Ýanwar aýynyň geçen hepdesiniň wakalary ýurdumyzy 2017-nji ýylda ösdürmegiň geljegini kesgitledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan ýokary görkezijileri gazanmak we halk hojalygy toplumynyň her bir pudagyny täze sepgitlere çykarmak boýunça maksatnamalaýyn wezipeler Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk hem pugtalandyrmaga we halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
9-njy ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi boldy. Onda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň geçen ýylda ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlaryny diňledi. Şeýle hem ýurdumyzyň howpsuzlygyny hem-de asuda durmuşyny üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk hem-de durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen bagly meselelere garaldy, 2017-nji ýyl üçin esasy wezipeler kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2016-njy ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemläp, kabul edilen meýilnamalary hem-de maksatnamalary doly we öz wagtynda durmuşa geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmakda bolsa hemmetaraplaýyn taýýarlykly hem-de giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, ýokary hünär we ruhy-ahlak häsiýetlerine eýe bolan harby işgärleri taýýarlamak möhüm ähmiýete eýedir.
Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejesini bermek hakyndaky Permana, Goranmak ministrliginiň harby gullukçylaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara harby atlary dakmak hakynda resminamalara gol çekdi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň söweşjeň baýdaklaryny döretmek hakynda gol çekilen Permana laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby bölümleriň serkerdelerine dabaraly ýagdaýda mukaddes baýdaklary gowşurdy.
10-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz egindeşleri — Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde türgenleşik geçdi, şeýle hem Awtosport merkezinde sport awtoulagyny ýokary tizlikde sürmegiň ussatlygyny görkezdi.
Döwlet Baştutanymyz Halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň degişli talaplaryna hem-de ölçeglerine laýyk gelýän desgalaryň 30-dan gowragyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherjiginiň çäklerinde amala aşyrylýan işler bilen tanyşdy. Olaryň köpüsi ulanylmaga tabşyryldy hem-de dürli sport görnüşleri boýunça synag ýaryşlary guraldy. Aziada—2017-den soňra bu toplum türkmen türgenleri üçin köpugurly türgenleşik binýadyna öwrüler hem-de ýurdumyzyň geljekki olimpiýaçylaryny terbiýeläp ýetişdirmäge we sportuň dürli görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparymyzy hem-de kämil türgenleri taýýarlamaga ýardam eder.
Mälim bolşy ýaly, «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» umumymilli çäresiniň hem-de «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» spartakiadasynyň jemleýji güni, 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda gadymy «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýanynda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda atly ýörişe badalga berildi. Ine, 250 gün geçen soň bu atly ýöriş Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň obadyr şäherlerinden geçip, Lebap welaýatyna geldi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly waka mynasybetli türkmen halkyny gutlap, V Aziýa oýunlarynyň Olimpiýa hereketiniň ösdürilmeginde, tutuş dünýäniň halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynda uly goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Biz bedenterbiýä we sporta jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýç hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär.
Bu şanly waka mynasybetli paýtagtymyzda köpçülikleýin-sport çäreleri geçirildi. Ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we edara-kärhanalarynyň, şol sanda Ministrler Kabinetiniň we Mejlisiniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýerlerde önümçilik maşklaryny ýerine ýetirdiler. Diňe bir sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň wagyz ediji bolmak bilen çäklenmän, ajaýyp türgen hökmünde tanalýan döwlet Baştutanymyzyň bu iri möçberli çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.
13-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistany mundan beýläk hem ösdürmegiň nobatdaky meýilnamalary kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisde çykyş edip, ýurdumyzyň geçen ýyly oňat netijeler bilen tamamlandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti bar bolan kynçylyklara garamazdan, Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy goldamagyň, durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanmagyň, mähriban halkymyzyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan beýik maksatlara ýetmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny nygtady.
Daşary syýasatda beýleki döwletler bilen gatnaşyklar ikitaraplaýyn esasda we halkara guramalarynyň çäklerinde anyk maksada gönükdirilip yzygiderli ösdürildi. Türkmenistan daşary syýasy strategiýasyny bitaraplyk ýörelgesine berk eýerip, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda amala aşyrdy.
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi jemi içerki önümiň durnukly ösüşini üpjün etdi. 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik görkezijileri gazanyldy, ykdysadyýetiň esasy pudaklary, söwda we hyzmatlar ulgamlary ýokary depginler bilen ösdi.
Baş maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 102 göterim, çykdajy bölegi bolsa 86,5 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýyl Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberiniň 80 göterimi durmuş ulgamyna gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça zähmet haky 9,2 göterim ýokarlandy.
Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda we doly möçberde maliýeleşdirildi.
2016-njy ýylda 2436,1 million manat maýa goýumlary özleşdirildi. Özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde, obalarda 53 bina guruldy, medeni-durmuş maksatly binalaryň 58-sinde gurluşyk işleri dowam edýär.
Durmuş-ykdysady syýasaty özgertmek boýunça netijeli çäreler dowam etdirildi. Şunuň bilen birlikde, milli ykdysadyýetimizde hususy eýeçiligiň ähmiýetini düýpgöter ýokarlandyrmaga, telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermäge, döwlet kärhanalarynyň sanyny azaltmaga gönükdirilen işler hem alnyp baryldy. Umuman, senagat pudagynda jemi öndürilen önümiň möçberi 59,4 milliard manat bolup, onuň 53 göterimi ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz bölegi tarapyndan öndürildi.
Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylyň esasy wezipelerini kesgitläp, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de pudaklary çalt ösdürmek arkaly ýokary ykdysady ösüş depginlerine durnukly goldaw bermegi esasy wezipe, döwlet strategiýasynyň esasy ugry hökmünde bolsa abadan durmuş, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagy belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýakyn edi ýyl üçin daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasyny hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň täze Milli maksatnamasyny işläp düzmek zerur bolup durýar.
Bank ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda puluň hümmetsizlenmek derejesini göz öňünde tutulan möçberden ýokary geçirmän saklamak, pul toplumyny kadalaşdyrmak we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini zerur möçberde maliýe serişdeleri bilen üpjün etmek görkezildi.
Nebitgaz toplumy ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagy dowam etmeli, möhüm strategiki taslamany — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmeli, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän we daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaly.
Giň möçberli gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 42 milliard 700 million manat möçberdäki serişdäni özleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şonuň ep-esli bölegi bolsa önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Şäherlerde döwlet serişdeleriniň hasabyna hem, hususy maýa goýumlarynyň hasabyna hem ýaşaýyş jaýlaryny güýçli depginler bilen gurmak dowam etdiriler. Köp iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýän önümçilik-tehniki maksatly pudaklar maýa goýumlary üçin esasy pudaklaryň hatarynda bolmagynda galýar.
Şu ýyl täze elektrik beketleri gurlar we hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylar, bu bolsa goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga, elektrik energiýasy bilen içerki sarp edijileri bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Obasenagat toplumynyň möhüm wezipesi pudagyň girdejililigini ýokarlandyrmak, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bolup durýar. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 1 million 600 müň tonna bugdaý, 1 million 50 müň tonna pagta hasylyny ýetişdirmek, maldarçylyk, gök-bakja önümleriniň, üzümiň we miweleriň dürli görnüşleriniň öndürilişini artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, oba hojalygyny sebitler boýunça ýöriteleşdirmek boýunça çäreler geçiriler, maliýe taýdan özüni ödemeýän daýhan birleşiklerini kärendesine, fermerçilige, ýerleri daýhanlara 50 ýyl we ondan hem uzak möhlete kärendesine tapgyrma-tapgyr bermek ýaly oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň bu we beýleki möhüm ugurlarynda özgertmeler geçiriler.
Ulag-aragatnaşyk toplumynyň möhüm wezipeleriniň hatarynda onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudagyň guramalaryny we kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak meseleleri bar.
Aragatnaşyk ulgamynda pudaga kompýuter tehnologiýalaryny ornaşdyrmak ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz älem giňişligine ýene-de bir emeli hemrany çykarmak meselesiniň üstünde işlemegiň möhümdigine ünsi çekip, munuň ilat üçin aragatnaşyk hyzmatlaryny, şol sanda Internet, telefon we ykjam aragatnaşyk bilen bagly hyzmatlary ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady.
Bilim we saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek täze institutlar, mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary üçin ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak ilkinji derejeli wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk bilen bagly meseleler barada aýdyp, häzirki döwürde Olimpiýa toplumynyň esasy desgalarynyň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny belledi hem-de bu desgalara hyzmat edýän işgärleri saýlap almagyň, olarda dürli halkara ýaryşlaryny geçirmegiň, tälimçilerimizi we türgenlerimizi taýýarlamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz milli sporty mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýaşlary bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmegiň zerurdygyny aýdyp, şu maksat bilen, iň täze we kämil usullary hem-de tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny peýdalanmagyň, tälimçileriň hem-de türgenleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady.
2017-nji ýylda oba ýerlerinde täze medeniýet öýlerini gurmak, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň esasy wezipeleriniň hatarynda teleradioýaýlymlarda berilýän habarlaryň we gepleşikleriň hilini ýokarlandyrmak, jemgyýetimizde bolup geçýän oňyn özgertmeleri giňden beýan etmek, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanýan üstünliklerini wagyz edip, dünýä ýaýmak meselelerini görkezdi.
Halkara syýahatçylyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek möhüm ugurlaryň biridir. Şunuň bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýene-de ýokary derejeli myhmanhanalary we ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmagyň, täze syýahatçylyk ugurlaryny taýýarlamagyň, şol ugurlarda häzirkizaman enjamlaryny ornaşdyryp, syýahatçylara oňat hyzmat edilmegini guramagyň wajypdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz söwdanyň häzirki zaman düzümlerini kemala getirmek, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek boýunça zerur işleri dowam etmegi tabşyrdy, şu ýyl hem döwletimiziň telekeçilige giňden goldaw berjekdigini belledi.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge aýratyn üns bermegiň, ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň dünýä bazarynda tutýan ornuny berkitmek, ykdysady ösüşiň çig mala esaslanýan ugruny tapgyrma-tapgyr azaltmak boýunça işleri geçirmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Gaýtadan işleýän senagatda ýokary hilli önümçiligiň ýola goýulmagyna, hyzmat ulgamynyň, ulag-aragatnaşyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn üns berler.
Ýakyn geljekde gurluşyk materiallarynyň önümçiligini ösdürmek, balyk hojalygy pudagynyň kärhanalaryny özgertmek boýunça çäreleri görmek, elektron senagatyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň depgini ýokarlandyrylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň maksatnamalaýyn çykyşynda kesgitlenilen täze iri möçberli meýilnamalar we uzakmöhletleýin taslamalar ýurdumyzyň baş strategiki maksatlara – Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek wezipelerini amala aşyrmak ugrunyň dowamy bolup durýar.
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylary wezipä bellemek barada birnäçe çözgütleri kabul etdi, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri baradaky Düzgünnamany tassyklamak hakyndaky”, «Türkmenistanda 2017-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmegi üpjün etmek hakyndaky», «Ýurdumyzda 2017-nji ýylda bag ekmek hakyndaky» Kararlara gol çekdi,welaýatlar boýunça 2017-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň hem-de önümleri öndürmegiň meýilnamasyny tassyklady.
Şeýle hem şu ýyl welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde sarp edijileriň suwdan peýdalanmagynyň bellenilen möçberi tassyklanyldy, pudak edaralaryna, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine hem-de daýhan birleşiklerine oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek we gurluşyk işleri hem-de beýleki önümçilik maksatlar üçin ýer böleklerini bermek barada tabşyryk berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň Farap etrabyny geçirilen bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan etmek hem-de ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak baradaky Buýruga gol çekdi.
11-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Hemişelik wekili hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili hanym Ýelena Panowany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Söhbetdeşligiň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine hem-de Durnukly Ösüşiň maksatlaryna ýetilmegine gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. BMG Türkmenistanyň ilkinjileriň biri bolup bu maksatlary milli meýilnamalarda öňe sürüp başlandygyny ykrar edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Maligi kabul etdi. Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň sebit we ählumumy derejede ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýeti bellenildi. Türkmen elektrik energiýasyny Pakistana ibermek boýunça taslama we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň beýleki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreler dowam edýär, şonuň barşynda ýurdumyzyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýär.
Geçen hepdede döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary Maksat Annanepesow Ahal we Balkan welaýatlarynda saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär, Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Jumanazar Annaýew hem Ahal welaýatynyň saýlawçylarynyň öňünde maksatnamasy bilen çykyş etdi. Dalaşgärler bilen duşuşyklara welaýatlaryň häkimlikleriniň ýolbaşçylary, kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Ynanylan wekiller saýlawçylary dalaşgärleriň terjimehallary, şahsy we işewür häsiýetnamalary bilen tanyşdyrdy. Ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler ýygnananlaryň köpsanly soraglaryna jogap bermek bilen, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň düzgünlerini jikme-jik düşündirdiler.
Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlawlar boýunça milli synçylar hasaba alyndy, olar saýlawlaryň geçirilişine gözegçiligi amala aşyrar. Saýlaw toparlarynda olara şahadatnamalar gowşuryldy. Şu güne çenli ýurdumyz boýunça synçylaryň 3 müň 223-si hasaba alyndy.
Milli kanynçylyga laýyklykda, saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreler aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda giň demokratik esaslarda, ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ählisi üçin deň şertlerde geçirilýär.
Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny ösdürmek boýunça ägirt uly wezipeleri üstünlikli çözýändigini hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine täze belentliklere tarap okgunly öňe barýandygyny aýdyň görkezýär.