Ï Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi

view-icon 1256
Paýtagtymyzda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary A.Ramatowyň ýolbaşçylygynda goňşy döwletiň uly wekiliýeti Aşgabada geldi.

Myhmanlar döwletara hyzmatdaşlyk meselelerine örän uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin kabul edýän tarapa sagbolsun aýtdylar.

Birnäçe pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň we esasy hünärmenleriniň hem-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagyndaky mejlis iki doganlyk halkyň bähbitlerine hem-de bar bolan ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri has doly durmuşa geçirmäge bütinleý gabat gelýän türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ýygjamlaşdyrmagyň wezipelerine bagyşlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn özara hereketleriň strategik ugurlaryna esasy üns jemlenildi. Ýangyç-energetika ulgamy şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň has iri taslamasy 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga tabşyrylan XXI asyryň ägirt uly taslamasy bolan Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisidir. Bu ugur boýunça türkmen tebigy gazy Hytaýa iberilýär.

Mälim bolşy ýaly, goňşy döwlet ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça biziň ýurdumyzyň başlangyjyny goldaýar. Özbegistan “Orta Aziýa—Ýakyn Gündogar” (Özbegistan —Türkmenistan — Eýran — Oman) täze ulag-üstaşyr geçelgesini döretmäge örän işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi halkara üstaşyr ýük akymlaryny ep-esli artdyrmaga hem-de dünýä bazarlaryna çykmaga isleg bildirilýän ýene-de bir ugry üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Taraplar ähmiýetli bolan beýleki ugurlarda-da özara hereket etmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady aragatnaşyklar durnukly oňyn depgine eýe boldy diýip nygtadylar. Muňa bolsa özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlanýandygy şaýatlyk edýär. Taraplar bar bolan mümkinçilikleri has doly peýdalanmagyň zerurdygyna düşünip, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Onuň işi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreleriň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegine gönüden-göni ýardam berýär.

Ykdysady ulgama degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy bilen bir hatarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky däp bolan aragatnaşyklara hem uly üns berildi. Bu bolsa iki goňşy halkyň ençeme asyrlaryň dowamynda taryhy taýdan emele gelen ruhy-medeni umumylygy bilen şertlenendir. Taraplar ylym-bilim gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak hem-de sport we syýahatçylyk ulgamynda özara hereketleri ösdürmek barada hem pikirlerini aýtdylar.

Mejlise gatnaşyjylar soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni özara bähbitleri ileri tutup, gatnaşyk etmegiň anyk ulgamlaryny kesgitlän möhüm täze resminamalaryň ýetirendigini kanagatlanma bilen belläp, işewür gatnaşykary giňeltmäge yzygiderli ymtylýandygyny tassykladylar. Muňa dürli derejede ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli geçirilmegi ýardam berýär. Hususan-da, bu ýere ýygnananlar bilelikde işlemegiň möhüm ugurlaryny hem-de mundan beýläkki meýilnamalary kesgitlemäge mümkinçilik berýän şunuň ýaly duşuşyklaryň wajypdygyny nygtap, hökümetara toparynyň işiniň taraplaryň hoşniýetli erkine we özara hormat goýmagyň hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesine daýanýan netijeli türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.