Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

view-icon 925
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewe Bişkek şäherindäki “Manas” howa menziliniň golaýynda ýük uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary barada dileglerini beýan etdi.