Ï Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

view-icon 894
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Maligi kabul etdi.

Ilçi döwlet Baştutanymyza we ähli türkmen halkyna şu ýyllaryň içinde görkezilen mähirlilik hem-de myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Pakistan Yslam Respublikasynyň oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Diplomatyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda işlemek onuň üçin uly hormat boldy. Bu ýerde işlän döwrümde göwnaçyk, hoşniýetli türkmen halkyna bolan söýgim we hormatym has-da artdy, ol barada mähirli ýatlamalar meniň kalbymda hemişelik galar diýip, ilçi aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň tagallalary netijesinde ösüşiň okgunly depginine eýe bolan türkmen-pakistan gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, diplomata ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek işine goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy goňşy döwlet bilen çuňňur taryhy kökleriň, medeniýetleriň we däpleriň ýakynlygynyň birleşdirýändigini aýdyp, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugry amala aşyrýan Türkmenistanyň geljekde hem sebit boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Pakistan bilen gatnaşyklary ösdürjekdigini belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we ilçi döwletara hyzmatdaşlygyny ähli ugurda, hususan-da, söwda-ykdysady ulgam ýaly ileri tutulýan ugurda giňeltmegiň geljegi hakynda pikir alyşdylar. Jenap Abdul Malik Pakistanyň energetika pudagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, TOPH gaz geçirijisini gurmagyň taslamasynyň ähmiýetini belledi. Ilçi 2015-nji ýylyň dekabrynda bu gaz geçirijiniň gurluşygyna badalga berilmeginiň uly taryhy waka bolandygyny aýdyp, onuň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň diňe sebitde däl-de, eýsem, dünýä derejesinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem ilçi Pakistana türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamanyň möhümdigini belledi.

Pakistan Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek bilen bagly başlangyçlaryny doly goldaýar. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly başlangyçlarynyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň çäklerinde döwlet Baştutanymyz we Pakistanyň doly ygtyýarly wekili medeni-ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklary berkitmek bilen bagly meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň baý taryhy we çuňňur däpleri bolup, olara eýermek bilen taraplar ylym, bilim we saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, ylym we bilim edaralarynyň, döredijilik merkezleriniň derejesinde göni gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Malik taraplaryň özara erk-islegine esaslanýan, däbe öwrülen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem umumy bähbitleriň hatyrasyna işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Pakistanyň doly ygtyýarly wekili Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormat bolandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyza üstünlikli işlemäge ýardam eden goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.