Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-NIŇ Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-NIŇ Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi

view-icon 1077
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Hemişelik wekili hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili hanym Ýelena Panowany kabul etdi.

Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy we pursatdan peýdalanyp, türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň iberen mähirli salamyny ýetirip, gülläp ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň hem-de köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň has-da ösdüriljekdigine uly ynam bildirýändigini aýtdy.

Duşuşykda Birleşen Milletler Guramasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürmäge, döwletimiziň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmelerini doly goldaýandygy bellenildi. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baş edarasynyň açylmagy hem-de türkmen paýtagtynda halkara ähmiýetli wekilçilikli maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi, şol sanda geçen ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda bolan Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji ählumumy maslahat Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ýörelgesine ägirt uly ynamyň we hormatyň aýdyň subutnamasydyr. Şol günler Aşgabatda BMG-niň wekilhanasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi hem Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklarda täze tapgyryň başlanandygyny alamatlandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysyny ýurdumyzda işläp başlamagy bilen gutlap, iri halkara guramasynyň ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny aýtdy. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk geçen ýyllaryň dowamynda diňe netijeli, uzakmöhletleýin hem-de özara bähbitli häsiýete eýe boldy.

Soňra ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. Ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge hem-de Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki täze taslamalara bildirilýän özara gyzyklanma tassyklanyldy.

BMG öňdebaryjy orunlary eýeleýän Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdiren ilkinji ýurtlaryň biri bolandygyny we şol maksatlaryň milli meýilnamalara hem-de maksatnamalara ornaşdyrylmagynyň üstünde bilelikde işläp başlamagyny ykrar edýär diýip, hanym Ýelena Panowa aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň wekili dürli ulgamlarda amala aşyrylan birnäçe bilelikdäki taslamalaryň Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky özara hereketleriň soňky wagtda örän ösen depginine subutnama bolup durýandygyny belläp, döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakda ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berdi. Mälim bolşy ýaly, häzir Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän özygtyýarly Türkmenistan Merkezi Aziýada durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna oňyn goşant goşýar, şeýle hem döwrüň wajyp meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen sebit we umumymilli häsiýetli ençeme başlangyçlary öňe sürýär. Şol başlangyçlar BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yzygiderli beýan edilýär.

Döwlet Baştutanymyz türkmen tarapynyň adamzadyň möhüm meselelerine gönüden-göni dahylly ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, tebigy serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meselelere degişli başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, abraýly guramanyň degişli edaralary we düzümleri bilen ýygjam özara hereket edip, ählumumy gün tertibi boýunça açyk çekişmelere Türkmenistanyň mundan beýläk-de örän işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Hanym Ýelena Panowa berýän goldawy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bilim, çagalaryň abadançylygy, saglygy goraýyş hem-de durmuş goraglylygy ýaly möhüm ugurlarda Türkmenistan bilen BMG-niň mundan beýläk-de bilelikde üstünlikli işlemekleri üçin öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomata jogapkärli we möhüm işlerinde üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ählumumy bähbitlere kybap gelýän netijeli gatnaşyklaryň geljekde-de işjeň dowam etdiriljekdigine berk ynam bildirdi.