar akademiýasynyň alymlary tarapyndan Paryzdepe ýadygärligi barada makalalar ýygyndysy hem taýýarlanyldy. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda ony öwrenmegiň wajypdygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi. Paryzdepede bu gadymy şäheriň maddy medeniýeti barada täze maglumatlary ýüze çykarýan gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Täze neşire öwrenilýän ýadygärligiň töwereklerinde ýerleşen ilatly ýerlerde ylmy-barlag toparlary tarapyndan ýygnalan etnografiýa maglumatlary hem girizildi.

Şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç we Görogly etraplaryna öten zamanlarda dürli hünärleriň ösüş taryhyny, geçen asyrlaryň ussatlarynyň miraslaryny öwrenmek maksady bilen, ylmy toparlaryň işi guraldy.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýadygärlikleri öwrenmek boýunça işler hem dowam edýär. Olaryň jemi 70-si (Ahal welaýatynda 9, Balkan welaýatynda 17, Mary welaýatynda 8, Daşoguz welaýatynda 11, Lebap welaýatynda 25) hasaba alyndy.

Umuman, halkymyzyň medeni baýlygyny öwrenmek we wagyz etmek ulgamynda ägirt uly işler geçirildi. Edilmeli işler has-da köp. Şol sanda 2015—2020-nji ýyllar üçin milli maddy däl medeni mirasy toplamak, barlamak we gorap saklamak boýunça tassyklanan döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylmaly işler köpdür.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi” hem-de “Türkmen diliniň orfografik sözlügi” neşir edildi. Bu ylmy neşirler alymlar, mugallymlar, talyplar, döredijilik işgärleri üçin häzirki zaman türkmen dilini, onuň dil baýlygyny öwrenmekde gymmatly gollanma öwrüldi.

Türkmenistanda amala aşyrylýan bilim syýasatynyň esasy maksady bilimiň hemmeler üçin elýeterliligini üpjün etmekden, ýurdumyzyň her bir raýatynyň özüniň ukybyny we zehinini doly ýüze çykaryp bilmegi üçin oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr.

Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde çagalar baglarynyň, orta we ýörite okuw mekdepleriniň binalarynyň gurluşygy dowam edýär. Bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy irki döwürde çagalaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga hem-de ösdürmäge, geljek ýyllarda çagalardan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin milli mugallymçylygyň baý tejribesine daýanyp, olary göwnejaý terbiýelemäge mümkinçilik berýär.

Täze okuw ýylynyň başynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň birinji synp okuwçylarynyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp sowgady — şahsy kompýuteri aldylar.

“Elektron kömekçileri” ulanmak arkaly mekdep maksatnamasyny özleşdirmegi dowam edýän birinji we ikinji synp okuwçylary üçin ýörite multimediýa gollanmalary taýýarlanyldy. Interaktiw multimediýa görnüşinde sapaklary geçirmek babatda şu ýyllarda toplanan iş tejribesi ýaş türkmenistanlylaryň okuwa gyzyklanmasynyň barha artýandygyny görkezdi. Şunuň netijesinde, bilimiň hili hem ýokarlandy.

Bilim edaralarynyň okuw-gollanma üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap okuw kitaplaryny hem-de gollanmalaryny çap etmek boýunça uly işler geçirildi. Şol okuw kitaplaryny hem-de gollanmalary taýýarlamaga diňe bir mekdepleriň mugallymlary däl, eýsem, Bilim ministrliginiň esasy hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, Ylymlar akademiýasynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň öňünde möhüm wezipeleri goýup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman mekdebi — bu diňe bir ýokary bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin okuw binýady bolmak bilen çäklenmän, eýsem, milletiň intellektual kuwwatyndan netijeli peýdalanmak üçin esasdyr diýip nygtaýar.

Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy bilen, mekdepleriň gün tertibine hem möhüm täzelikler girizildi. Olara esasy dersler bilen birlikde ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, modelirlemek we grafika, maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar ýaly sapaklar girizildi. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak baradaky wezipeler ýurdumyzda himiýany, biologiýany we beýleki sapaklary çuňňur öwrenmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi.

Mekdep okuwçylary tarapyndan öwrenilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek baradaky çözgüt bu ugurdaky nobatdaky möhüm ädim boldy. Bu çözgüt bolsa, köpugurly halkara hyzmatdaşlygyň çäginiň giňelmegi nazara alnyp, kabul edildi. Iňlis, fransuz, nemes, ýapon dillerini çuňňur öwredýän okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär.

Türkmen mekdep okuwçylarynyň dürli dersler boýunça geçirilýän abraýly halkara olimpiadalarda gazanýan üstünlikleri bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň aýdyň netijeleriniň biridir. Diňe 2015—2016-njy okuw ýylynyň dowamynda zehinli ýaşlarymyz Gazagystanda geçirilen 12-nji Halkara olimpiadasynda, ABŞ-nyň Hýuston şäherinde geçirilen Durnukly ösüş boýunça halkara taslama olimpiadasynda, Russiýada guralan Himiýa boýunça 50-nji halkara Mendeleýew olimpiadasynda, Gruziýanyň Tbilisi şäherinde geçirilen ýaş alymlaryň we oýlap tapyjylaryň IYIPO — 2016 halkara olimpiadasynda, Belarusuň Gomel şäherinde geçirilen Teoretiki mehanika boýunça halkara olimpiadasynda we beýleki bäsleşiklerde 51 medala, şol sanda 14 altyn, 14 kümüş we 23 bürünç medala mynasyp boldular.

2016-njy ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine talyplaryň 7 müň 256-sy kabul edildi, munuň özi 2015-nji ýyldakydan 128 talyp köpdür.

2016-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze ýokary okuw mekdebiniň — Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açylmagy aýratyn ähmiýetli waka boldy.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň hem-de innowasion ulgamynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny şöhlelendirýär we döwletimiziň, ylmyň hem-de işewürligiň netijeli gatnaşyklary bilen bagly wezipeleri çözmäge ýardam edýär.

Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumynyň umumy meýdany 12 gektara barabardyr. Ol özüne 5 gatly baş binany, iki okuw binasyny hem-de ylmy-barlag merkezi birleşdirýär. 185 otagdan ybarat bolan ýokary okuw mekdebinde talyplaryň birbada 3 müňüsiniň okamagy üçin ähli şertler döredildi.

Täze uniwersitetde 5 fakultet, 15 kafedra hereket edýär. Bu ýerde talyplar materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy, nanomateriallar, himiýa tehnologiýasy, biotehnologiýa, maglumat ulgamlary we tehnologiýalar, awtomatlaşdyrmak we dolandyryş, mehatronika we robot tehnikasy, innowatika ýaly ugurlar boýunça döwrebap bilim alýarlar.

Ýokary okuw mekdebinde bakalawriat, magistratura we doktorantura maksatnamalary boýunça döwrebap okuw ulgamy ornaşdyryldy.

Okuwyň birinji ýylynda iňlis we ýapon dillerini çuňňur öwrenmek boýunça sapaklar geçirilýär. Soňky ýyllarda sapaklar diňe şu dillerde geçiriler. Ylmyň ýöriteleşdirilen ugurlaryny seçip alan zehinli talyplar bolsa okuwyny Ýaponiýanyň uniwersitetlerinde dowam ederler.

Täze binalar toplumynda mejlisler we maslahat zallary, ýörite kitaphana we okalga zaly bar. Uniwersitetiň ýöriteleşdirilen otaglarynda hem-de kafedralarynda professor-mugallymlar düzüminiň netijeli işlemegi, ylym bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Daşdan gelen talyplar üçin 1 müň 200 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy hem-de sport-sagaldyş toplumy göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow açylyş dabarasynda çykyş edip, ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügini aýtdy. Şoňa görä-de, biziň talyp ýaşlarymyz eziz Watanymyzy bilimler mekanyna öwrülmäge gönükdirilen giň möçberli işlere mynasyp goşant goşmalydyrlar.

Nusgawy bilimiň hem-de geljegiň IT-tehnologiýalarynyň däplerini birleşdiren Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň düzüminde ýurdumyzyň ykdysady, bilim, senagat kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan ugurlar we hünärler girizildi.

Mysal üçin, himiýa we nanotehnologiýalar fakultetinde nanohimiýadaky, elektronikadaky, biolukmançylykdaky tehnologiýalara, ýerli tebigy çig mal esasynda täze serişdeleri işläp taýýarlamaga esasy üns berilýär. Biotehnologiýalar we ekologiýa fakultetinde genomikany, amaly immunologiýany, farmasewtikany, gen inženeriýasyny, öýjükleri köpeltmegiň usullaryny we tehnikasyny, DNK-ny dikeltmegi we beýleki ugurlary öwrenýärler.

Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň okuw maksatnamasynyň esasyny maglumat nazaryýetleri, kibernetika, kompýuter ulgamlary we maglumat inženeriýasy düzdi. Awtomatika we elektronika fakulteti ýokary hünärli inženerleri, robot tehniklerini, elektronika boýunça hünärmenleri we beýlekileri taýýarlar.

Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň amaly ugurly okuwlary innowasion işler we ylmy taslamalaryň täjirleşdirilmegi, marketingiň esasy ýörelgelerini hem-de başarnyklaryny, innowasion önümleri we taslamalary işläp taýýarlamagy, şeýle hem meýilleşdirmegiň esaslaryny we işewürligi alyp barmagyň hukuk ýagdaýlaryny öwretmek ulgamynda talyplaryň biliminiň kemala getirilmegine gönükdirilendir.

Uniwersitet şäherjigine Ylmy-barlag merkezi, Dil öwreniş merkezi hem-de dersleri çuňňur öwrenmek üçin dürli dillerdäki edebiýat gaznasy bolan kitaphana girýär. Mundan başga-da, ýokary okuw mekdebinde elektron kitaphanasy bar.

Okuw geçmek üçin dil saýlamagyň esasy ugurlarynyň arasynda tehnologik hem-de maglumat ugurlary bar. Tehnologiýalar ulgamynda häzirki zaman işläp taýýarlamalaryň köpüsi, şol sanda Internet iňlis dilli ýurtlarda döredilendir. Möçberi we mazmuny boýunça ylmy neşirleriň, okuw we çeper edebiýatlaryň, filmleriň we sazlaryň örän köp sanlysy iňlis dilinde çykarylýar. Dünýäniň iri uniwersitetleriniň ählisi iňlis dilli ýurtlarda ýerleşýär. Iri habarlar agentlikleri işlerinde, ilkinji nobatda, iňlis dilini peýdalanýar. Bir söz bilen aýdylanda, soňsuz häzirki zaman hünärmenine, aýratyn-da, işiň ylym, tehnologiýa ulgamlarynda ýa-da halkara hünär aragatnaşyklary zerur bolan ugurlarda meşgullanýan hünärmene, iňlis dilini bilmezden, häzirki wagtda işlerini üstünlikli guramak kyndyr.

Ýapon dili barada aýdylanda bolsa, munuň özi ykdysadyýetde bolşy ýaly, bilim ugry boýunça-da Türkmenistanyň hem-de ýokary tehnologiýalar babatda hemişe öňdebaryjy bolan Günüň dogýan ýurdunyň uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň meýilnamasy bilen şertlenendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ýapon dilini öwrenmek beýlekilere elýeterli bolmadyk maglumatlaryň ägirt uly giňişligine ýol açýar. ABŞ-dan soň, Ýaponiýa iri kompaniýalaryň sany boýunça ikinji orny eýeleýär. Mundan başga-da, Internetde ýapon dili iňlis we hytaý dilinden soň iň meşhurydyr.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde hünärleriň hem-de okuw dersleriniň ýurdumyz üçin täze dili göz öňünde tutulyp, bu ugurlar boýunça okatmaga meşhur ýapon professorlary we alymlary çagyrylýar. Ýokary okuw mekdebinde Ýaponiýa tarapyndan guramaçylyk işlerini Sukuba şäheriniň uniwersiteti öz üstüne aldy.

Uniwersitetiň ýanynda umumybilim berýän orta mekdep hem açyldy. Onuň maksatnamasyna daşary ýurt dili hökmünde ýapon dili hem girizildi.

Şeýle mekdepler ýurdumyzyň welaýatlarynda-da açyldy. Şunuň ýaly mekdepleriň sany Türkmenistanda eýýäm on ikä ýetdi.

1-nji sentýabrda, tutuş ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giňden bellenilýän gününde welaýatlaryň ýaşaýjylary hem bu baýramçylygy giň gerimli dabaralar bilen garşyladylar. Şol gün täze orta mekdepleriň we mekdep ýaşyna çenli edaralaryň birnäçesi ulanmaga berildi.

Türkmen paýtagtynda Köşi we Parahat — 7/1 ýaşaýyş toplumlarynda her biri 500 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň hem-de Ruhabat etrabynda 1200 orunlyk mekdebiň açylyş dabaralary hakyky baýramçylyga öwrüldi.

Ajaýyp Gökdere jülgesinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň hem sany ýylsaýyn artýar. Şeýle merkezler ýurdumyzyň welaýatlarynda-da guruldy.

25-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde gurlan “Dürdäne” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

5 müň inedördül metr meýdanda ýerleşen hem-de her çalşykda ýaş türkmenistanlylaryň 300-sini kabul etmäge niýetlenen täze şypahana desga çagalaryň oňat dynç almagy babatda ähli talaplara laýyklykda guruldy.

Ýarym aýlaw görnüşindäki esasy iki gatly bina özüne ýatylýan otaglaryň 58-sini birleşdirýär. Bu ýerde oýunlary oýnamak hem-de çagalaryň döredijilik ösüşini üpjün etmek üçin ähli şertler döredildi. Döwrebap tehnikalar bilen üpjün edilen okuw hem-de kompýuter otaglary, 66 orunlyk kinozal we 270 orunlyk mejlisler zaly, çagalar üçin döwrebap awtomatlar bilen üpjün edilen oýun zaly, fitnes-zal, okalga zaly, kitaphana hem-de lukmanlar üçin niýetlenen otaglar ýerleşýär.

Naharhanada hem ajaýyp şertler döredilipdir. Onuň binasynda 300 orunlyk naharhana zaly, ähli şertler döredilen aşhana zolagy ýerleşýär. Dürli köpçülikleýin medeni çäreler hem-de dabaralar üçin merkezde amfiteatr göz öňünde tutulandyr.

Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň açyk meýdançasynda ini 17,4 we uzynlygy 32,2 metre barabar bolan tomusky suwda ýüzülýän howuz, futbol, basketbol oýnamak üçin sport meýdançalary hem-de tennis korty we ýörite dynç alynýan ýerler bar.

Täze okuw mekdepleriniň hem-de mekdep ýaşyna çenli çagalar edaralarynyň açylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda çagalaryň mynasyp terbiýelenmegine hem-de ösmegine uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda mümkinçiligi çäkli çagalar üçin hem sagaldyş we bilim-terbiýeçilik toplumlarynyň gurulmagyny göz öňünde tutýan iri durmuş maksatly taslamanyň amala aşyrylandygyny aýratyn bellemelidiris.

Orta hünär bilimi hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň 42-si ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň buýurmalaryna laýyklykda, ýaşlaryň 8 müň 385-sini okuwa kabul etdi.

Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda bilim alýan okuw mekdepleriniň gerimi hem barha giňelýär. Ýurdumyzyň ýaşlaryny okatmak işi Bilim ministrliginiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ugry boýunça gazanylan hökümetara ylalaşyklarynyň esasynda amala aşyrylýar.

2016—2017-nji okuw ýylynda türkmenistanly ýigitleriň we gyzlaryň müňlerçesi Russiýanyň, Belarusuň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Horwatiýanyň we beýleki döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary boldular.

Döwlet Baştutanymyzyň bu ulgamda halkara gatnaşyklary ep-esli işjeňleşdirmek baradaky başlangyjy bilimiň hilini ýokarlandyrmakda möhüm orun eýeledi — munuň özi özboluşly “aň-paýhas diplomatiýasydyr”, dürli ýurtlaryň we halklaryň bilim hem-de ylym ulgamlarynyň arasyndaky baglanyşdyryjy halkadyr, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki döwürde we geljegine ygtybarly ynsanperwerlik “köprüsidir”. Hut bilim ulgamy häzirki döwürde birek-birege ýakynlaşmagyň hil taýdan täze derejesini görkezýär: bilimleriň, tehnologiýalaryň intellektual we döredijilik serişdeleriniň işjeň dolanyşygynyň täze eýýamy başlanýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde ýokary hilli bilim we seçip alan hünärini almak, şol sanda beýleki ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin ýaş nesle ähli mümkinçilikler döredilýär. Raýatlarymyzyň alan döwrebap bilimleri ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda iş ýüzünde ulanylmalydyr. Häzirki wagtda şol pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilýär.

Iň täze bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hem hünäri ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly bilim we ylym merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýup, şol döwletlerde öz talyplarynyň sanynyň ep-esli artdyrylmagyny gazandy, halkara ylmy barlaglara, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky özara alyşmalara hem-de akademiki maglumat ulgamyny ösdürmäge gatnaşmagynyň çägini giňeltdi.

Ýurdumyz bilim ulgamyna dünýä standartlaryny ornaşdyryp, ynsanperwer ulgamda BMG, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürýär. “TEMPUS-TASIS” we beýlekiler ýaly Halkara bilim beriş maksatnamalarynyň çäklerinde dürli taslamalary durmuşa geçirmek ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň çäginde hereket edýän ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO ýaly halkara guramalary bilen bilelikde iş alnyp barylýar. ABŞ-nyň FLEX, şeýle hem IREX, TEA we beýleki maksatnamalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasaty hem-de milli bilim ulgamynyň ýokary ösüş derejesi daşary ýurtly talyplar we mugallymlar üçin Türkmenistanyň özüne çekijiligini şertlendirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna daşary ýurt dillerini öwretmek üçin daşary ýurtly hünärmenler çagyrylýar.

Biziň ýurdumyzda dürli halkara maslahatlaryň geçirilmegi, Türkmenistanyň mugallymlarynyň hem-de okuwçy ýaşlaryň iri halkara çärelere, bäsleşiklere we olimpiadalara yzygiderli gatnaşmagy halklaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ösdürmegiň möhüm şertidir.

Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň bir tarapdan, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek ulgamynda öňdeligi eýelemäge çalyşmagy, beýleki tarapdan bolsa, ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmagyň depginlerini güýçlendirmäge ymtylmagy häzirki zaman umumydünýä ylmy-tehniki ösüşiniň özboluşly aýratynlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen, ýurdumyzyň häzirki zaman ylmynyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlaýjy döwletleriň hataryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuş-ykdysady ösüş babatda uly ähmiýete eýe bolýar.

Ylym ulgamyny döwlet tarapyndan goldamagyň gerimi ýylsaýyn giňelýär, geljegi uly ylmy-barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek gowulanýar. Ýurdumyzda ylmy barlaglaryň, toplumlaýyn ylmy işleriň giňeldilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şol işleriň netijeleri bolsa tejribede giňden ulanylýar. Ylym edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, olaryň işine iň täze maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar, şol sanda Internet hem-de elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumatlar binýadyna ýokary tizlikli elýeterlilik üpjün edilýär.

Türkmen ýaşlarynyň uly ylym bilen meşgullanmaga höwesi hem-de ymtylmasy ýokarlanýar, ylmy-barlaglar bilen meşgullanmaga isleg bildirýänleriň sany artýar. Diýmek, ylmy-tehniki ösüşe saldamly goşant goşýan ýaş türkmen alymlarynyň we hünärmenleriniň täze neslini kemala getirmek üçin ähli şertler döreýär.

Şeýlelikde, 2016-njy ýylda ylym hem-de bilim ulgamlarynda bolup geçen möhüm wakalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi bermek, ýurdumyzy ösüşiň täze belent sepgitlerine çykarmak maksady bilen durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleriň üstünlige beslenýändigine şaýatlyk edýär.