Ï Türkmenistanda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň ilçisi işläp başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

view-icon 921
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kim Hen Çžundan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan jenap Kim Hen Çžuny ýurdumyzda diplomatik işine başlamagy bilen gutlap, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

KHDR-iň doly ygtyýarly wekili mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna iberen salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmen halky bu gün Berkarar döwletiniň bagtyýarlyk döwründe ägirt uly özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýar.

Duşuşygyň barşynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän durmuş ugurly içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bu syýasat ýurdumyza halkara giňişliginde uly abraý hem-de ählumumy hormat getirdi. Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda—iri halkara we abraýly sebit guramalarynyň ugry boýunça dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Döwlet ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin esas bolup durýan kanunçykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek hem-de milli kadalaşdyryjy—hukuk binýadyny berkitmek maksadynda yzygiderli geçirilýän düýpli özgertmelere hem-de türkmen parlamentiniň işlerine aýratyn üns berildi.

Düýpli pikir alyşmalaryň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmanyň we taýýarlygyň bardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi iki döwletiň eýe bolan mümkinçiliklerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan wezipelerini nazara almak bilen, Türkmenistanyň we KHDR-iň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge goşant goşmaga çalyşjakdygyny aýtdy.

* * *

Şeýle hem şu gün Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.